Lewiler kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27


Bap 22

Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Haruna we onuň ogullaryna aýt: „Harun we onuň ogullary ysraýyl halkynyň Maňa bagyş eden mukaddes sadakalaryna seresaply çemeleşsinler. Olar Meniň mukaddes adyma ysnat getirmesinler. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin“.
3 Olara şeýle diý: „Eger siziň geljekki nesilleriňizden, tohum-tijiňizden biri, ysraýyl halkynyň Maňa bagyş eden mukaddes sadakalaryna haramlykda ýakynlaşsa, ol Meniň huzurymdan ýok edilsin. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
4 Harun neslinden bolan ýokançly deri keseli ýa-da suwuklyk akmasy bolan erkek tämizlenýänçä, mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Jesede degip, haram bolan islendik zada galtaşan ýa-da tohum akan erkege ýa-da ynsany haram edýän guryýer süýrenijileriniň birine ýa-da haramlygy nämediginiň parhy bolmadyk ynsany haram edýän şu agzalan zatlardan birine galtaşan ruhany agşama çenli haramdyr. Ol suwa düşünmezden, mukaddes sadakalardan iýmesin.
7 Gün ýaşan çagy ruhany tämiz bolar, diňe şondan soň ol mukaddes sadakalardan iýip biler, çünki bu sadaka ruhanylar maşgalasyna degişlidir.
8 Ruhany haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etinden iýip, özüni haram etmesin. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
9 Ruhanylar Meniň buýruklarymy berjaý etsinler, ýogsam olar mukaddes çadyry harlandyklary üçin, öz jezalaryny çekip ölerler. Olary mukaddes edýän, Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
10 Ruhany maşgalasyndan bolmadyk adam mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Ruhany bilen wagtlaýyn ýaşaýan gelmişek ýa-da ruhanynyň hakyna tutulan hyzmatkäri mukaddes sadakalardan iýmesin.
11 Emma ruhanynyň satyn alan guly we onuň öýünde doglanlar onuň saçagyndan iýip biler.
12 Eger ruhanynyň gyzy ruhany maşgalasyndan bolmadyk birine durmuşa çyksa, ol hödür edilen mukaddes sadakalardan iýmeli däldir.
13 Emma ruhanynyň gyzy aýrylyşyp, dul galyp, çagasy bolman, ýaşlygyndaky ýaly atasy öýüne dolanyp gelse, ol kakasynyň saçagyndan iýip biler, ýöne başga bir gelmişek ondan iýmesin.
14 Eger bir adam tötänlikden mukaddes sadakadan iýse, onda ol onuň bahasynyň bäşden birini üstüne goşup, mukaddes sadakany ruhana bersin.
15 Ruhanylar ysraýyl halkynyň Rebbe hödür eden mukaddes sadakalaryny halkyň iýmegine ýol berip, özlerine degişli mukaddes sadakalary harlamasynlar. Bu halky ýazykly edip, başlaryna jeza getirdýändir. Çünki ol sadakalary mukaddes edýän, Hudaýyňyz Reb – Mendirin“».
17 Reb Musa şeýle diýdi:
18 «Haruna, onuň ogullaryna we bütin ysraýyl halkyna aýt: „Ysraýyllarmy ýa-da Ysraýylda ýaşaýan gelmişek, parhy ýok, kim Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde hödürlenýän, öz aýdylan ýa-da meýletin sadakasyny hödür etse, siziň gurbanlygyňyzyň kabul bolary ýaly, gara malmy, goýun-geçi parhy ýok, ol şikessiz erkek mal bolsun.
20 Şikesli maly gurbanlyk bermäň, çünki ol kabul bolmaz.
21 Eger kimde-kim aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde, gara mallardan ýa-da dowarlardan Rebbe salamatlyk gurbanlygyny bermekçi bolsa, onuň kabul bolary ýaly, ol gurat, şikessiz mal bolsun.
22 Kör, şikes ýeten ýa-da maýyp, baş keselli, gijilewükli ýa-da demrewli maly Rebbe hödür etmäň, şeýle mallary Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka hökmünde gurbanlyk sypasynyň üstüne goýmaň.
23 Göwresinde artyklygy ýa kemisi bolan öküzçäni ýa guzyny meýletin sadaka hökmünde hödürläp bilersiňiz, ýöne ol aýdylan sadakanyň ýerine kabul bolmaz.
24 Erkeklik tohumlygy ýenjilen, syndyrylan, ýolnan ýa-da kesilen maly Rebbe hödür etmäň, ýurduňyzda beýle iş edilmesin.
25 Şeýle haýwanlary Rebbe iýmit sadakasy hökmünde hödür etmek üçin, gelmişegiň elinden almaň, çünki olar maýyp-müjrüp, şikesli bolandyklary üçin, Rebbe iýmit sadakasy hökmünde kabul bolmaz“».
26 Reb Musa şeýle diýdi:
27 «Göle, guzy ýa-da owlak doglandan soň, ol ýedi günläp enesiniň ýanynda bolsun. Sekizinji günden başlap, ol Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk hökmünde kabul ediler.
28 Ýöne sygryň we onuň gölesiniň, goýnuň we onuň guzusynyň, ýagny malyň we onuň çagasynyň damagyny bir günde çalmaň.
29 Eger Rebbe şükür sadakasyny hödür etseňiz, ony kabul bolar ýaly edip beriň.
30 Sadaka şol günüň özünde iýilsin, ondan ertire hiç zat galdyrylmasyn. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
31 Siz Meniň buýruklarymy saklap, olary berjaý ediň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
32 Meniň ysraýyl halkynyň arasynda mukaddes hasaplanarym ýaly, siz Meniň adyma ysnat getirmäň. Sizi mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
33 Siziň Hudaýyňyz bolmak üçin, sizi Müsür ýurdundan çykaryp getiren Mendirin. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin». ‎