Ysraýyl serdarlary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 17

Efraýym daglygynda Mika diýen bir adam bardy.
2 Ol öz ejesine: «Sen bir müň bir ýüz sany kümüş teňňäni ogurlatdyň, ony alana meniň ýanymda gargyş etdiň, seniň şol kümüşleriň mende, olary men aldym. Emma men olary häzir saňa gaýtaryp berýän» diýdi. Ejesi: «Reb seni ýalkasyn, oglum!» diýdi.
3 Ol bir müň bir ýüz sany kümüş teňňäni ejesine gaýtaryp berdi. Ejesi oňa: «Oglum, men seniň üçin bu kümüşlerden oýma hem-de guýma but ýasatmakçy bolup, öz elim bilen Rebbe niýetledim, olary saňa berýärin» diýdi.
4 Ogly olary ejesine gaýtaryp berende, ejesi iki ýüz sany kümüş teňňäni aldy-da, kümüş ussasyna berip, şol kümüşlerden oýma hem-de guýma but ýasatdyrdy; olar Mikanyň öýünde durdy.
5 Mika tarapyndan salnan bir sany ybadat edilýän öý bardy. Ol efot we butlar ýasady hem-de öz ogullarynyň birini ruhany edip belledi.
6 Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy. Her kim öz islänini edýärdi.
7 Ýahudanyň Beýtullaham galasynda ýaşaýan bir lewileriň ýigidi bardy.
8 Ol ýaşamaga amatly bir ýer tapmak üçin Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan çykyp gitdi. Ol Efraýym daglygynda ýaşaýan Mikanyň öýüne geldi.
9 Mika ondan: «Nireden gelýärsiň?» diýip soranda, ol: «Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan gelýärin, özüm hem lewilerdendirin; ýaşar ýaly ýer gözleýärin» diýdi.
10 Mika oňa: «Meniň öýümde galyber. Meniň geňeşçim hem ruhanym bolarsyň. Men seniň garnyňy doýraýyn, ýylda bir laý geýim-gejim hem-de on sany kümüş teňňe bereýin» diýdi.
11 Lewi ýigit Mikanyň öýünde galmaklyga razylyk berdi. Mika oňa öz ogly ýaly seretdi.
12 Mika lewi ýigidini ruhanyçylyga belledi, şeýdip, bu ýaş ýigit Mikanyň öýünde ýaşaberdi.
13 Mika: «Indi Rebbiň maňa ýagşylyk etjekdigini bilýärin, sebäbi lewi ýigidi meniň ruhanym boldy» diýdi.