Lewiler kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27


Bap 7

«Ýazyk gurbanlygy örän mukaddes gurbanlykdyr. Onuň berliş kadasy şeýledir:
2 Ýazyk gurbanlyk malynyň damagy ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde çalnyp, onuň gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpilsin.
3 Onuň ähli ýagy: guýruk ýagy, garyn içegeleriniň daşyndaky ýagy, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesi böwrekler bilen bile alnyp, Rebbe hödür edilsin.
5 Ruhany olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu ýazyk üçin gurbanlykdyr.
6 Ruhany maşgalasyndan bolan her bir erkek göbekli ol mal etinden iýsin. Ol mukaddes ýerde iýilsin, çünki bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr.
7 Ýazyk gurbanlygynyň berliş kadasy-da edil günä üçin gurbanlygynyň berliş kadasy ýalydyr. Ýazyk gurbanlygynyň eti ýazyklyny günäsinden saplaýan ruhanynyňky bolsun.
8 Islendik kişiniň ýakma gurbanlygyny hödürleýän ruhany gurbanlyga berlen malyň derisini özüne alsyn.
9 Tamdyrda, pitide ýa-da saçda taýýarlanan islendik galla sadakasy ony Hudaýa hödürleýän ruhanynyňky bolsun.
10 Emma zeýtun ýagyna garylan ýa-da gury, bişirilmedik galla sadakasy Harun nesilleriniň arasynda deň paýlaşylsyn».
11 «Rebbe hödür edilýän salamatlyk gurbanlygynyň berliş kadasy şeýledir:
12 Eger kimdir biri salamatlyk gurbanlygyny Hudaýa alkyş hökmünde hödürleýän bolsa, onda ol gurbanlyk beriljek mal bilen birlikde zeýtun ýagyna ýugrulan külçeler, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler we zeýtun ýagyna ýugrulyp, saýlama bugdaý unundan bişirilen petir we çörek hödür etsin.
14 Bularyň hersinden bir çöregi Rebbe üwreme sadakasy hökmünde bersin. Olar salamatlyk gurbanlygynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpýän ruhanynyňky bolsun.
15 Rebbe alkyş hökmünde berlen salamatlyk gurbanlyk malynyň eti bolsa, hödür edilen güni iýilsin. Gurbanlyk etiniň ýekeje bölegi-de ertire galdyrylmasyn.
16 Eger hödür edýän sadakaňyz aýdylan ýa-da meýletin sadaka bolsa, onda ol hödür edilen güni iýilsin. Ondan artyp galany ertesi gün iýilsin.
17 Ondan artyp galany bolsa, üçlenji gün oda ýakylsyn.
18 Eger salamatlyk gurbanlygynyň etinden üçlenji gün iýilse, onda ol kabul bolmaz we ony hödür eden üçin hasaba alynmaz. Ol nejisdir, ondan iýen jezany çekmeli.
19 Eger gurbanlyk malynyň eti islendik haram zada galtaşsa, ol iýilmesin, oda ýakylsyn, halal eti haram saýylmadyk kişi iýip biler.
20 Eger kimde-kim haram bolubam, Rebbe hödür edilen salamatlyk gurbanlyk malynyň etinden iýse, ol öz halkyndan çetleşdirilsin.
21 Eger kimde-kim islendik haram zada – ynsan haramlyklaryna, haram mala ýa-da islendik haram jandara galtaşybam, Rebbe hödür edilen salamatlyk gurbanlygynyň etinden iýse, ol öz halkyndan çetleşdirilsin».
22 Reb Musa şeýle diýdi:
23 «Ysraýyl halkyna aýt: „Öküziň, goýnuň ýa-da geçiniň hiç bir ýagyny iýmesinler.
24 Ölen malyň ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan malynyň ýagy her hili maksatlar üçin ulanylyp bilner, emma ol hiç haçan iýilmeli däldir.
25 Kimde-kim Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk malynyň ýagyndan iýse, ol ysraýyl halkyndan çetleşdirilsin.
26 Nirede ýaşaýandyklaryna garamazdan, guşuňkymy ýa-da haýwanyňkymy parhy ýok, olar hiç hili gan iýmesinler.
27 Eger kimde-kim gan iýse, nämäniň ganydygynyň parhy ýok, ol öz halkyndan çetleşdirilsin“».
28 Reb Musa şeýle diýdi:
29 «Ysraýyl halkyna aýt: „Kim Rebbe salamatlyk gurbanlygyny hödür etmekçi bolsa, ol Rebbe aýratyn sadakany öz salamatlyk gurbanlyk malyndan bersin.
30 Sadaka berýän adamyň özi gurbanlyk berlen malyň ýagyny onuň döşi bilen birlikde getirip, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn.
31 Ruhany ýagy gurbanlyk sypasynda ýaksyn, emma gurbanlyk malynyň döşi Harunyň ogullarynyňky bolmalydyr.
32 Şeýle hem salamatlyk gurbanlygyňyzyň sag buduny-da sadaka hökmünde ruhana beriň.
33 Gurbanlyk malynyň paý hökmünde berilýän bu sag buduny, salamatlyk gurbanlygynyň ganyny we ýagyny hödürlän ruhany alsyn.
34 Çünki Men ysraýyl halkyndan olaryň salamatlyk gurbanlyklaryndan Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödürlenen döşi we sag budy aldym. Olary Men ysraýyl halkyndan ruhany Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berdim.
35 Harunyň we onuň ogullarynyň Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmäge başlan günlerinden bäri Rebbe ot üsti bilen berilýän sadakalardan olara degişli paý şudur“».
36 Munuň ysraýyl halkyndan ebedilik parz hökmünde ruhanylara berilmelidigini, Haruny we onuň ogullaryny wezipä bellän güni Reb maňa buýurdy.
37 Ýakma gurbanlygynyň, galla sadakasynyň, günä gurbanlygynyň, ýazyk gurbanlygynyň, belleme sadakasynyň we salamatlyk gurbanlygynyň berliş kadasy şulardan ybaratdyr.
38 Sinaý çölünde Reb Özüne gurbanlykdyr sadakalar bermekligi ysraýyl halkyna buýran güni Ol Musa bu tabşyrygy berdi. ‎