Lewiler kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27


Bap 25

Reb Sinaý dagynda Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl halkyna aýt: „Meniň size berýän ýurduma baranyňyzda, siz Rebbiň hormatyna her ýedinji ýyl ýere ekin ekmän dynç beriň.
3 Alty ýyl ýeriňe ekin ek, alty ýyl üzümçiligiňi puda we alty ýyl hasylyňy ýygna.
4 Emma ýedinji ýyl ýer bütinleý ekişsiz galdyrylsyn. Ol Rebbe bagyş edilen ýyl bolsun. Sen ekin meýdanyňa ekin ekme, üzümçiligiňi pudama.
5 Hasyl ýygnalandan soň, sen özi gögereni orma, pudalmadyk üzümiň miwesini ýygnama, ýedinji ýyl ýer bütinleý ekişsiz galdyrylsyn.
6 Ýeriň ekişsiz galdyrylan ýyly, önen hasyl siz we siziň gullaryňyzdyr gyrnaklaryňyz, hakyna tutma hyzmatkärleriňiz we siz bilen wagtlaýyn ýaşaýan gelmişek üçin iýmit bolsun.
7 Şeýle hem ýeriň hasyly siziň mal-garalaryňyz we ýurduňyzdaky ýabany haýwanlar üçin iýmit bolsun“».
8 «„Ýedi ýyly ýedi gezek sanap geçir. Şonda ol kyrk dokuz ýyl bolýandyr.
9 Onsoň ýedinji aýyň onunjy güni, surnaý batly çalynsyn. Günäden saplanma güni surnaý bütin ýurduňyzda çalynsyn.
10 Ellinji ýyly mukaddes ýyl edip, siz ýurduň ýaşaýjylarynyň baryna azatlyk yglan ediň. Bu siziň üçin baýram ýyly bolsun. Her kim öz mülküne, öz maşgalasyna dolanyp gelsin.
11 Bu ellinji ýyl siziň üçin baýram ýyly bolsun. Ýere ekin ekmäň, özi gögerenini ormaň, pudalmadyk üzümiň hasylyny ýygnamaň.
12 Çünki bu baýram ýyly siziň üçin mukaddes ýyldyr. Bu ýyl siz diňe ekin meýdanynyň öz öndüren önümlerini iýiň.
13 Bu baýram ýylynda her kim öz mülküne dolanyp gelsin.
14 Ýoldaşyňyza ýer satanyňyzda ýa-da satyn alanyňyzda biri-biriňizi aldamaň.
15 Ýoldaşyňyzdan ýer satyn alanyňyz-da, onuň bahasy indiki baýram ýylyna çenli, ýeriň öndürip biljek hasylyna görä kesilsin.
16 Eger baýrama çenli wagt köp bolsa, onda ýeriň bahasyny artdyryň. Eger baýrama çenli az wagt galan bolsa, onuň bahasyny aşak düşüriň, çünki siz ýeriň öndürjek belli bir mukdardaky hasylyny satyn alýarsyňyz.
17 Siz birek-biregi aldamaň, Hudaýyňyzdan gorkuň, çünki siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
18 Ýurduňyzda howpsuz ýaşaryňyz ýaly, Meniň parzlarymy berjaý ediň, hökümlerime boýun boluň.
19 Ýer size öz miwesini eçiler, siz ondan doýup iýip, howpsuz ýaşarsyňyz.
20 Emma kimdir biriniň: ‘Eger ekin ekmesek, hasyl ýygnamasak, onda biz ýedinji ýylda näme iýeris?’ diýip soramagy mümkindir.
21 Men altynjy ýylda ýere şeýle bir bereket indererin welin, ol iki ýyla ýeterlik hasyl berer.
22 Sekizinji ýyl ekin ekeniňizde-de, siz öňki hasyldan iýersiňiz. Tä dokuzynjy ýyla çenli, täze hasyl ýetişýänçä, siz köne hasyldan iýersiňiz“».
23 «„Ýer hemişelik satylmasyn, çünki ol Meniňkidir. Siz Meniň ýanymda gelmişek we kärendeçi ýalysyňyz.
24 Eýeleýän ähli ýeriňizde siz ony gaýtadan satyn almaga mümkinçilik dörediň.
25 Eger öz garyndaşlaryňyzdan biri garyp düşüp, mülküniň bir bölegini satsa, onda onuň iň mährem garyndaşy gelip, onuň satan ýerini yzyna satyn alsyn.
