Ysraýyl serdarlary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 10

Abymelekden soň Ysraýyly halas etmek üçin ysakar tiresinden Dodonyň agtygy Puwanyň ogly Tola aýaga galdy. Ol Efraýym daglygynda ýerleşýän Şamyr diýen ýerde efraýymlaryň arasynda ýaşady.
2 Ol ýigrimi üç ýyl Ysraýyla serdar boldy. Soňra ol dünýäden ötdi, ony Şamyrda jaýladylar. Ýaýyr serdar
3 Ondan soň, Ysraýyla ýigrimi iki ýyllap Gilgatly Ýaýyr serdar boldy.
4 Onuň otuz ogly bardy; olar otuz eşekli bolup, hersi bir eşek münýärdi. Olar Gilgadyň otuz galasyna öz hökümlerini ýöredýärdiler. Henize çenli şol galalar Hawwosýaýyr diýlip atlandyrylýar.
5 Ýaýyr aradan çykanda, ony Kamon galasynda jaýladylar.
6 Ysraýyllar ýene Rebbiň ýigrenýän işlerini edip başladylar. Ysraýyllar Bagal bilen Aştoret butlaryna hem-de Aramyň, Sidonyň, Mowabyň, ammonlaryň, piliştlileriň hudaýlaryna gulluk edip başladylar. Rebbi bolsa terk etdiler, Oňa gulluk etmediler.
7 Şonuň üçin Rebbiň Ysraýyla gahary geldi. Ol ysraýyllary piliştlileriň we ammonlaryň eline berdi.
8 Şol ýyl olar ysraýyllary dargadyp, olara gaty azar berdiler. Iordanyň gündogaryndaky Gilgatda, ýagny amorlaryň ýerinde ýaşaýan ähli ysraýyllara olar on sekiz ýyllap sütem etdiler.
9 Iň soňunda ýahuda, benýamin we efraýym tireleri bilen uruşmak üçin ammonlar Iordandan geçdiler. Ysraýyllar uly gaýgy-alada galdylar.
10 Olar Rebbe ýüzlenip: «Biz Seniň öňüňde günä etdik, öz Hudaýymyz Seni terk edip, bagallara gulluk etdik» diýip eňreşdiler.
11 Reb ysraýyllara şeýle diýdi: «Sizi müsürlileriň hem, amorlaryň hem, ammonlaryň hem, piliştlileriň hem elinden azat eden Men dälmi?
12 Sidonlar, amalekler we mowaplylar size sütem eden wagty Meni çagyranyňyzda, Men sizi olaryň elinden halas etdim.
13 Siz Meni unutdyňyz we başga hudaýlara gulluk etdiňiz, şonuň üçin Men size indi rehim etjek däl.
14 Baryň, öz saýlan hudaýlaryňyza ýüz tutuň, gysaja düşeniňizde, sizi, goý, şolar halas edibersinler».
15 Ysraýyllar Rebbe ýüzlenip: «Biz Seniň öňüňde günäli, bize islän jezaňy berip bilersiň, ýöne bu gün bizi halas et!» diýdiler.
16 Şeýdip, olar keseki hudaýlardan ýüz öwrüp, ýene Rebbe gulluk edip başladylar. Reb olara ýene-de dözmedi.
17 Ammonlar üýşüp, Gilgatda düşelge gurdular. Ysraýyllar ýygnanyp, Mispada düşelge gurdular.
18 Gilgat halkynyň tirebaşylary biri-birilerine: «Ammonlaryň garşysyna kim ilkinji bolup urşa başlasa, şol adam Gylgadyň tutuş ilatyna baştutan bolar» diýdiler.