Ysraýyl serdarlary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 9

Ýerubagalyň ogly Abymelek Şekeme baryp, daýylaryna we öz ejesiniň ähli kowumlaryna ýüzlenip:
2 «Şekemiň ähli ilatyna şuny ýetiriň. Size Ýerubagalyň ýetmiş oglunyň ýolbaşçylyk edeni gowumy ýa bir adamyň? Meniň öz süýegiňizden we teniňizdendigimi unutmaň» diýdi.
3 Onuň daýylary muny Şekemiň ilatyna ýetirip, olary ynandyrdylar, olaryň göwünleri Abymelege tarap öwrüldi. «Ol biziň doganymyz ahyryn» diýdiler.
4 Olar Abymelege Bagalberit buthanasyndan ýetmiş kümüş teňňe alyp berdiler. Belli bir işiň başyny tutman, işsiz, göwne gelenini edip, göwün hoşlap gezip ýören adamlara Abymelek şol kümüşleri berip, olary hakyna tutdy-da, öz yzyna düşürdi.
5 Abymelek Opra galasyna öz atasynyň öýüne geldi we Ýerubagalyň ýetmiş ogluny, ýagny öz doganlaryny bir daşyň üstünde öldürdi. Diňe Ýerubagalyň iň kiçi ogly Ýotam gaçyp gizlenendigi sebäpli diri galdy.
6 Şekemiň ähli ilaty we Beýtmillonyň ilatynyň hemmesi baryp, Şekemiň golaýyndaky dub agajynyň ýanynda Abymelegi patyşa diýip yglan etdiler.
7 Bu hakda Ýotama gürrüň berenlerinde, ol Gerizim dagyna gidip, onuň depesine çykdy-da, belent ses bilen gygyryp, şeýle diýdi: «Eý, Şekemiň ilaty! Meni diňläň, eger şeýtseňiz, Hudaý hem siziň dilegiňizi diňlär.
8 Günlerde bir gün agaçlar özlerine patyşa saýlamakçy boldular. Olar zeýtun agajyna ýüzlenip: „Bize patyşa bol“ diýipdirler.
9 Zeýtun olara: „Men hudaýlara we adamlara berýän hezzetli ýagymy taşlap, başga agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“ diýip jogap beripdir.
10 Soňra agaçlar injir agajyna: „Gel-de, sen bize patyşa bol“ diýip ýüz tutupdyrlar.
11 Injir olara: „Men özümiň şirin-şeker iýmişimi taşlap, agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“ diýip jogap beripdir.
12 Soň olar üzüm agajyna: „Gel-de, biziň üstümizden patyşalyk et“ diýipdirler.
13 Üzüm agajy olara: „Men näme hudaýlaryň we adamlaryň göwnüni göterýän şirin-şerbetimi taşlap, agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“ diýip jogap beripdir.
14 Iň soňunda ähli agaçlar tikenli agaja: „Bize sen patyşa bolaý“ diýipdirler.
15 Tikenli agaç beýleki agaçlara bakyp: „Eger siz meniň, hakykatdan hem, özüňize patyşa bolmagymy isleýän bolsaňyz, onda meniň saýamda bukulyň. Eger şeýtmeseňiz, onda tikenli agaçdan ot çykyp, Liwanyň kedr agaçlaryny ýakyp-ýandyrar“ diýipdir.
16 Ine, indi bir seredip görüň, çynyňyz bilen ak ýürekden Abymelegi patyşa saýladyňyzmy? Ýerubagaly hem onuň öýüni nätdiňiz, onuň haýyrly işlerine laýyk gelýän iş etdiňizmi?
17 Meniň kakam siz üçin söweşdi, öz janyny gaýgyrmady. Ol sizi midýanlaryň elinden halas etdi.
18 Indi siz meniň kakamyň öýündäkileriniň garşysyna gidip, onuň ýetmiş ogluny bir daşyň üstünde öldürdiňiz, onuň gyrnagyndan bolan ogly Abymelegi bolsa Şekemiň ilatynyň üstünden patyşa edip goýduňyz, sebäbi ol siziň doganyňyz.
19 Eger çynyňyz bilen ak ýürekden Ýerubagal bilen onuň maşgalasyna dogry iş eden bolsaňyz, onda Abymelege şatlanyň, ol hem size şatlansyn.
20 Emma beýle etmedik bolsaňyz, onda, goý, Abymelekden ot çykyp, Şekemiň we Beýtmillonyň ilatyny ýaksyn. Şekemiň we Beýtmillonyň ilatyndan ot ýaýrap, Abymelegi köýdürsin».
21 Soňra Ýotam Beýere gaçyp gitdi we ol ýerde dogany Abymelekden gizlenip ýaşady.
22 Abymelek Ysraýyla üç ýyl ýolbaşçylyk etdi.
23 Hudaýyň emri bilen Şekemiň ilaty Abymelegiň garşysyna gidip başlady.
24 Bu Ýerubagalyň ýetmiş oglunyň nähak ganyny döken Abymelekden we oňa muny etmäge goltgy beren Şekem ilatyndan ar almak üçin şeýle boldy.
25 Şekemliler dagyň ýokarsynda talaňçylary goýdular. Olar özleriniň deňinden geçýänleriň ählisini taladylar. Bu barada Abymelege habar ýetirildi.
26 Abymelege garşy çykan Ýebediň ogly Gagal öz doganlary bilen Şekeme geldi. Şekemiň ilaty olara bil baglady.
27 Olar meýdana çykyp, öz üzümlerini ýygdylar. Üzüm ýenjilýän soky bilen ýenjip, sykyp suwuny aldylar. Baýram etdiler, öz hudaýlaryna sežde etdiler. Iýip-içip, Abymelegi näletlediler.
