Ysraýyl serdarlary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 6

Ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etmäge başladylar. Reb olary ýedi ýyllap midýanlaryň eline berdi.
2 Ysraýyllar midýanlaryň golastynda galdylar. Midýanlaryň berýän köp jebir-sütemi sebäpli ysraýyllar daglaryň gowaklarynda we başga-da sümelgelerde özlerine gizlenmäge bukular gurdular.
3 Ysraýyllar ýere tohum sepip, ekişe başlanlarynda, midýanlar, amalekler we gündogar halklar olaryň üstüne çozardylar.
4 Olar Ysraýylyň ýerinde çadyrlar gurardylar we tä Gaza galasyna çenli ähli ekinleri ýok ederdiler. Ysraýyllara ne goýun, ne öküz, ne eşek hiç zat goýmazdylar.
5 Olar mallary hem çadyrlary bilen bile edil çekirtge çozan ýaly bolup gelerdiler; olaryň özleriniň hem, düýeleriniň hem san-sajagy ýokdy. Olar ähli ýeri wes-weýran ederdiler.
6 Midýanlaryň sütemi sebäpli ysraýyllar gaty garyp düşdüler we Rebden kömek sorap ýalbarmaga başladylar.
7 Ysraýyllaryň midýanlardan dady-perýat edip, Özüne ýalbarandyklaryna görä, Reb olara bir pygamber iberdi.
8 Şol pygamber olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb size: „Müsür gulçulygyndan sizi Men çykardym.
9 Kuwwatly müsürlileriň we size sütem edenleriň hemmesiniň elinden Men halas etdim. Men olary siziň öňüňizden kowup, şu ýerleri size berdim.
10 Men Özümiň siziň Hudaýyňyz Rebdigimi we siziň amorlaryň ýerinde ýaşajakdygyňyzy, ýöne olaryň hudaýlaryna sežde etmeli däldigiňizi aýdypdym. Ýöne siz Meni diňlemediňiz“ diýip aýtdy» diýdi.
11 Ine, Rebbiň iberen perişdesi Opra galasyna gelip, dub agajynyň aşagynda oturdy. Bu agaç abygezer urugyndan Ýowaş diýen adamyňkydy. Onuň ogly Gedegon midýanlar bilmez ýaly, gizlinlikde ol ýerde üzüm sykylýan sokuda bugdaý döwüp durdy.
12 Rebbiň perişdesi oňa görnüp: «Eý, edermen urşujy, Reb seniň bilendir!» diýdi.
13 Gedegon oňa: «Eý jenabym, eger Reb biziň bilen bolsa, onda nädip biziň başymyza şunça betbagtlyk gelýär? Ata-babalarymyz: „Reb bizi Müsürden alyp çykdy“ diýip, bize gürrüň berýärdiler. Hany, Rebbiň şol gudratlary? Indi Reb bizi terk edip, midýanlaryň eline berdi» diýdi.
14 Reb Gedegona bakyp: «Bar, şu güýjüň bilen git-de, ysraýyllary midýanlaryň elinden halas et. Seni Men iberýärin!» diýdi.
15 Gedegon: «Ýa Reb! Men nädip Ysraýyly halas edip bilerin? Meniň urugym manaşe tiresiniň iň ejizidir. Men özüm hem maşgalamyzyň iň kiçisi ahyryn» diýdi.
16 Reb oňa: «Men seniň bilen bolaryn. Sen ähli midýanlary emgenmän gylyçdan geçirersiň» diýdi.
17 Şonda Gedegon Rebbe: «Eger menden razy bolsaň, onda Sen Özüňiň Rebdigiňi, meniň bilen Rebbiň gepleşýändigini subut edýän bir alamat görkez.
18 Saňa sadaka getirip, öňüňde goýýançam, bu ýerden gitme» diýdi. Ol: «Sen gelýänçäň, garaşaryn» diýdi.
19 Gedegon gidip, bir owlak soýdy we bir batman undan petir bişirdi. Eti sebede saldy, çorbasyny küýzä guýdy we bulary getirip, dub agajynyň aşagynda Onuň öňünde goýdy.
20 Hudaýyň perişdesi Gedegona: «Eti we petiri şu daşyň üstünde goý-da, üstünden çorbany guý» diýdi. Gedegon şeýle hem etdi.
21 Perişdäniň elinde hasasy bardy. Ol hasanyň ujuny et bilen petire degrende, daşdan ot çykdy. Ot daşyň üstündäki et bilen petiri ýakyp kül etdi. Hut şol wagt Rebbiň perişdesi gözden gaýyp boldy.
