Bap 13
Ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. Şol sebäpli Reb kyrk ýyllap ysraýyllary piliştlileriň eline berdi
2 Şol döwürde Sorada dan tiresinden Manowa diýen bir adam bolupdyr; onuň aýaly önelgesiz eken.
3 Rebbiň perişdesi onuň aýalynyň ýanyna gelip: «Sen önelgesiz bolsaň-da, göwreli bolarsyň we bir ogul dograrsyň.
4 Sen özüňi aýap sakla, arak-şerap ýaly güýçli içgilerden içme, haram zatlardan iýme.
5 Çünki sen göwreli bolarsyň we ogul dograrsyň; onuň kellesine päki degmeli däldir, sebäbi enesiniň içinde düwlen gününden başlap, ol çaga Hudaýa nazyr bolar, ol piliştlileriň elinden Ysraýyly halas eder» diýdi.
6 Aýaly adamsynyň ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Meniň ýanyma Hudaýyň adamy geldi, daş keşbi Hudaýyň perişdesiniňki ýaly, haýbatly, gorkunç. Men onuň nireden gelenini soramadym, ol maňa öz adyny hem aýtmady.
7 Ol maňa: „Sen göwreli bolarsyň, ogul dograrsyň, arak-şerap ýaly güýçli içgilerden içme, haram zatlardan iýme, çünki göwrede galan gününden başlap, ol Hudaýa nazyr bolar“ diýip aýtdy».
8 Manowa Rebbe ýüzlenip: «Ýa Reb! Goý, bize iberilen Hudaýyň adamy ýanymyza ýene-de gelsin hem-de bizden doguljak çaga näme etmelidigimizi öwretsin» diýip ýalbardy.
9 Hudaý Manowanyň sesini eşitdi we Manowanyň aýaly meýdandaka, Hudaýyň perişdesi onuň ýanyna geldi. Emma aýalyň adamsy ýanynda ýokdy.
10 Aýaly şol wagt ylgap gidip: «Meniň ýanyma öňki gelip giden adam geldi» diýip, adamsyna habar berdi.
11 Manowa aýaly bilen ol adamyň ýanyna bardy we ondan: «Meniň aýalym bilen gepleşen senmi?» diýip sorady. Perişde: «Men!» diýip jogap berdi.
12 Manowa oňa: «Seniň aýdanlaryň amala aşanda, biz ol çaga nähili garamaly we oňa näme etmeli?» diýip sorady.
13 Rebbiň perişdesi Manowa: «Goý, seniň aýalyň meniň aýdanlarymy etsin.
14 Ol üzümden öndürilen zatlary iýmesin; arak-şerap datmasyn, haram zatlardan asla iýmesin. Aýalyň meniň buýranlarymyň ählisini berjaý etmelidir» diýdi.
15 Manowa Rebbiň perişdesine: «Seniň üçin bir owlagy taýýarlaýançak, seni ýoluňdan saklamaga rugsat et» diýdi.
16 Rebbiň perişdesi Manowa: «Sen meni saklasaň-de, men seniň naharyňy iýmerin, emma sen ýakma gurbanlyk taýýarlamak isleseň, onda ony Rebbe hödür et» diýdi. (Manowa bu adamyň Rebbiň perişdesidigini bilmeýärdi).
17 Manowa Rebbiň perişdesine: «Aýdanlaryň hakykat bolanda, biz seni alkyşlar ýaly, öz adyňy aýt» diýdi.
18 Rebbiň perişdesi oňa: «Meniň adymy näme soraýarsyň? Ol örän täsindir!» diýdi.
19 Manowa owlak bilen galla sadakasyny daşyň üstüne getirip, täsin gudratlar edýän Rebbe berdi.
20 Gurbanlyk sypasynyň üstünden ýalyn asmana galyp ugranda, Rebbiň perişdesi ýalyn bilen bile ýokary göterildi. Muny gören Manowa bilen onuň aýaly ýere ýüzin ýykyldylar.
21 Rebbiň perişdesi Manowa bilen aýalyna şondan soň gaýdyp hiç görünmedi. Manowa onuň Rebbiň perişdesidigini şonda bilip galdy.
22 Manowa öz aýalyna: «Dogrudan hem, biz hökman öleris, çünki biz Hudaýy gördük» diýdi.
23 Aýaly oňa: «Eger Reb bizi öldürmek islän bolsa, biziň elimizden ýakma gurbanlygymyzy we galla sadakamyzy kabul etmezdi, bize şol täsinlikleri görkezmezdi, bu zatlary bize mälim etmezdi» diýdi.
24 Aýaly ogul dogurdy we oňa Şimşon diýen at goýdy. Çaga ösüp kemala geldi, Reb oňa ak pata berdi.
25 Sora bilen Eştawolyň aralygyndaky Mahanadanda bolanda Şimşony Rebbiň ruhy galkyndyryp başlady.