Ysraýyl serdarlary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 12

Efraýymlar uruşmak üçin bir ýere ýygnandylar we Iordan derýasyndan geçip, Safona geldiler. Olar Ýeftaha: «Sen näme üçin ammonlar bilen uruşmaga gideniňde bizi çagyryp, özüň bilen alyp gitmediň? Biz seniň özüň bilen bilelikde öýüňi otlarys» diýdiler.
2 Ýeftah olara şeýle diýdi: «Meniň we meniň adamlarymyň ammonlar bilen bir uly dawamyz bardy. Men sizi kömege çagyrdym, emma siz gelip, meni olaryň elinden gutarmadyňyz.
3 Siziň meni halas etmejegiňize gözüm ýetende, men janymy howp astynda goýup, ammonlaryň üstüne gitdim. Reb olary meniň elime berdi. Indi näme bu gün siz meniň bilen uruşmaga geldiňizmi?»
4 Ýeftah Gylgadyň ähli erkeklerini çagyrdy-da, efraýymlar bilen uruşdy. Gilgatlylar efraýymlary gyrdylar, sebäbi efraýymlar olara: «Eý, efraýym we manaşe halklarynyň arasynda ýaşaýan gilgatlylar! Siz Efraýymdan gaçan dönüklersiňiz!» diýipdiler.
5 Gilgatlylar efraýymlaryň elinden Iordan derýasynyň güzerini aldylar. Diri galan efraýymlardan biri: «Iordan derýasyndan geçmäge rugsat edäýiň» diýse, Gylgadyň adamlary: «Sen efraýymly dälmi?» diýip sorardylar. Eger ol «Ýok» diýip jogap berse,
6 olar oňa: «Hany, „şibbolet“ diýip aýt» diýerdiler. Şonda ol «sibbolet» diýäýse, onda ony Iordan derýasynyň güzerinde öldürerdiler. Çünki efraýymlar «ş» sesini aýdyp bilmeýändikleri üçin, oňa derek «s» sesini aýdýardylar. Şeýdip, gilgatlylaryň elinden kyrk iki müň efraýymly öldi.
7 Ýeftah Ysraýylda alty ýyllap serdar boldy. Ol ölende, ony öz Gilgat galasynda jaýladylar.
8 Ýeftah ölenden soň, beýtullahamly Ybsan Ysraýylda serdar boldy.
9 Onuň otuz ogly we otuz gyzy bolup, gyzlaryny başga tirelere durmuşa çykaryp, ogullaryny-da başga tirelerden öýerdi. Ol ýedi ýyl Ysraýylyň serdary boldy.
10 Ybsan aradan çykanda, ony Beýtullahamda jaýladylar.
11 Ondan soň zebulunly Elon Ysraýyla serdar bolup, ony on ýyllap dolandyrdy.
12 Elon ölende, ony Zebulundaky Aýalonda jaýladylar.
13 Ondan soň piratonly Hilleliň ogly Abdon Ysraýyla serdar boldy.
14 Onuň kyrk ogly we otuz agtygy bolup, olaryň hersi bir eşek mündi. Ol Ysraýyla sekiz ýyllap serdar boldy.
15 Hilleliň ogly Abdon ölende, ony Efraýymdaky amalekleriň ýaşaýan daglygynda, Piraton diýen ýerde jaýladylar.