Bap 18
Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy. Danlar özlerine ýaşar ýaly ýer gözleýärdiler, sebäbi şol wagta çenli ysraýyllaryň tireleriniň arasynda olaryň mülk paýy heniz paýlanmandy.
2 Danlar öz urugyndan, Sora hem Eştawol galalaryndan bäş sany daýaw erkek adamy ýer gözlemek hem-de maglumat toplamak üçin gizlinlikde ugratdylar. Olara: «Baryň, assyrynlyk bilen ýer gözläň» diýdiler. Olar Efraýym daglygyna, Mikanyň öýüne gelip ýetdiler we gijäni şol ýerde geçirdiler.
3 Mikanyň öýünde bolanda, olar lewi ýigidini onuň sesinden tanadylar-da, içerik girdiler we ondan: «Seni bu ýere kim getirdi? Bu ýerde sen näme işleýärsiň? Näme sebäpden sen bu ýerde?» diýip soradylar.
4 Bu ýigit olara Mikanyň özüne edenlerini aýtdy. «Men hakyna işe durdum, men onuň ruhanysy» diýdi.
5 Olar ruhana: «Sen Hudaýdan sorap, bize bilip ber, biz özümiziň ýolumyzyň şowly boljagyna-bolmajagyna göz ýetireli» diýdiler.
6 Ruhany olara: «Arkaýyn gidiberiň, siziň ýoluňyz Rebbiň nazarynda» diýdi.
7 Bu bäş adam ol ýerden gaýdyp, Laýyşa geldi. Onuň ilatynyň sidonlylar ýaly parahat we asuda ýaşaýandygyny, olary sidonlaryň dolandyrýandygyny gördüler. Olaryň hemme zady bardy. Olar asuda we aladasyz ýaşaýardylar. Olar sidonlardan uzakda ýaşaýardylar we hiç kim bilen aragatnaşyk saklamaýardylar.
8 Soňra olar Sora hem-de Eştawola öz tiredeşleriniň ýanyna gaýdyp geldiler; tiredeşleri olardan: «Gurtmy, tilki?» diýip soradylar.
9 Olar: «Biz bir ýer gördük, topragy juda gowy. Siz näme beýle pikire batdyňyz, ikirjiňlenmäň-de, baryp, ol ýeri eýeläň.
10 Siz ol ýerde hiç bir aladasy bolmadyk halky görersiňiz. Olaryň ýeri-de örän giň. Hudaý olary siziň eliňize berendir. Ol ýerde asyl ýetmezçilik edýän zat ýok» diýdiler.
11 Danlardan bolan alty ýüz sany erkek adam ýaraglaryny dakynyp, Soradan we Eştawoldan çykyp ugradylar.
12 Olar baryp, Ýahudadaky Kyrýategarymda düşelge gurdular. Şoňa görä ol ýer henize çenli Mahanadan diýlip atlandyrylýar, bu Kyrýategarymyň günbatarydyr.
13 Olar bu ýerden efraýymlaryň ýaşaýan daglygyna tarap gitdiler we Mikanyň öýüniň ýanyna geldiler.
14 Laýyşy gözden geçirmäge öň gelip giden bäş adam öz doganlaryna: «Şu öýleriň birinde efot, oýma hem guýma but we başga butlar bar, siz şony bilýärsiňizmi? Indi näme etmelidigiňizi özüňiz biliň» diýdiler.
15 Bular ol ýere bardylar. Mikanyň topar bolup duran öýleriniň birinde bolýan lewi ýigidiniňkä girdiler, onuň bilen salamlaşdylar.
16 Ýaraglaryny dakynan alty ýüz sany dan adamlary derwezäniň agzynda durdular.
17 Ýer görmäge öňki gelen bäş adam öýe girip, efoty, oýma hem guýma buty we başga butlary aldylar. Ruhany derwezäniň agzynda ýaraglaryny dakynan alty ýüz adamyň ýanynda durdy.
18 Mikanyň öýüne girip, efoty, oýma hem guýma buty we başga butlary alanlarynda, ruhany olara: «Näme edýärsiňiz?» diýdi.
19 Olar ruhana: «Sem bol! Ýör biziň bilen git, bize ýaşululyk hem ruhanylyk edersiň. Diňe bir adama ruhanylyk etmek gowumy ýa-da Ysraýylyň tutuş bir tiresi bilen urugyna?» diýdiler.
20 Ruhany begenip, efoty, oýma hem guýma buty we başga butlary alyp, ýaňky gelen adamlar bilen gitdi.
21 Olar çagalary, mallary, ähli goşlary öňden goýberip, ýola düşdüler.
22 Olar Mikanyň öýünden uzaklaşyp başlanda, Mika danlar bilen söweşmäge goňşularyny çagyrdy. Olar danlaryň yzyndan kowaladylar,
23 olaryň yzyndan gygyrdylar. Danlar Mika tarap öwrülip: «Saňa näme gerek? Ýa urşasyň gelýärmi?» diýdiler.
24 Mika olara: «Siz meniň ýasadan hudaýlarym bilen ruhanymy alyp gitdiňiz. Hany indi maňa näme galdy? Ýene-de: „Näme gerek?“ diýip soraýarsyňyz» diýdi.
25 Danlar oňa: «Sem bol, ýogsam, biziň gaharymyzy getirersiň, onsoň özüňiň-de, tutuş maşgalaňyň-da janyny jähenneme ibereris» diýdiler.
26 Danlar öz ýollary bilen gidiberdiler, Mika bolsa olaryň özünden güýçlüdiklerini görüp, yzyna dolandy we öýüne gaýdyp geldi.
27 Danlar Mikanyň ýasan sežde edilýän zatlaryny hem-de onuň öýünde ýaşan ruhanyny alyp, Laýyşa tarap gitdiler. Ol ýere baryp parahat we aladasyz ýaşaýan halky gylyçdan geçirip, galany otladylar.
28 Ol ýerdäkilere kömek eden tapylmady, sebäbi olar Sidondan uzakdady, hiç kim bilen aragatnaşyk saklamaýardylar. Ol gala Beýtrehobyň golaýynda ýerleşýärdi, danlar galany täzeden gurdular-da, ol ýerde ýaşap başladylar.
29 Olar Ýakubyň ogly Danyň hatyrasyna ol gala Dan diýen at berdiler; galanyň öňki ady Laýyşdy.
30 Danlar sežde edilýän buty oturtdylar. Musanyň agtygy Gerşomyň ogly bolan Ýonatanyň özi we onuň ogullary tä ýurt ýesirlige alynýança danlara ruhanylyk etdiler.
31 Hudaýyň öýüniň Şiloda bolan wagtynyň bütin dowamynda, Mika tarapyndan ýasalan sežde edilýän but şol ýerde saklandy.