Ysraýyl serdarlary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 20

Soňra demirgazykda Dandaky, günortada Beýerşebadaky we gündogarda Gilgatdaky ähli ysraýyllar bu çagyryşa jogap berdiler. Olaryň hemmesi bir adam ýaly bolup, Mispada Rebbiň huzurynda ýygnanyşdylar.
2 Ysraýyllaryň ähli tireleriniň ýolbaşçylary Hudaýyň adamlarynyň ýygnagyna üýşdüler. Gylyçlaryny ýalaňaçlan dört ýüz müň sany esger hem şol ýerdedi.
3 (Benýaminler ysraýyllaryň Mispada üýşendiklerini eşitdiler). Ysraýyllar: «Nädip beýle masgaraçylyk bolup bildi?» diýip soradylar.
4 Lewi adam öldürilen aýalyň adamsy şeýle jogap berdi: «Men öz aýalym bilen benýaminleriň Gibga galasyna baryp, gije şol ýerde ýatdyk.
5 Gibganyň adamlary gije biziň ýatan jaýymyzyň daşyny gabadylar. Meni öldürjek boldular, meniň aýalymy masgaralap, tä ölinçä zorladylar, ol öldi.
6 Men aýalymy ol ýerden getirip, kesişdirdim-de, Ysraýylyň ähli ýerine iberdim, çünki Ysraýylda kada-kanuna laýyk gelmeýän, masgaraçylykly iş etdiler.
7 Ine, siz ysraýyllar, hemmäňiz şu bolan işe serediň hem-de şu ýerde netije çykaryň» diýdi.
8 Tutuş halk bir adam ýaly bolup turdy-da, şeýle diýdi: «Biziň hiç haýsymyz öz çadyrlarymyza gitmeris, öz öýümize dolanmarys.
9 Indi biz Gibgany, gör, näderis: bije atyp, onuň üstüne kimiň gitmelidigini saýlarys.
10 Ysraýyllaryň erkek adamlarynyň ondan birisi goşun üçin iýer-içer ýaly zatlar getirer, galanlarynyň hemmesi benýaminleriň Gibgada masgaraçylykly iş edendikleri üçin, olary jezalandyrmaga gider».
11 Ysraýyllar bir adam ýaly bolup, agzybirlik bilen Gibga galasynyň üstüne gitmek üçin ýygnandylar.
12 Ysraýyllaryň ähli tiresi benýaminlere wekil iberip: «Sizde nähili beýle nejis iş edilipdir.
13 Siz Gibgadaky şol azgyn adamlary biziň elimize tabşyryň, biz olary öldürip, erbetlikleri köki-damary bilen Ysraýyldan goparyp taşlarys» diýdiler. Emma benýaminler öz doganlary bolan ysraýyllary diňlemediler.
14 Benýaminler ysraýyllaryň garşysyna uruşmak üçin, benýaminlere degişli galalardan gelip, Gibga galasyna ýygnandylar.
15 Şol gün benýaminleriň galalaryndan ýygnanyp, naýzalaryny ýalaňaçlan esgerleriniň sany ýigrimi alty müň adam boldy. Ondan başga-da, Gibga galasyndan ýygnanan esgerleriň sany ýedi ýüz adamdan ybarat boldy.
16 Şol adamlaryň içindäki ýedi ýüz sany saýlama esger çepbekeýdi, olaryň sapan bilen atýan daşy saçyň taryna degmän geçmezdi.
17 Diňe benýaminler däl, eýsem, ysraýyllar-da gylyçlaryny ýalaňaçlapdylar, olaryň sany dört ýüz müň adamdan ybaratdy, hemmesi-de uruşmaga ukyplydy.
18 Ysraýyllar Beýtele bardylar-da: «Haýsymyz urşa ilki başlarys?» diýip, Hudaýdan soradylar. Reb: «Ýahuda öňürti başlar» diýdi.
19 Ysraýyllar ertesi irden Gibganyň ýanynda düşelge gurup ýerleşdiler.
20 Ysraýyllar benýaminleriň garşysyna çykdylar-da, Gibganyň golaýynda söweşmäge taýýarlanyp, nyzama durdular.
21 Benýaminler Gibgadan çykdylar, şol gün ýigrimi iki müň ysraýyly ýere ýazdylar.
22 Ysraýyllar Rebbiň huzuryna gelip, tä agşama çenli aglap ýas tutdylar we Ondan:
23 «Biz öz doganymyz bolan benýaminler bilen ýene-de söweşe girelimi?» diýip soradylar. Reb: «Olaryň garşysyna çykyň» diýdi. Ysraýyllar dogumlanyp, şol öňküsi gün baryp duran ýerlerinde ýene-de söweşmäge nyzama durdular.
24 Ysraýyllar ikinji gün diýlende benýaminleriň üstüne bardylar.
25 Benýaminler şol güni Gibgadan ysraýyllaryň garşysyna çykdylar we olar bu gezek on sekiz müň iň güýçli edermen ysraýyl urşujylaryny gylyçdan geçirdiler.
