Bap 15
Birnäçe günden soň, bugdaý döwegi wagtynda Şimşon bir owlak alyp, aýalyny görmäge geldi. Şimşon ýatylýan otaga öz aýalynyň ýanyna girjekdigini aýdanda, aýalynyň kakasy oňa ýol bermedi.
2 Aýalynyň kakasy oňa: «Sen öz aýalyňdan ýüz öwrensiň öýdüp, men ony toý wagtynda saňa iň ýakyn dost bolana äre berdim. Ine, onuň kiçi gyz jigisi ondan hem owadan dälmi? Aýalyňyň deregine belki şuny alarsyň?» diýdi.
3 Şimşon olara: «Indi piliştlilere ýamanlyk etsem, meniňki hak bolar» diýdi.
4 Şimşon üç ýüz sany tilkini tutup, guýruklaryny jübüt-jübütden biri-birine daňdy. Soňra çyralary aldy-da, olary her iki tilkiniň guýrugynyň arasyna berkitdi.
5 Ol tilkileri otlap, piliştlileriň bişen bugdaýlarynyň üstüne goýberdi-de, olaryň orulmadyk bugdaýlaryny we küdelenen bugdaýlaryny, üzümlerini hem zeýtun agaçlaryny otlady.
6 Piliştliler: «Muny kim beýle etdikä? Bu timnalynyň giýewsi Şimşonyň işidir, sebäbi onuň gaýynatasy Şimşonyň aýalyny toý wagtynda Şimşona dost bolana alyp berdi» diýdiler. Şonuň üçin piliştliler ol aýaly we onuň kakasyny otladylar.
7 Şimşon olara: «Siz şeýle etseňiz-de, men sizden arymy alýançam ynjalmaryn» diýdi.
8 Şimşon olaryň üstüne gazap bilen topuldy-da, olaryň injiklerini we uýluklaryny döwüşdirdi. Şondan soň, ol Eýtam gaýasyndaky gowaga gitdi.
9 Piliştliler Ýahudada düşelge gurdular we tä Lehä çenli ýaýradylar.
10 Ýahudanyň ilaty olardan: «Siz näme üçin biziň garşymyza çykdyňyz?» diýip soranlarynda, olar: «Şimşon bize näme eden bolsa, biz hem oňa şeýle etmek niýeti bilen ony tutup äkitmäge geldik» diýdiler.
11 Üç müň sany Ýahudaly çykyp, Eýtam gaýasyndaky gowaga tarap gitdiler we baryp Şimşona: «Biziň üstümizden piliştlileriň höküm sürýändiklerini sen bileňokmy näme? Sen bizi näme üçin beýtdiň?» diýdiler. Şimşon: «Olar maňa näme eden bolsalar, men hem olara şony etdim» diýdi.
12 Olar: «Biz seni daňyp, piliştlileriň eline bermek üçin geldik» diýenlerinde, Şimşon olara: «Meni öldürmejegiňize ant içiň» diýdi.
13 Olar: «Ýok, öldürmeris, biz seni diňe daňarys-da, piliştlileriň eline bereris» diýdiler. Ony iki sany täze tanap bilen daňdylar-da, gowakdan çykaryp alyp gitdiler.
14 Olar Lehä ýetenlerinde, piliştliler ony uly gykylyk bilen garşyladylar. Şonda Rebbiň ruhy güýç bilen Şimşona siňip, oňa ägirt uly güýç berdi welin, onuň ellerini daňmak üçin ulanylan tanaplar edil otda ýanan zygyr ýaly boldy. Onuň ellerindäki tanaplar çözlüp gitdi.
15 Ol ýaňy ölen eşegiň guramadyk äňini tapyp, eline aldy-da, onuň bilen urup, müň adamy öldürdi.
16 Şimşon şonda şeýle diýdi: «Bir eşek äňi bilen iki topar ýygyny ýatyrdym. Bir eşek äňi bilen müň adamy öldürdim».
17 Şu sözleri aýdyp, elindäki äňi taşlady we ol ýere Ramatlehi diýip at dakdy.
18 Ol özüniň örän suwsaýandygyny duýdy we Rebbe ýüzlenip: «Sen Öz guluňa beýik ýeňiş berdiň; indi bolsa men suwsuzlykdan ölüp, sünnetsiz piliştlileriň eline düşmelimi?» diýdi.
19 Hudaý Lehide bir çukurjygy emele getirdi, ondan suw çykdy. Ol suwdan içip gandy, güýji yzyna gaýdyp geldi we ol kuwwatlandy. Şu günlere çenli Lehidäki şol ýere Eýnhakor diýilýär.
20 Ysraýylda piliştlileriň agalyk süren döwründe, Şimşon ýigrimi ýyllap ysraýyllara serdar boldy.