Bap 16
Günlerde bir gün Şimşon Gaza gelende bir azgyn aýala sataşyp, şonuň bilen gitdi.
2 Gazanyň ilaty: «Şimşon gelipdir bärik» diýşip, töwerekde gaýmalaşdy. Olar: «Jahan ýagtylýança garaşarys, ony öldüreris» diýip, uzynly gije galanyň derwezesini garawulladylar.
3 Şimşon ýarygijä çenli ýatdy, gijäniň ýarynda turdy-da, baryp, gala derwezesiniň gapylarynyň iki söýesini kiltleri bilen bilelikde goparyp, ony omzuna alyp, Hebronyň garşysyndaky dagyň depesine eltip goýdy.
4 Şondan soň Şimşon Sorek jülgesinde ýaşaýan bir aýala aşyk boldy. Onuň ady Delilady.
5 Piliştli hanlar ol aýalyň ýanyna gelip: «Biz ony daňyp, özümize boýun egdirip biler ýaly, sen ugruny tap-da, onuň beýik güýjüniň nämededigini özüne aýtdyr. Şeýtseň, biziň herimiz saňa bir müň bir ýüz kümüş teňňe bereris» diýdiler.
6 Delila Şimşondan: «Sen maňa aýtsana, beýle beýik güýji nireden alýarsyň? Seni näme bilen daňsaň, boýun egdirip bolar?» diýip sorady.
7 Şimşon oňa: «Eger-de meni entek guramadyk ýedi sany ýaý kirşi bilen daňsalar, men güýçden gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi.
8 Piliştli hanlar ol aýala entek guramadyk täzeje ýedi sany ýaý kirşini getirip berdiler. Ol şonuň bilen Şimşony daňdy.
9 Şol wagt piliştlilerden birnäçe adamlar şol otagda bukulyp otyrdylar. Aýal Şimşona: «Şimşon! Seniň üstüňe piliştliler gelýärler» diýdi. Şimşon ýaý kirşini edil ot degen ýüplügiň ýolnuşy ýaly edip, üzüp taşlady. Onuň güýjüniň nämededigi bilinmän galdy.
10 Delila Şimşona: «Sen meni samsyk hasap edýärsiň, ýalan sözleýärsiň. Indi beri aýdaý, seni näme bilen daňyp bolar?» diýdi.
11 Şimşon oňa: «Eger-de meni öň ulanylmadyk täze ýüp bilen daňsalar, men güýçden gaçaryn, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi.
12 Delila täze ýüp alyp, ony daňdy-da, oňa: «Şimşon! Seniň üstüňe piliştliler gelýärler» diýdi. Şol wagt piliştlilerden birnäçe adam şol otagda bukulyp otyrdylar. Şimşon ony-da ot degen ýüplügiň ýolnuşy ýaly edip, üzüp taşlady.
13 Delila Şimşona ýene: «Sen meni samsyk hasap edýärsiň, ýalan sözleýärsiň. Aýtsana, seni näme bilen daňyp bolar?» diýdi. Ol: «Meniň saçymyň ýedi örümini gaty örersiň-de, ony dokma dokalýan gurala berk çekdirip daňarsyň. Şonda men güýçden gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi.
14 Delila Şimşony öz dyzynyň üstünde uklatdy. Ol uklanda, onuň saçynyň ýedi örümini aldy-da, olary pugta örüp, dokma dokalýan guralda çekdirip berkitdi hem-de oňa: «Seniň üstüňe piliştliler gelýärler, Şimşon!» diýdi. Ol ukudan oýandy-da, dokma dokalýan guraly ondaky mata bilen bilelikde goparyp taşlady. Onuň güýjüniň nämededigi ýene bilinmän galdy.
15 Delila oňa: «Seniň ýüregiň meniň bilen däl eken. Nädip sen maňa: „Men seni söýýärin“ diýip bilýärsiň? Üç gezek sen meni samsyk hasap etdiň, güýjüňiň nämededigini maňa aýtmadyň» diýdi.
