Lewiler kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27


Bap 19

Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Bütin ysraýyl halkyna şeýle diý: „Olar mukaddes bolsunlar, çünki Men – siziň Hudaýyňyz – Reb mukaddesdirin.
3 Her biriňiz öz ene-ataňyzy sylaň, Sabat kanunlarymy ýerine ýetiriň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
4 Guýma butlary we başga hili butlary ýasap, olara sežde etmäň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
5 Rebbe salamatlyk gurbanlygyny hödür edeniňizde, gurbanlygyňyzyň kabul bolary ýaly ony kada laýyklykda beriň.
6 Gurbanlyk malynyň eti hödür edilen güni ýa-da ertesi iýilsin. Üçünji güne galan et oda ýakylsyn.
7 Eger et üçünji gün iýilse, ol haramdyr we siziň gurbanlygyňyz kabul bolmaz.
8 Ol gurbanlykdan iýen öz jezasyny çeker, çünki ol Rebbe mukaddes zady harlandyr. Şol sebäpli bu adam öz halkyndan çetleşdirilsin.
9 Ýeriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, atyzlaryňyzyň gyra çetlerindäkileri ormaň, hasylyňyzyň hoşasyny çöplemäň.
10 Üzüm baglaryňyzyň miweleriniň baryny ýygmaň, ýere gaçan üzümleri ýygnaman, olary garyp-gasara, gelmişeklere goýuň. Men Reb siziň Hudaýyňyzdyryn.
11 Ogrulyk, hilegärlik etmäň, bir-biriňizi aldamaň.
12 Galp zat babatda Meniň adymdan ant içip, Hudaýyňyzyň adyna ysnat getirmäň. Men Reb siziň Hudaýyňyzdyryn.
13 Ýoldaşyňyň hakyny iýme, ony talama. Günlükçiniň zähmet hakyny bir günem saklama.
14 Kere sögme, körüň öňünde büdrär ýaly zat goýma. Hudaýyňdan gork. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
15 Höküm çykaranyňda adalatsyzlyk etme. Garybyň tarapyny tutup, gurply adamdan-da gorkma.
16 Öz halkyňyň arasynda ýalan gep gezdirme, ýoldaşyň adalatsyz höküm zerarly durmuşy howp astynda bolsa, şaýatkär onuň arkasynda dursun. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
17 Ýüregiňde garyndaşyňy ýigrenme, günäsini onuň ýüzüne aýt, ýogsam senem günäkär bolarsyň.
18 Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýoldaşyňy-da özüňi söýşüň ýaly söý. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
19 Siz Meniň parzlarymy berjaý ediň. Mal-garalaryňy gapma-garşy jynsdan bolan mallar bilen çaknyşdyrma. Ekin meýdanyňda iki hili tohumy bile ekme we iki hili matadan tikilen eşik geýme.
20 Eger bir adam başga birine adaglanan, yzyna satyn alynmadyk ýa-da azat edilmedik gyrnak bilen ýatsa, onda olaryň ikisine-de, jeza berilsin, ýöne öldürilmesin. Çünki bu gyrnak azat edilen däldir.
21 Ol adam özi üçin Rebbe, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna ýazyk gurbanlygy hökmünde bir goç getirsin.
22 Onsoň ruhany Rebbiň huzurynda bu ýazyk gurbanlyk goçy bilen, ony eden günäsinden saplasyn we Hudaý günäliniň eden günäsini geçer.
23 Siz Kengan ýurduna gelip, iýmit üçin her hili miweli agaçlary oturdanyňyzda, ilkinji üç ýylyň miwelerinden iýmeklik gadagan edilsin, olary iýmäň.
24 Dördünji ýyl bolsa, hemme miweler alkyş hökmünde Rebbe bagyş edilsin.
25 Bäşinji ýyl welin, siz miweli agaçlaryň miwesinden iýip bilersiňiz, olar size bol miwe berer. Men Reb siziň Hudaýyňyzdyryn.
26 Hiç bir eti gany bilen iýmäň. Siz pal atmaň, jadygöýlik etmäň.
27 Saçyňyzyň gyralaryny gyrkyp, sakgalyňyzy timarlamaň.
28 Merhum üçin bedeniňize tyg çekmäň, özüňizi tagmalamaň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
29 Gyzlaryňyzy jelepçilige satyp, olary biabraý etmäň. Eger siz şeýle etseňiz, ýurt zynahorluga berlip, ol azgynlykdan dolar.
30 Meniň Sabat kanunlarymy ýerine ýetirip, mukaddes öýüme hormat goýuň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
31 Jadygöýlere we palçylara ýüz tutmaň. Olardan maslahat sorap, özüňizi haram etmäň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
32 Uly ýaşulynyň öňünde dik duruň, garryny sylaň, Hudaýyňyzdan gorkuň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
33 Ýurduňyzda öz araňyzda ýaşaýan gelmişeklere sütem etmäň.
34 Araňyzda ýaşaýan gelmişekler siziň üçin ýurtdaşyňyz ýaly bolsun. Olary özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, çünki sizem Müsür ilinde gelmişek bolupdyňyz. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
35 Siz uzynlyk ölçäniňizde, çekimde ýa-da sanagda hiç kimi aldamaň.
36 Siz hak terezileri, hak ölçeg daşlaryny, hak ölçegleri ulanyň. Sizi Müsür ýurdundan çykaran Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
37 Siz Meniň ähli parzlarymy, ähli hökümlerimi saklap, olary berjaý ediň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin“». ‎