Ysraýyl serdarlary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 7

Ýerubagal (ýagny Gedegon) hem-de onuň ýanyndaky adamlar daňdan Harot çeşmesiniň başynda düşlediler. Midýanlaryň düşelgesi olardan demirgazykda, More depesiniň ýanyndaky jülgededi.
2 Reb Gedegona: «Seniň ýanyňdaky goşun Meniň midýanlary siziň eliňize bererimden juda köp. Ýogsam, ysraýyllar: „Öz güýjümiz bilen halas bolduk“ diýşip, Meniň öňümde öwnerler.
3 Sen halka eşitdirip: „Kim gorkak we ýygra bolsa, Gilgat daglaryndan yzyna dolansyn“ diýip jar et» diýdi. Gedegon olary synagdan geçirdi. Ýigrimi iki müň adam yzyna gaýtdy. On müň adam şol ýerde galdy.
4 Reb Gedegona: «Entegem adam köp, olary suwuň ýakasyna getir. Men Özüm saňa olary saýlap bereýin. Meniň saňa: „Goý, seniň bilen gitsin“ diýen adamlarym seniň bilen gitsinler, „Seniň bilen gitmesin“ diýenlerim gitmeli däldirler, şolar gitmesinler» diýdi.
5 Ol adamlary suwuň boýuna getirdi. Reb Gedegona: «Suwy it içişi ýaly edip, dili bilen içenleri bir aýry duruz, dyzyna çöküp, eglip içenleri bir aýry duruz» diýdi.
6 Suwy goşawujyna alyp, dili bilen içenler üç ýüz adam boldy; beýleki adamlaryň hemmesi dyzyna çöküp içdi.
7 Reb Gedegona: «Suwy dili bilen içen üç ýüz adam bilen sizi halas ederin; midýanlary siziň eliňize bererin; galan ähli adamlar öz öýlerine gaýtsynlar» diýdi.
8 Şeýdip, Gedegon beýleki ysraýyllaryň iýer-içer ýaly zatlaryny hem-de surnaýlaryny alyp, olaryň hemmesini öz çadyrlaryna goýberdi. Üç ýüz adamy bolsa alyp galdy. Midýanlaryň düşelgesi jülgede, olaryň aşak tarapyndady.
9 Şol gije Reb oňa: «Tur, duşmanyň düşelgesine garşy söweşmäge düş, çünki Men olary seniň eliňe berýärin.
10 Eger sen duşmanyň düşelgesine söweşe gitmäge gorksaň, öz hyzmatkäriň Fura bilen bile gidäý.
11 Sen olaryň näme gürrüň edýänlerini diňlärsiň, şondan soň düşelgä garşy söweşmäge seniň elleriň kuwwatlanar» diýdi. Gedegon bilen onuň hyzmatkäri Fura ikisi düşelgedäki ýaragly goşunyň göni üstüne gitdiler.
12 Midýanlardyr amalekler we gündogar halklaryň hemmesi jülgäniň boýuna edil çekirtge üýşen ýalydy. Düýeleri şeýle bir köpdi, olar edil deňiz ýakasyndaky çäge deý sansyz-sajaksyzdy.
13 Gedegon ol ýere gelende, bir adam dostuna gören düýşüni aýdyp berip otyrdy. Ol: «Düýşümde bir tegelek arpa çöregi midýanlaryň düşelgesiniň üstünden togalanyp, çadyra gelip urýar-da, ony ýykýar, çadyr yranyp dargaýar» diýýär.
14 Beýleki dosty oňa: «Bu ysraýylly Ýowaşyň ogly Gedegonyň gylyjydyr. Midýanlary we onuň düşelgelerindäki tutuş goşunyny Hudaý onuň eline berdi» diýip jogap berýär.
15 Gedegon bu düýşi diňläp, onuň ýorgudyny eşidenden soň, Rebbe sežde etdi. Ol ysraýyllaryň düşelgesine dolanyp geldi-de: «Turuň, çünki Reb midýanlaryň goşunyny siziň eliňize berdi» diýdi.
16 Soňra Gedegon üç ýüz adamy üç bölüme böldi-de, hemmesiniň eline surnaý, boş küýze we küýzäniň içine-de çyra salyp berdi.
17 Soň olara ýüzlenip: «Maňa serediň, meniň edenimi gaýtalaň. Olaryň düşelgesine golaýlanymyzda, meniň eden hereketimi siz hem edersiňiz.
18 Men bilen ýanymdakylar surnaý çalarys, siz hem düşelgäniň daşyna aýlanyp surnaý çalyň hem-de „Reb üçin we Gedegon üçin!“ diýip gygyryň» diýip tabşyrdy.
19 Gedegon bilen ýüz adam ýarygijäniň öň ýany, sakçylaryň ýaňy çalşylan wagty, düşelgäniň bir ujundan geldiler-de, surnaýlaryny çaldylar we ellerindäki boş küýzelerini döwdüler.
20 Üç bölümdäkileriň hemmesi-de surnaýlaryny çalyp, küýzelerini döwdüler. Çep elinde çyrany saklap, sag elinde surnaý çaldylar hem-de: «Gylyç Reb üçin, Gedegon üçin!» diýip gygyryşdylar.
21 Her biri düşelgäniň töwereginde öz orunlarynda durdular: tutuş düşelgedäkileriň hemmesi ylgaşdylar, gygyryşdylar we gaçyp başladylar.
22 Üç ýüz adamyň surnaý çalan wagtyndan başlap, Reb düşelgedäki midýanlaryň öz gylyçlaryny biri-birilerine urdurdy. Midýanlaryň goşuny Zerera tarap Beýtşitta çenli, Tabadyň golaýyndaky Abelmeholanyň serhedine gaçdy.
23 Naftalylaryň, aşerleriň tiresinden hem-de manaşeleriň ähli kowumlaryndan bolan ysraýyllar çagyryldylar. Olar midýanlaryň yzyndan kowaladylar.
24 Soňra Gedegon tutuş Efraýym daglygynda ýaşaýanlara öz habarçylaryny ýollap: «Geliň, midýanlaryň garşysyna söweşiň. Midýanlara üstünden geçmäge ýol bermez ýaly, Iordan derýasyny we Beýtbara çenli bolan suw çeşmelerini eýeläň» diýdi. Hemme efraýymlar çagyryldy, olar Beýtbara çenli çeşmeleri we Iordan derýasyny eýelediler.
25 Midýanlaryň iki baştutanyny: Orebi we Zeýebi ele saldylar. Orebi Orep gaýasynda, Zeýebi bolsa üzüm sykylýan ýerde öldürdiler (soňra ol ýer Zeýep diýlip atlandyrylypdyr). Efraýymlar midýanlaryň yzyndan kowdular. Orep bilen Zeýebiň kellesini kesip, Iordanyň gündogarynda bolýan Gedegona eltip berdiler.