Markusyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16


Bap 2

Bir näçe gün soň ýene Kapernauma gelende, Isanyň öýdedigi eşidildi.
2 Üýşüşen adamlar şeýle bir köpdi welin, gapynyň agzynda-da ýer ýokdy. Isa olara Hudaýyň sözüni aýdyp durdy.
3 Şonda Onuň ýanyna dört adam tarapyndan göterilip getirilen bir ysmazy alyp geldiler.
4 Märeke zerarly Isanyň ýanyna ýakynlaşyp bilmän, Onuň duran jaýynyň üçegini açyp, ysmazy düşegi bilen deşikden aşak düşürdiler.
5 Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Oglum, seniň günäleriň ötüldi» diýdi.
6 Ol ýerde oturan kanunçylaryň käbiri bolsa:
7 «Bu Adam näme üçin beýle gepleýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär! Günäleri ýalňyz Hudaýdan başga kim ötüp biljek?» diýip, içlerini gepletdiler.
8 Isa derrew beýle oýlanýandyklaryny ruhunda syzyp, olara şeýle diýdi: «Näme içiňizi beýle gepledýärsiňiz?
9 Ysmaza haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi" diýmekmi ýa-da „Tur, düşegiňi al-da ýöre" diýmek?
10 Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge ygtyýarynyň barlygyny biler ýaly...» diýdi-de, ysmaz bolan adama:
11 «Saňa diýýärin: tur, düşegiňi al-da, öýüňe git» diýdi.
12 Ol hem ýokaryk turdy-da, derrew düşegini alyp, hemmeleriň gözüniň alnynda çykyp gitdi. Bary haýran galyşyp, Hudaýy şöhratlandyryp: «Biz beýle zady asla görmändik» diýişdiler.
13 Isa çykyp, ýene kölüň ýakasyna gitdi. Bütin halaýyk Onuň ýanyna geldi, Ol hem olara sapak berdi.
14 Ol geçip barýarka, gümrükhanada oturan Alfaýyň ogly Lewini görüp oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.
15 Ol Lewiniň öýünde saçak başynda otyrka, Isa we Onuň şägirtleri bilen birlikde birentek salgytçylar we günäkärler-de otyrdylar. Çünki Onuň yzyna düşüp gidenleriň sany köpdi.
16 Fariseýler we kanunçylar Isanyň günäkärdir salgytçylar bilen bile nahar iýip oturanyny görenlerinde, şägirtlerinden: «Ol näme üçin salgytçylar we günäkärler bilen bile iýip-içýär?» diýip soradylar.
17 Isa muny eşideninde olara: «Tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir. Men dogry adamlary däl, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» diýdi.
18 Ýahýanyň şägirtleriniň we fariseýleriň agyzlary orazaka, käbir adamlar gelip, Oňa: «Näme üçin Ýahýanyň şägirtleri, fariseýleriň şägirtleri oraza tutýarlar-da, Seniň şägirtleriň oraza tutmaýarlar?» diýdiler.
19 Isa olara şu gaýtargyny berdi: «Giýew ýanlarynda barka, toýdakylar oraza tutup bilermi? Giýew ýanlaryndaka, oraza tutup bilmezler.
20 Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda, şol gün olar oraza tutarlar.
21 Hiç kim köne eşige täze matadan ýama salmaz. Ýogsa, täze ýama köne eşikden gopup, ýyrtyk has hem erbet bolar.
22 Hiç kim-de täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa, şerap meşikleri ýaryp döküler, meşikler-de zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr».
23 Bir Sabat güni Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýardy. Onuň şägirtleri ýolda barýarkalar, bugdaý başlaryny ýolmaga başladylar.
24 Fariseýler Isa: «Seret, näme üçin Sabat güni etmesiz zady edýärler?» diýdiler.
25 Isa olara şeýle gaýtargy berdi: «Siz özi we ýanyndakylar aç hem mätäç galanlarynda, Dawudyň näme edenini asla okamadyňyzmy?
26 Ol baş ruhany Abiýataryň zamanynda Hudaýyň öýüne bardy, Hudaýa hödürlenen, ruhanylardan başga hiç kimiň iýmeli däl çöreklerini alyp iýdi, ýanyndakylara hem berdi».
27 Ýene olara: «Adam Sabat güni üçin däl, eýsem, Sabat güni adam üçin döredildi.
28 Şonuň üçin, Ynsan Ogly Sabat gününiň-de Rebbidir» diýdi.