Lewiler kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27


Bap 6

Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Eger kimdir biri amanat ýa-da girew goýan kişä biwepalyk etse, ýa-da ogurlyk etse, ýa-da ony aldap, Rebbiň tabşyryklaryny bozsa,
3 ýa ýiten zady tapyp alybam, bu hakda ýalandan ant içip, ynsanyň edäýjek zatlarynyň birini edip günä gazanyp, soňam öz eden günäsine düşünip, zorluk ýa-da hile bilen alan ýa-da özüne amanat berlen, ýa-da biri tarapyndan ýitirilen we özüniň tapan zadyny,
5 ýa-da ýalandan ant içen islendik zadyny bütinligine we onuň bäşden bir gymmatyny-da üstüne goşup, öz ýazygyny bilen badyna, ony eýesine gaýtaryp bersin.
6 Soňra ol özüniň Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde, ruhana sürüden bir şikessiz goç ýa-da onuň ýerini tutjak başga bir zat getirip bersin.
7 Onsoň ruhany Rebbiň huzurynda günälini günäsinden saplasyn we şonda onuň nähili günä edendigine garamazdan, Hudaý onuň günäsini geçer».
8 Reb Musa şeýle diýdi:
9 «Haruna we onuň ogullaryna tabşyr. Ýakma gurbanlygynyň berliş kadasy şeýledir: „Ýakma gurbanlygy uzakly gije gurbanlyk sypasynyň üstünde goýulmalydyr. Gurbanlyk sypasyndaky ot bolsa, öçürilmeli däldir.
10 Ertesi irden ruhany egnine zygyr matadan tikilen içki geýimini we onuň üstünden zygyr matadan tikilen lybaslaryny geýsin. Soňra ol gurbanlyk sypasynyň üstündäki otda ýanan ýakma gurbanlyk malynyň külüni aýryp, ony gurbanlyk sypasynyň gapdalynda goýsun.
11 Onsoň ruhany zygyr matadan tikilen lybaslaryny çykaryp, başga eşiklerini geýsin we küli düşelgäniň daşyna çykaryp, halal ýere döksün.
12 Gurbanlyk sypasynyň üstündäki ot mydama ýanyp dursun. Ol hiç haçan sönmesin. Ertirlerine ruhany oduň üstüne odun atsyn. Ýakma gurbanlyk malynyň böleklenen etlerini onuň üstüne örsün. Salamatlyk gurbanlyklarynyň ýagyny-da otda ýaksyn.
13 Gurbanlyk sypasynyň üstünde hemişelik ot ýanyp dursun, ol hiç haçan öçmesin“».
14 «Galla sadakasynyň berliş kadasy şeýledir: „Ony Harunyň ogullary Rebbiň huzurynda, gurbanlyk sypasynyň öňünde bersinler.
15 Ruhany galla sadakasynyň zeýtun ýagyna garylan saýlama unundan we onuň üstündäki ýakymly ysly tütetgiden goşawujyny dolduryp alyp, olary Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berilýän sadaka paýy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr.
16 Onuň galanyny Harun we onuň ogullary iýsin. Ondan petir bişirilip, olar mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin.
17 Ol hamyrmaýasyz bolsun. Men muny Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalarymdan olaryň paýy hökmünde berdim. Edil günä gurbanlygy we ýazyk gurbanlygy ýaly bu galla sadakasy hem örän mukaddes sadakadyr.
18 Harunyň neslinden bolan her bir erkek göbekli bu galla sadakasyndan iýip biler. Bu Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan onuň nesilleri üçin ebedilik paýdyr. Bu galla sadakasyna Harunyň ogullaryndan başga galtaşan her kes betbagtçylyga uçrar“».
19 Reb Musa şeýle diýdi:
20 «Harunyň we onuň ogullarynyň bagyş edilen güni Rebbe bermeli sadakasy, ine, şundan ybaratdyr. Saýlama bugdaý ununyň ondan bir batmanyny gündelik sadaka hökmünde bersinler. Onuň ýarysy ertirine, beýleki ýarysy agşamyna berilsin.
21 Ol un zeýtun ýagyna ýugrulyp, saçda ýaga bişirilen petir bölekleri, Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin galla sadakasy hökmünde hödür edilsin.
22 Galla sadakasyny Harunyň neslinden, başyna ýag çalnyp saýlanan baş ruhany taýýarlamalydyr. Bu sadaka Rebbe ebedilik paý hökmünde tutuşlygyna ýakylsyn.
23 Ruhanynyň berýän her bir galla sadakasy tutuşlygyna ýakylmalydyr, ol iýilmeli däldir».
24 Reb Musa şeýle diýdi:
25 «Haruna we onuň ogullaryna aýt, günä üçin gurbanlygyň berliş kadasy şeýledir: Günä gurbanlyk malynyň damagy Rebbiň huzurynda, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde çalynsyn. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr.
26 Ony günä gurbanlygy üçin hödür eden ruhany iýsin. Ol mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin.
27 Harunyň ogullaryndan başga gurbanlyk malynyň etine, galtaşan her kes betbagtçylyga uçrar. Eger onuň gany egin-eşige syçrasa, ol mukaddes ýerde ýuwulsyn.
28 Gurbanlyk malynyň eti gaýnadylan toýun gap döwülsin. Eger ol bürünç gapda gaýnadylan bolsa, ol gap sürtgiç bilen sürtülip, suw bilen çaýkalsyn.
29 Ruhanylar urugyndan bolan her bir erkek göbekli ondan iýip biler. Bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr.
30 Emma mukaddes otagda günäden saplamak üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň içine gany getirilen günä gurbanlyk malynyň eti iýilmeli däldir. Ol oda ýakylmalydyr». ‎