22 Gedegon Rebbiň perişdesiniň özi bilen gepleşendigine düşünende: «Eý, Hökmürowan Reb! Maňa kömek et! Men perişdäň bilen ýüzbe-ýüz boldum» diýip gygyrdy.
23 Reb oňa: «Howsala düşme, rahatlan! Gorkma, sen ölmersiň!» diýdi.
24 Gedegon ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy we ony «Reb rahatdyr» diýip atlandyrdy. (Bu gurbanlyk sypasy abygezer urugynyň Opra galasynda, dubuň astynda henize çenli dur).
25 Şol gijäniň özünde Reb Gedegona: «Sen kakaňyň sürüsinden iki sany öküz getir, olaryň biri ýediýaşar öküz bolsun. Kakaňyň Bagala guran gurbanlyk sypasyny ýyk, onuň ýanyndaky keramatly Aşera butuny çap.
26 Soňra belentde Rebbe gurbanlyk sypasyny gur. Ikinji öküzi soý-da, ony şol ýerde keramatly Aşera butundan alnan odun bilen ýakyp, ýakma gurbanlyk edip ber» diýdi
27 Gedegon özüniň adamlaryndan onusyny ýanyna alyp geldi-de, Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirdi. Atasynyň öýündäkileriniň hem-de galanyň ilatynyň görerinden gorkup, Gedegon bu işi gije etdi.
28 Galanyň adamlary irden turanlarynda Bagalyň gurbanlyk sypasynyň ýykylandygyny, onuň ýanyndaky Aşera butunyň çapylandygyny, täze gurlan gurbanlyk sypasynda ikinji öküziň ýakylandygyny gördüler.
29 «Bu kimiň eden işikä?» diýşip, biri-birilerinden soradylar, ahyry sorap-idäp, muny Ýowaşyň ogly Gedegonyň edendigini bildiler.
30 Adamlar Ýowaşa: «Ogluňy daşary çykar, ol ölmeli, sebäbi Bagalyň gurbanlyk sypasyny ýykypdyr, onuň ýanyndaky Aşera butuny çapypdyr» diýdiler
31 Ýowaş özüniň töweregine üýşen mähellä: «Bagaly goramak size galypmy? Siz ony goldaýaňyzmy? Onuň tarapyny tutan daňdana çenli öler. Eger Bagal hudaý bolýan bolsa, özüni ýykandan aryny özi alsyn, Bagalyň özi hasaplaşsyn» diýdi.
32 Şol günden başlap, Gedegony Ýerubagal diýip atlandyrdylar, sebäbi ol Bagalyň gurbanlyk sypasyny ýykdy.
33 Şu wakadan soň midýanlar, amalekler, gündogaryň beýleki halklary birleşdiler we Iordan derýasyndan geçip, Ýizregel jülgesinde düşelge gurdular.
34 Gedegona Rebbiň ruhy siňdi. Şondan soň Gedegon surnaý çalyp, abygezer urugyny öz yzyna düşmäge çagyrdy.
35 Ol manaşeniň ähli tirelerine adam iberip, ol ýeriň halkyny öz ýanyna toplady. Ol aşerlere, zebulunlara, naftalylara hem çaparlar ýollady. Olar hem söweşe çykdylar. 3Ýerubagal – ýewreýçe bu at Bagalyň özi göreşsin diýmegi aňladýar.
36 Gedegon Hudaýa şeýle diýdi: «Ysraýyllary meniň üstüm bilen halas etjekdigiňe beren sözüň çyn bolsa, onda
37 men harmanda goýun ýüňüni düşäýin. Eger daňdanyň çygy diňe ýüňüň üstüne düşüp, onuň töweregindäki ýerler gurulygyna galsa, onda meniň üstüm bilen Ysraýyly Seniň halas etjekdigiňe göz ýetirerin».
38 Şeýle hem boldy. Ertesi irden Gedegon ýüňi sykyp, ondan bir jam suw aldy.
39 Gedegon Hudaýa: «Meni ýazgarma. Senden ýene bir zat dilemäge maňa rugsat et: goýun ýüňi bilen ýene bir gezek synag edip göreýin. Goý, indi ýüň gurulygyna galsyn-da, onuň töweregindäki ýerler çyg bolsun» diýdi.
40 Hudaý şol gije şeýle hem etdi: ýüň gury galyp, onuň töweregindäki ýerlere çyg düşdi.