26 Şonda ähli ysraýyllar tutuş halk bolup, Beýtele bardylar. Olar oturyp, Rebbiň huzurynda agladylar we şol gün agşama çenli agyz beklediler. Mal soýup, Rebbe ýakma hem-de salamatlyk gurbanlygyny berdiler.
27 Hudaýyň Äht sandygy şonda şol ýerdedi we oňa Harunyň ogly Elgazaryň ogly Pinehas ýolbaşçylyk edýärdi. Ysraýyllar Rebden: «Doganymyz bolan benýaminleriň garşysyna söweşmäge gidelimi ýa-da ýok?» diýip soradylar.
28 Reb: «Gidiň, ertir Men olary siziň eliňize bererin» diýdi.
29 Ysraýyllar Gibganyň töwereginde bukuda adam goýdular.
30 Üçünji gün diýlende ysraýyllar benýaminleriň üstüne bardylar we söweşmek üçin Gibganyň ýanynda öňküleri ýaly nyzama durdular.
31 Benýaminler ysraýyllaryň garşysyna hüjüm edip, galadan daşlaşdylar-da, Beýtele tarap gidýän ýolda hem-de Gibga tarap ekin meýdanynyň üsti bilen geçýän ýoluň üstünde ysraýyllary ýene-de öňküsi ýaly öldürdiler. Ysraýyllardan otuza golaý adam öldürildi.
32 Benýaminler: «Biz olary öňki ýeňşimiz ýaly ýene ýeňeris» diýdiler. Ysraýyllar bolsa: «Olardan gaçaly-da, olaryň ünsüni ýollara tarap sowup, olary galadan daşlaşdyralyň» diýdiler. Şeýle hem etdiler.
33 Ähli ysraýyllar ýerlerinden turdular-da, Bagal-tamarada nyzama durdular. Ysraýyllaryň bukuda goýan adamlary Gibganyň günbatar tarapyndan bukudan çykdylar.
34 Gibganyň ýanyna Ysraýylyň ähli ýerinden saýlanyp alnanlaryň on müňüsi geldi we gazaply söweş başlandy, ýöne benýaminler entek özlerine betbagtlyk garaşýandygyny bilmeýärdiler.
35 Reb benýaminleri ysraýyllaryň öňünde ýeňlişe sezewar etdi. Şol gün ysraýyllar gylyçlaryny ýalaňaçlan ýigrimi bäş müň bir ýüz benýamini öldürdiler.
36 Benýaminler özleriniň ýeňilýändiklerine düşündiler. Ysraýyllar öz orunlaryny benýaminlere berdiler, sebäbi olar Gibganyň golaýynda bukuda oturanlara bil baglapdylar.
37 Bukudakylar Gibga tarap topuldylar-da, tutuş galadakylary gylyçdan geçirdiler.
38 Galadan ýokaryk galýan tüsse bukudakylaryň çozmagy üçin duýduryş bolsun diýip, ysraýyllar özara aýdyşdylar.
39 Şeýlelikde, ysraýyllar söweş meýdanyndan yza çekilende, benýaminler ysraýyllaryň otuza golaý adamyny boýun egdirdiler. Olar: «Ine, ysraýyllar ýene-de öňküsi ýaly biziň öňümizde ýykylyp ýatyrlar» diýdiler welin, edil şol wagt
40 galanyň depesinde tüsse sütün görnüşinde ýokary galyp başlady. Benýaminler yzyna seredenlerinde, tutuş galanyň depesinden tüssäniň göge göterilýändigini gördüler.
41 Ysraýyllar yzlaryna dolandylar, benýaminler özleriniň betbagtlyga uçrandyklaryny görüp, yzlaryna gaýtmaga gorkdular.
42 Olar ýola düşüp, çöle tarap ysraýyllardan gaçyp başladylar. Emma ysraýyllar olaryň yzlaryndan galman ýetip, olary öldürdiler, galadan çykanlaryny bolsa şol ýerde gyrdylar.
43 Ysraýyllar benýaminleriň daşyny gabadylar-da, olaryň yzyndan kowup, Gibganyň gündogar tarapyna ýetende, olaryň ählisini boýun egdirip gyrdylar.
44 Benýaminleriň on sekiz müň sany güýçli urşujylaryny öldürdiler.
45 Galanlary çöle, Rimmon gaýasyna tarap gaçdylar, ýollarda ysraýyllar olaryň ýene bäş müňüsini öldürdiler we Gidoma çenli yzyndan kowaladylar-da, olaryň ýene iki müňüni öldürdiler.
46 Benýaminlerden şol gün jemi ýigrimi bäş müň adam öldi, olaryň hemmesi-de güýçli edermen adamlardy.
47 Galan alty ýüz sany benýamin çöle tarap Rimmon gaýasyna gaçdy we olar dört aýlap şol gaýada galdylar.
48 Ysraýyllar ýene-de yzyna benýaminleriň üstüne gitdiler-de, galadaky ähli ilaty, mallary, çem gelen zatlary gylyçdan geçirdiler. Soňra şol ýerdäki galan ähli galalary otlap ýok etdiler.