Bap 24
Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl halkyna buýur, her gün yşyk bolar ýaly çyra üçin saňa ýenjilen zeýtunyň sap arassa ýagyny getirsinler.
3 Harun çyrany Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daşynda, Rebbiň huzurynda her gün agşamdan ertire çenli ýanyp durar ýaly edip goýsun. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedi parz bolsun.
4 Ol çyralary sap altyndan bolan çyradanyň üstünde, Rebbiň huzurynda her gün agşamdan ertire çenli ýanyp durar ýaly edip goýsun».
5 Reb Musa şeýle diýdi: «Saýlama bugdaý unundan on iki sany çörek bişirt, olaryň her biriniň agramy ondan iki batmana barabar bolsun.
6 Olary Rebbiň huzurynda, sap altyndan bolan hantagtanyň üstünde alty altydan iki hatar edip goý.
7 Her hatar çöregiň ýanynda Rebbiň ýoluna hödür edilen paý hökmünde, sap arassa, ýakymly ysly tütetgiden goý. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka bolup, ol çöregiň ornuny tutar.
8 Harun bulary adat boýunça her Sabat güni Rebbiň huzurynda goýsun. Bu ysraýyl halkynyň ebedilik borjudyr.
9 Bu çörekler Harun we onuň ogullarynyňkydyr. Olar mukaddes ýerde iýilsin. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlarynyň içinde ruhanylar üçin örän mukaddesi şudur. Bu siziň üçin ebedi parzdyr».
10 Ysraýyllaryň arasynda ejesi ysraýylly, kakasy bolsa müsürli bolan bir adam bardy. Düşelgede bir ysraýylly aýalyň ogly bilen başga bir ysraýylly uruşmaga başladylar.
11 Ysraýylly aýalyň ogly küpür gepläp, Rebbiň adyna dil ýetirdi. Onsoň ony Musanyň ýanyna alyp geldiler. Onuň ejesiniň ady Şelomytdy, ol dan tiresinden bolan Dibriniň gyzydy.
12 Reb özlerine näme etmelidigini aýan edýänçä, olar ýaňky adamy gabap goýdular.
13 Reb Musa şeýle diýdi:
14 «Hudaýa dil ýetireni düşelgäniň daşyna çykar, ony eşidenleriň bary ellerini onuň kellesine goýsunlar we bütin halk ony daşlasyn.
15 Onsoň ysraýyl halkyna aýt: „Kim öz Hudaýyna dil ýetirse, onuň günäsi öz boýnunadyr.
16 Kimde-kim Rebbiň adyna dil ýetirse, ol ölüme höküm edilsin, ony bütin halk daşlasyn. Gelmişekmi ýa-da ýerli halk, parhy ýok, Rebbiň adyna dil ýetiren öldürilmelidir.
17 Adam öldüreniň özi-de ölüme höküm edilsin.
18 Mal öldüren onuň öwezini mal bilen tölesin.
19 Kim-de kim biriniň bedenine şikes ýetirse, onuň özüne-de edil şonuň ýaly şikes ýetirilsin.
20 Döwük ýerine döwük, göz ýerine göz, diş ýerine diş, kime nähili şikes ýetiren bolsa, onuň özüne-de şonuň ýaly şikes ýetirilsin.
21 Mal öldüren onuň öwezini mal bilen tölesin, adam öldüren ölüme höküm edilsin.
22 Gelmişek üçin hem, ýerli adam üçin hem kanun birdir, çünki siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin“».
23 Musa bu tabşyryklary ysraýyl halkyna bereninden soň, olar Rebbe dil ýetiren adamy düşelgäniň daşyna çykaryp daşladylar. Şeýle etmek bilen ysraýyl halky Rebbiň Musa beren tabşyrygyny ýerine ýetirdi.