Ysraýyl serdarlary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 14

Günlerde bir gün Şimşon Timna gidende, piliştli bir gyzy gördi.
2 Ol baryp, öz ejesine we kakasyna: «Men Timnada piliştli gyzlardan birini gördüm. Şony maňa alyp beriň» diýdi.
3 Emma ejesi bilen kakasy oňa: «Näme üçin sen sünnetsiz piliştli halkdan gyz aljak bolýarsyň? Näme özli-özüňde, tutuş ilimizde sen öýlener ýaly gyz ýokmy?» diýdiler. Şimşon kakasyna: «Maňa şony alyp ber, sebäbi ol meniň göwnüme ýarady» diýdi.
4 Bu işiň Reb tarapyndan bolýandygyny, piliştlileriň garşysyna çykmak üçin, Onuň amatly pursaty gözleýändigini Şimşonyň ejesi bilen kakasy bilmeýärdi. Şol wagtlar ysraýyllaryň üstünden piliştliler höküm sürýärdi.
5 Şimşon, onuň ejesi we kakasy Timna tarap ugradylar. Olar Timnadaky üzümçilikden geçip barýarkalar, Şimşon bir ýaş ýolbarsyň arlaýan sesini eşitdi.
6 Şimşona uly güýç bilen Rebbiň ruhy siňdi, ol ýolbarsy edil bir owlajygy bölekleýän ýaly edip, düýt-müýt etdi; onuň elinde hiç zat ýokdy. Ol bu eden işini ejesine-kakasyna aýtmady.
7 Baryp, ol gyz bilen gepleşdi; ol Şimşonyň göwnüne ýarady.
8 Birnäçe günden soň Şimşon ol gyza öýlenmek üçin gideninde, ol şol ýolbarsyň maslygyny görmek üçin sowuldy. Seretse, ýolbarsyň maslygynda bal arylaryň öýjügi hem-de bal bar eken.
9 Ol baldan goşawujyny dolduryp, ýolboýy ýalap iýip gitdi, ejesiniň we kakasynyň ýanyna gelende olara-da berdi. Olar hem iýdiler, emma baly ýolbarsyň maslygyndan alandygyny Şimşon olara aýtmady.
10 Şimşonyň kakasy gyzyňka geldi, Şimşon şol ýerde, adatça, öýlenýän ýigitleriň edişi ýaly ýedi günläp toý tutdy.
11 Toý başlananda, onuň ýanynda bile bolar ýaly, oňa otuz sany dost saýladylar.
12 Şimşon olara: «Men size bir matal aýtjak; eger siz ony maňa toýuň ýedi gününiň dowamynda dogry çözüp berseňiz, onda men size otuz sany nepis don hem-de otuz laý köýnek bererin.
13 Eger-de çözüp bilmeseňiz, onda siz maňa otuz sany nepis don we otuz laý köýnek berersiňiz» diýdi. Olar Şimşona: «Matalyňy aýt, eşideli» diýdiler.
14 Şimşon olara matalyny aýtdy: «Iýegenden iýmit çykdy, Güýçlüden şüýjülik çykdy». Mataly üç günläp çözüp bilmediler.
15 Dördünji gün diýlende, olar Şimşonyň aýalyna: «Adamyňy yr, ol bize mataly çözüp bersin; ýogsam, özüňi-de, kakaňyň öýüni-de otlarys, siz bizi iň soňky zadymyza çenli talap, gedaý goýmak üçin çagyrypmydyňyz?» diýdiler.
16 Şimşonyň aýaly adamsynyň ýanynda aglap: «Sen meni ýigrenýärsiň, meni söýmeýärsiň, meniň ilimiň ýigitlerine matal aýtdyň, maňa ony çözüp bereňok» diýdi. Şimşon oňa: «Öz ejeme, kakama çözüp beripdirinmi, saňa çözüp berer ýaly» diýdi.
17 Onuň aýaly toýuň bütin dowamynda, ýedi günläp aglady. Aýaly özelenip duransoň, ahyrsoňunda, ýedinji gün diýende Şimşon oňa matalyň çözgüdini aýtdy. Şimşonyň aýaly öz iliniň ýigitlerine matalyň çözgüdini aýdyp berdi.
18 Ýedinji gün diýlende, Gün batmazdan öň, ýigitler Şimşonyň ýanyna gelip: «Baldan süýji, ýolbarsdan güýçli näme bar» diýdiler. Şimşon olara: «Siz meniň göläm arkaly ýer sürmedik bolsaňyz, mataly çözüp bilmezdiňiz» diýdi.
19 Oňa Rebbiň ruhy siňdi, ol Aşkelona gidip, ol ýerde otuz adamy öldürdi. Olaryň eşigini sypyryp aldy-da, mataly çözenlere bir laý köýnek getirip berdi. Onsoň ol gazaba münüp, öz kakasynyň öýüne gaýtdy.
20 Şimşonyň aýalyny bolsa, ol öýlenende, oňa iň ýakyn dost bolup oturana durmuşa çykardylar.