Bap 2
Rebbiň perişdesi Gilgaldan Bokyma gelip, şeýle diýdi: «Men sizi Müsürden çykaryp, ata-babalaryňyza söz beren ýurduma getirdim. Men şol mahal Özümiň siz bilen eden ähtimi asla bozmajakdygymy we
2 bu ýurduň ilaty bilen siziň äht edişmeli däldigiňizi, olaryň gurbanlyk sypalaryny ýykyp-ýumurmalydygyňyzy aýdypdym. Ýöne siz sözüme gulak asmadyňyz. Bu näme etdigiňiz boldy?
3 Şonuň üçin hem indi Men size şuny aýdýaryn: Men olary siziň öňüňizden kowmaryn. Olar size duşman bolarlar, olaryň hudaýlary size duzak bolarlar».
4 Rebbiň perişdesi bu sözleri aýdanda, ähli ysraýyllar möňňürip aglaşdylar.
5 Şonuň üçin olar bu ýeriň adyna Bokym goýdular we şol ýerde Rebbe gurbanlyk berdiler.
6 Ýeşuwa adamlary öýli-öýüne ugradandan soň, ysraýyllar özlerine ýurtdan mülk berlen ýerlerine eýelik etmek üçin gitdiler.
7 Ýeşuwa dirikä-de, ol ölenden soň hem, şol ýerde ömür sürüp, Rebbiň Ysraýyla eden ähli ägirt işlerini gözi bilen gören ýaşulularyň döwründe-de halk Rebbe gulluk etdi.
8 Rebbiň guly Nun ogly Ýeşuwa ýüz on ýaşap öldi.
9 Ony Gagaş dagynyň demirgazyk tarapyndaky Efraýym daglygynda, Timnaheresdäki öz mülkünde jaýladylar.
10 Şeýlelik bilen, tutuş bir nesil çalyşdy we öňki nesliň deregine Rebbi bilmeýän we Onuň Ysraýyl üçin eden işlerinden habarsyz başga bir nesil kemala geldi.
11 Soňra ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini edip, Bagal butlaryna gulluk etdiler.
12 Olar ata-babalaryny Müsürden çykaran öz Hudaýy Rebbi terk edip, daş-töweregindäki ähli goňşy milletleriň hudaýlaryna sygyndylar, olara baş egip sežde etdiler. Şeýdip, olar Rebbiň gaharyny getirdiler.
13 Olar Rebbi terk edip, Bagal hem-de Aştoret butlaryna gulluk etdiler.
14 Rebbiň ysraýyllara gahary geldi. Reb olary talaňçylaryň eline berdi, olary taladylar. Reb olary çar tarapdan duşmanlaryň eline berdi. Olar duşman öňünde uzak durup bilmediler.
15 Rebbiň ant içip söz berşi ýaly, olar nirä söweşmäge çyksalar, Reb ysraýyllara garşy boldy. Ysraýyllar gaty köp ejir çekdiler.
16 Ysraýyllary talaňçylaryň elinden halas etmek üçin Reb serdarlar saýlap çykardy.
17 Emma olar serdarlara-da gulak asman, Rebbe biwepalyk edip, başga hudaýlara sežde etdiler; Rebbiň buýruklaryny ýerine ýetiren ata-babalarynyň yzyna eýermän, gaýtam olaryň ýolundan juda tiz çykdylar.
18 Reb olar üçin ýolbaşçy serdary çykaranda, Reb serdar bilen bile bolardy, serdaryň ähli ýaşan ömründe, Reb ysraýyllary duşmanlarynyň elinden halas ederdi. Çünki olar sütemiň we zulmuň goly astynda bolanlarynda, Reb olara rehim ederdi.
19 Emma serdar ölen badyna, olar ýene öňki ýollaryna dolanýardylar, ata-babalaryndan beter bozulýardylar; başga hudaýlara gulluk edip, olara sežde ederdiler. Şeýdip, olar tekepbirlik bilen özleriniň bet işlerinden el üzmediler.
20 Şoňa görä Rebbiň ysraýyllara gahary gelip, şeýle diýdi: «Bu halk olaryň ata-babalary bilen Meniň eden ähtimi bozdy, sözüme gulak asmady,
21 şu sebäpden Ýeşuwa ölmezden öň, kowulman galan halklaryň hiç birini-de, indi Men olaryň öňünden kowmaryn.
22 Şeýdip, olary şu halklar bilen synap görjek, ata-babalary ýaly olar hem Rebbiň ýolundan ýörärlermikä ýa-da ýok?»
23 Reb bu halklary birbada kowup çykarmady. Olara Ýeşuwanyň ygtyýaryna berilmedik ülkelerde galmagyna rugsat berdi.