28 Gagal şonda: «Biz Abymelege gulluk eder ýaly, Abymelek kim? Biz nähili adam ekenik? Onuň atasy Ýerubagal dälmi? Onuň ýolbaşçysy Zebul dälmi? Gowusy, şekemlileriň atasy Hamoryň kowumlaryna gulluk ediň, Abymelege gulluk etmek nämä gerek?
29 Eger-de halk Abymelegi meniň elime berse, men ony kowardym we Abymelege: „Öz esgerleriňiň sanyny köpelt-de, söweşe çyk“ diýerdim» diýdi.
30 Gagalyň aýdan sözlerini eşidende, galanyň ýolbaşçysy Zebulyň gahary kekirdegine geldi.
31 Ol hilegärlik bilen Arumadaky Abymelege gizlin şeýle habar iberdi: «Ine, Gagal we onuň doganlary Şekeme gelip, halky seniň garşyňa aýaga galdyrýarlar.
32 Siz şeýle ediň: özüň we ýanyňdakylar gije turuň-da, meýdanda bukuda esgerleri oturdyň.
33 Irden, Gün doguberende, turuň-da, gala hüjüm ediň, Gagal we onuň ýanyndaky adamlar öňüňizden çykanda, sen olary aýaman, eliňde baryny et».
34 Gije Abymelek we onuň ýanyndaky adamlar Şekemiň golaýynda dört bölek edip, esgerlerini goýdular.
35 Gagal gelip, galanyň derwezesiniň ýanynda durdy. Abymelek hem-de bukuda oturan adamlar bukudan çykyp ýörediler.
36 Gagal gelýän adamlary görüp, Zebula: «Ana, dagyň ýokarsyndan adamlar aşak inip gelýärler» diýdi. Zebul oňa: «Dagyň kölegesi saňa adam bolup görünýändir» diýdi.
37 Gagal ýene-de: «Ine, adamlar beýikden aşak inip gelýärler. Bir bölümiň esgerleri palçynyň dub agajyndan bärik gelýärler» diýdi.
38 Zebul oňa: «Hany indi seniň „Biz Abymelege gulluk eder ýaly, ol kimmişin?“ diýen diliň nirede? Bular seniň şol äsgermedik adamlaryň dälmi näme? Bar indi, çyk-da, olar bilen söweş-dä!» diýdi.
39 Gagal Şekem ilatynyň öňüne düşüp gitdi-de, Abymelek bilen söweşdi.
40 Abymelek onuň yzyndan kowalady; Gagal ondan gaçdy. Gala derwezesine çenli aralykda bolan söweşde köp adam gyryldy.
41 Abymelek Arumada galdy. Zebul Gagaly we onuň doganlaryny Şekemden çykaryp kowdy.
42 Ertesi halk ekin meýdanyna çykdy. Bu barada Abymelege habar berdiler.
43 Ol öz adamlaryny alyp, olary üç bölüme böldi-de, meýdanda bukuda oturtdy. Halkyň galadan çykanyny görüp, duýdansyz olaryň üstüni basyp, olary gyrdyrdy.
44 Abymelek we onuň ýanyndaky goşun bölümi galanyň derwezesiniň agzyna tarap süýşende, onuň beýleki iki bölümi meýdandakylaryň üstüne çozup, olary gyrdylar.
45 Abymelek uzynly gün söweşdi we galanyň ilatyny gyryp, galany weýran etdi we ol ýere duz sepdirdi.
46 Şekem diňinde galan adamlar muny eşidip, ählisi Eýlberit buthanasynyň iň berk gorag ýerine girdiler.
47 Şekem diňindäkileriň hemmesiniň Eýlberite ýygnanandyklaryny Abymelege aýtdylar.
48 Şonda Abymelek we onuň ýanyndaky adamlar Salmon dagyna gitdiler. Abymelek öz ýany bilen palta äkidip, agaç şahalaryny çapdy-da, öz egniniň üstüne aldy we ýanyndakylara: «Men näme eden bolsam, derrew siz hem şony ediň» diýdi.
49 Esgerleriň her biri agaç çybyklaryny çapyp, Abymelegiň yzy bilen gitdiler we çybyklary diňiň töweregine üýşürip, ony otladylar. Şekem diňindäki müňe golaý erkekler we aýallar öldüler.
50 Soňra Abymelek gidip, Tebez diýen galany gabady we ony eýeledi.
51 Galanyň ortarasynda berk diň bardy. Aýal-erkek, umuman, galanyň ilatynyň hemmesi şol ýere gaçdylar. Olar diňiň içine girip, gapylaryny beklediler we onuň depesine çykdylar.
52 Abymelek diňiň ýanyna gelip, onuň daşyny gabady, ony otlamak üçin gapylarynyň ýanyna bardy.
53 Şonda bir aýal degirmen daşyny Abymelegiň kellesinden zyňyp, onuň kelleçanagyny döwdi.
54 Abymelek şol mahal öz ýanyndaky ýarag göterýän ýetginjegini çagyrdy-da, oňa: «Gylyjyňy ýalaňaçla-da, meni öldür, men barada „Ony aýal öldürdi“ diýlen gürrüň ýaýramasyn» diýdi. Ýetginjek dessine oňa gylyjyny saldy, ol jan berdi.
55 Abymelegiň ölenini gören ysraýyllaryň hersi öz öýli-öýüne dolandy.
56 Şeýdip, Abymelegiň öz ýetmiş sany doganyny öldürip, atasynyň öýüne eden hyýanatçylygyny Hudaý onuň özüne görkezdi.
57 Şekemiň ilatynyň eden ähli jenaýatçylygyny Hudaý olaryň öz başlaryna saldy. Olary Ýerubagalyň ogly Ýotamyň gargyşy tutdy.