16 Delila her gün sorap, Şimşonyň ýüregine düşdi. Ol ony halys irizip, janyndan bizar etdi.
17 Şimşon ahyrsoňunda oňa öz ýüregini açdy: «Men entek ejemiň göwresindekäm Hudaýa nazyr bolandygym üçin, meniň kelläme heniz päki degen däldir. Eger meniň saçym syrylsa, güýjüm menden gider; meniň güýjüm gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi.
18 Şeýdip, ol ähli syryny Delila açdy. Şundan soň, Delila: «Indi geliberiň, ol maňa öz ýüregini açdy» diýip aýtmaga piliştli hanlara habarçy iberdi. Piliştli hanlar elleri kümüş pully geldiler.
19 Delila Şimşony öz dyzynyň üstünde uklatdy. Onuň saçynyň ýedi örümini syrdyrmak üçin adam çagyrdy-da, oňa syrmagy buýurdy. Şimşon ejizlenip başlady, onuň güýji gaçdy.
20 Delila: «Seniň üstüňe piliştliler gelýärler, Şimşon!» diýende, ol oýanyp, öňki gezekdäki ýaly öz-özüni boşatmakçy boldy. Emma ol Rebbiň indi özünden ýüz öwrendigini bilmeýärdi.
21 Piliştliler ony tutup, gözlerini oýdular. Gaza getirip, iki sany bürünç zynjyr bilen gandalladylar. Oňa zyndanda degirmen üwetdiler.
22 Şol aralykda onuň kellesiniň syrylan ýerlerine saç çykyp başlady.
23 Pilişt hanlary özleriniň hudaýy Dagona juda köp gurbanlyklar berip, şady-horramlyk etmek üçin ýygnandylar. Olar: «Duşmanymyz Şimşony hudaýymyz biziň elimize berdi» diýişdiler.
24 Halk Şimşony görende: «Köpümizi öldürip, ýerlerimizi tozduran duşmanymyzy hudaýymyz biziň elimize berdi» diýşip, öz hudaýlaryny alkyşlamaga başladylar.
25 Mes bolan jemagat: «Şimşony getiriň, goý, ol biziň göwnümizi açsyn» diýip gygyryşdy. Şimşony zyndandan getirip, onuň üstünden gülüp başladylar, masgaraladylar, soňra ony sütünleriň aralygynda duruzdylar.
26 Şimşon elinden tutup, özüni idip ýören ýigdekçä: «Meni şu jaýy saklaýan sütünleriň ýanyna elt, şolara söýeneýin» diýdi. Ýigdekçe şeýle hem etdi.
27 Jaýyň içi aýal-erkeklerden doludy; pilişt hanlary hem şol ýerdedi. Jaýyň üstünde-de üç müňe golaý aýal-erkek bardy. Olaryň bary Şimşona tomaşa edýärdiler.
28 Şimşon Rebbi çagyrdy-da: «Eý, Hökmürowan Reb, meni ýadyňa sal. Eý, Hudaý! Maňa ýene bir gezejik kuwwat ber, iki gözüm üçin, piliştliler bilen bir gezekde hasaplaşaýyn» diýdi.
29 Şimşon jaýy saklaýan sütünleriň birine sag elini, beýlekisine çep elini diräp, olary ýerinden süýşürdi.
30 Şimşon: «Goý, piliştliler bilen bile öleýin» diýip, bar güýji bilen sütünleri itende, jaý hanlaryň, jaýdaky ähli adamlaryň üstüne ýykyldy; Şimşonyň özi ölen wagty öldürenleri onuň bütin ömründe öldürenlerinden has köp boldy.
31 Onuň doganlary, kakasynyň tutuş maşgalasy gelip, Şimşonyň jesedini äkitdiler we ony getirip, Zora bilen Eştawolyň aralygynda, kakasy Manowanyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar. Ol ysraýyllara ýigrimi ýyllap serdar boldy.