Ysraýyl serdarlary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 21

Ysraýyllar: «Hiç birimiz benýaminlere gyz bermeris» diýip, Mispada ant içdiler.
2 Ysraýyllar Beýtele gelip, Hudaýyň huzurynda agşama çenli gaty ses edip, zar-zar aglaşdylar.
3 Olar: «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb! Ysraýyla näme boldy? Ysraýyldan indi bir tire ýok bolup ýitip gitmelimi?» diýdiler.
4 Ertesi güni ilat irden turup, ol ýerde mal öldürdiler, gurbanlyk sypasyny ýasap, ýakma hem-de salamatlyk gurbanlygyny berdiler.
5 Ysraýyllar: «Rebbiň huzurynda bolup geçen ýygnanyşyga ysraýyl tirelerinden kim gelmedikä?» diýişdiler. Bu ýygnanyşyga gelmedikleriň öldüriljekdigi barada ant içilip kasam edildi.
6 Ysraýyllaryň benýaminlere, ýagny, öz doganlaryna nebisleri agyryp: «Indi ysraýyllaryň bir tiresi kesilip taşlandy.
7 Biz olara gyz bermezlige Rebbiň huzurynda ant içdik. Indi olaryň diri galanlarynyň aýal meselesini nähili çözmeli bolarkak?
8 Mispadaky Rebbiň huzurynda bolan ýygnanyşyga Ysraýyl neslinden gelmedik barmy?» diýişdiler. Ýygnanyşyga Gilgatdaky Ýabeşden adam gelmändir.
9 Görseler, ol ýerde Gilgatdaky Ýabeşden bir adam hem ýok eken.
10 Edermen ýigitleriň on iki müňüsini jemagat ol ýere iberip, olara: «Baryň, Ýabeşiň ilatyny, aýallaryny we çagalaryny gylyçlap öldüriň.
11 Öýlenenleriniň hem-de durmuşa çykanlarynyň ählisini bütinleý ýok ediň, diňe gyzlara degmäň» diýip buýurdylar. Olar aýdylşy ýaly-da etdiler.
12 Ýabeşiň ilatyndan dört ýüz sany boý gyzy özleri bilen alyp, Kengan ýurdundaky Şilo galasyndaky düşelgä getirdiler.
13 Halk Rimmon gaýasyndaky benýaminler bilen gepleşik geçirmek üçin, ol ýere adam iberdi, olar bilen ylalaşyk yglan edildi.
14 Şonda benýaminler Ysraýyla dolanyp geldiler we ysraýyllar diri galdyrylan Ýabeşiň gyzlaryny olara aýallyga berdiler; ýöne olaryň hemmesine gyz ýetmedi.
15 Ysraýyl halky benýamin tiresine gynandy, sebäbi Reb Ysraýyl tireleriniň bitewiligini bozdy.
16 Ýaşulular: «Benýaminleriň aýallarynyň ýok edilendigine görä, bu galanlaryna aýal alyp bermeklik meselesini nätsekkäk?» diýişdiler.
17 Olar: «Ysraýyllaryň bu tiresi ýitip gitmez ýaly, benýaminleriň diri galanlarynyň özleriniň mülki bolsun,
18 ýöne biz olara gyz berip bilmeris, çünki: „Kim benýaminlä gyz berse, oňa nälet bolsun“ diýip ant içipdik» diýdiler.
19 Onsoň olar: «Ine, Beýteliň demirgazygynda, Şekeme gidýän ýoluň gündogarynda we Liwanyň günortasynda ýerleşýän Şiloda her ýyl Rebbe bagyşlanan baýramçylyk bolýar» diýişdiler.
20 Olar benýaminlere görkezme berip şeýle diýdiler: «Baryň-da, üzümçiligiň içinde oturyň.
21 Şilonyň gyzlary üýşüp tans eden wagtlarynda, üzümçilikden çykyň-da, Şilo gyzlaryndan heriňiz birini tutup, olara öýleniň we benýaminlere degişli ýere äkidiň.
22 Gyzlaryň kakalary ýa-da doganlary biziň ýanymyza arz edip gelseler, biz olara: „Şolar üçin biz sizden ötünç soraýarys, olaryň beýtmeginiň sebäbi biziň söweşip, ýesir getiren gyzlarymyz olaryň hemmesine ýetmedi, siziň özüňiz hem olara gyzlaryňyzy bermediňiz“ diýip aýdarys» diýdiler.
23 Benýaminler aýdylşy ýaly hem etdiler; üýşüp tans edip ýören gyzlardan hersi birini ogurlap, öz mülklerine getirdiler we galalar gurup, ýaşap başladylar.
24 Edil şol wagty ysraýyllar ol ýerden gaýdyp, hersi öýli-öýüne, öz tiresine we mülklerine dolanyp bardy.
25 Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy; her kim öz göwnüne gelenini ederdi.