Ysraýyl serdarlary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 8

Soňra efraýymlar Gedegona: «Sen näme üçin beýle etdiň, näme üçin midýanlar bilen söweşmäge gideniňde bizi çagyrmadyň?» diýdiler. Olar Gedegony gaty ýazgardylar.
2 Gedegon olara: «Siziň bitiren işiňiziň ýanynda meniňki dagy näme? Efraýym Abygezeriň ýygnan üzüminden köp ýygyp, özüni bagtly hasaplamanmydy näme?
3 Hudaý Midýan baştutanlary Orep bilen Zeýebi siziň eliňize berdi. Men siziňkiçe iş bitirip bildimmi?» diýdi. Bu sözleri eşidip, efraýymlaryň gahary köşeşdi.
4 Gedegon näçe ýadasa-da, duşmanyň yzyndan kowalamagy dowam edip, öz üç ýüz adamy bilen Iordan derýasyndan geçdi.
5 Ol Sukodyň ilatyna: «Meniň yzymdan gelýän adamlaryma çörek beriň, olar gaty ýadaw. Men midýan baştutanlary Zebah bilen Selmunany yzarlap barýaryn» diýdi.
6 Emma Sukotyň ýolbaşçylary: «Seniň goşunyňa näme üçin çörek bereli? Zebahy we Selmunany siz ele saldyňyzmy näme?!» diýdiler.
7 Gedegon: «Bolýar, Reb Zebahy we Selmunany meniň elime berenden soň, şu bolşuňyz üçin sizi çöl agajynyň tikenleri bilen hem-de böwürslen çybyklary bilen teniňizi parçalaryn» diýdi.
8 Gedegon bu ýerden çykyp, Penuwele gitdi we onuň ilatyna-da öňki aýdanlaryny gaýtalady, olar hem Sukodyň ilatynyň beren jogaby ýaly jogap berdiler.
9 Ol Penuweliň ilatyna-da: «Ýeňiş bilen yzyma dolanyp gelenimde, şu diňiňizi ýykaryn» diýdi.
10 Zebah bilen Selmuna Karkordady. Gündogaryň ilatyndan ýygnanan, tutuş goşundan diri galan on bäş müňe golaý esger hem onuň ýanyndady. Çünki olaryň ýüz ýigrimi müň söweşijileri bolsa öldürilipdi.
11 Gedegon Nobah bilen Ýogbohanyň gündogaryndaky kerwen ýoly bilen baryp, olaryň garaşmadyk wagtynda duýdansyz olara zarba urdy.
12 Midýanlaryň Zebah bilen Selmuna atly iki baştutany gaçdy, emma Gedegon olary kowalap tutdy. Bütin goşun aljyraňňylyga düşdi.
13 Ýowaşyň ogly Gedegon Heres geçidiniň üsti bilen uruşdan gaýdyp geldi.
14 Ol Sukotyň ilatyndan bir ýaş ýetginjegi tutdy-da, ony sorag etdi. Ol Sukot baştutanlarynyň we ýaşulularynyň ýetmiş ýedi sanysynyň adyny ýazyp berdi.
15 Gedegon Sukodyň ilatynyň ýanyna gelip: «Siz: „Seniň ýadaw adamlaryňa çörek berer ýaly, Zebahy we Selmunany ele saldyňyzmy näme?“ diýip, meniň üstümden gülüpdiňiz. Ine, Zebah bilen Selmuna» diýdi.
16 Olar Sukodyň ýaşulularyny we galanyň ilatyny çöl agajynyň tikenleri hem-de böwürslen çybyklary bilen jezalandyrdylar.
17 Penuwel diňini ýykyp, galanyň ilatyny gyrgyna berdiler.
18 Gedegon Zebah bilen Selmunadan: «Siziň Taburda öldürenleriňiz nähili adamlardy?» diýip sorady. Olar: «Seniň ýalydylar, şazada sypatlydylar» diýip jogap berdiler.
19 Gedegon: «Olar meniň süýtdeş doganlarymdy. Rebden ant içýärin, eger siz olary öldürmedik bolsaňyz, men hem sizi öldürmezdim» diýdi.
20 Ol özüniň ilkinji ogly Ýetere: «Tur, olary öldür!» diýdi. Ýetginjek gylyjyny çykarmady, sebäbi entek ýaş bolany üçin ol gorkýardy.
21 Zebah bilen Selmuna Gedegona: «Tur-da, özüň bizi öldür, sebäbi erkek adamyň işini diňe erkek bitirip biler» diýdiler. Gedegon turup, Zebah bilen Selmunany öldürdi-de, olaryň düýesiniň boýnundaky ýarym aý şekilli şaý-seplerini aldy.
22 Ysraýyllar Gedegona: «Seniň özüň, ogluň, agtygyň bize patyşa bolsun, çünki sen bizi midýanlaryň elinden halas etdiň» diýdiler.
23 Gedegon olara: «Menem, meniň oglumam size patyşa bolmaz. Reb size patyşa bolar» diýdi.
24 Gedegon olara: «Olja edip alan altyn gulak halkalaryňyzdan maňa heriňiz birini beriň» diýdi. (Duşmanda gulak halka köpdi, çünki olar Ysmaýyllardy).
25 Olar: «Höwes bilen bereris!» diýip, ýere geýim düşäp, onuň üstüne adam başyna bir ysyrga taşladylar.
26 Altyn-kümüş düwmelerden, midýan patyşalarynyň goýy gyrmyzy reňkli geýimlerinden hem-de olaryň düýeleriniň boýnuna dakylýan altyn halkalaryndan başga, onuň ýygnan diňe gulak halkalarynyň agramy takmynan bir batman boldy.
27 Gedegon olardan efot ýasady we ony öz galasy bolan Oprada goýdy. Soňra ähli ysraýyllar ol ýere gatnap, oňa sežde etdiler. Bu Gedegona hem-de onuň öýündäkileriň ählisine gurlan duzakdy.
28 Şeýlelikde, midýanlar ysraýyllara boýun egdiler hem-de şondan soň olara baş galdyrmadylar. Şeýdip, Gedegonyň döwründe ysraýyllar kyrk ýyllap parahat ýaşadylar.
29 Ýowaşyň ogly Ýerubagal öz öýüne gidip, şol ýerde ýaşap başlady.
30 Gedegon köp aýally bolansoň, onuň ýetmiş ogly bardy.
31 Şekemde ýaşaýan gyrnagy hem oňa bir ogul dogrup berdi. Onuň ady Abymelekdi.
32 Gedegon gojalyk ýaşyna ýetip öldi, ony abygezer urugynyň Opra galasynda, öz atasy Ýowaşyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.
33 Gedegon ölensoň, ysraýyllar Bagal butlaryna gatnadylar we azgynlyk edip, haram işlere baş goşdular; Bagalberiti özleriniň hudaýy saýyp başladylar.
34 Ysraýyllar daş-töweregindäki ähli duşmanlaryň elinden halas eden özleriniň Hudaýy Rebbi ýatlamadylar.
35 Şeýle hem, Ysraýyla we özlerine eden ähli haýyrly işleri üçin Ýerubagalyň (ýagny Gedegonyň) öýüne wepaly bolmadylar.