26 Eger onuň ýeri pul töläp yzyna satyn alyp biljek garyndaşy bolman, emma soň onuň özi baýap, ýeri yzyna satyn alar ýaly ýeterlik pul toplasa, onda ol ýeriň satylanyndan bäri geçen wagty hasaplap aýryp, galan puly satan adamyna gaýtaryp bersin we mülk hem eýesine gaýtarylyp berilsin.
28 Emma eýesiniň ýeri yzyna satyn almaga ýeterlik puly bolmasa, onda satylan ýer baýram ýylyna çenli ony satyn alan adamyň elinde galar. Ýöne baýram ýylynda ýer onuň ygtyýaryndan çykyp, mülk öňki eýesine gaýtarylyp berilsin.
29 Eger biri galadaky öýüni satsa, ol satylan wagtyndan soňky bir ýylyň dowamynda öýi yzyna satyn alyp biler. Eýesiniň öýi bir ýyla çenli yzyna satyn almaga haky bar.
30 Eger galadaky öý bir ýyla çenli yzyna satyn alynmasa, öý ony satyn alan adamyň elinde hemişelik galar. Öý baýram ýylynda-da, satyn alanyň ygtyýaryndan çykmaz.
31 Emma diwarsyz obalardaky öýler açyk meýdan bilen deň saýylsyn. Olar yzyna satyn alnyp bilner we baýram ýyly öz hakyky eýesine gaýtarylyp berilsin.
32 Lewileriň galalary barada aýtsak, lewiler özlerine degişli galalardaky öýlerini islän wagtlary yzyna satyn alyp bilerler.
33 Lewileriň biri özlerine degişli bolan galalaryň birindäki öýi satyp, ony yzyna satyn almasa, öý baýram ýyly onuň özüne gaýtarylyp berilsin. Çünki lewileriň galalaryndaky öýleri, olaryň ysraýyl halkynyň arasyndaky mülkleridir.
34 Emma olaryň galalarynyň töweregindäki açyk meýdanlar satylmaly däldir, çünki bu olaryň ebedilik mülküdir“».
35 «„Eger garyndaşlaryňyzdan biri garyp düşüp, ol seniň kömegiňe mätäç bolsa, sen oňa araňyzda ýaşaýan gelmişeklere goldaw berşiň ýaly goldaw bermeli.
36 Ondan göterim alyp, peýda görjek bolma. Hudaýyňyzdan gork. Goý olar siziň araňyzda ýaşasyn.
37 Kömege mätäje karz alan pulundan artyk töletme ýa-da peýda görmek üçin iýmiti oňa ýokary bahadan satma.
38 Kengan ýurduny size bermek üçin, siziň Hudaýyňyz bolmak üçin, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
39 Eger seniň kömegiňe mätäç bolanlaryň biri halys garyp düşüp, özüni saňa satsa, sen olary gul ýaly işletme.
40 Gaýtam, olar seniň ýanyňda hakyna tutulan hyzmatkäriň ýa-da seniň bilen wagtlaýyn ýaşaýan gelmişek ýaly bolsunlar. Olar seniň ýanyňda baýram ýylyna çenli işlesinler.
41 Baýram ýylynda bolsa olar öz çagalary bilen seniň ygtyýaryňdan çykyp, öz maşgalasyna, atalarynyň mülküne dolanyp gelsin.
42 Çünki olar Meniň Müsürden alyp çykan gullarymdyr. Olar gullaryň satylyşy ýaly satylmaly däldir.
43 Siz olara gödek daraşmaň, Hudaýyňyzdan gorkuň.
44 Eger size gul-gyrnak gerek bolsa, olary töweregiňizdäki milletlerden satyn alyň.
45 Öz araňyzda ýaşaýan gelmişekleriň arasyndan, olaryň siziň ýurduňyzda doglan çagalarynyň arasyndan, siz gul-gyrnak satyn alyp bilersiňiz. Olar siziň eýeçiligiňizde bolarlar.
46 Olary siz özüňizden soňky çagalaryňyza miras hökmünde galdyryp bilersiňiz. Siz olary gul hökmünde ulanyp bilersiňiz, ýöne öz Ysraýyl doganlaryňyza hiç kim gödeklik bilen daraşmasyn.
47 Eger siziň araňyzda ýaşaýan gelmişekleriň biri baýap, öz ysraýylly doganlaryňyzdan biri garyp düşüp, özüni ýaňky gelmişege ýa-da gelmişegiň kowumyndan birine satsa, ol satylanyndan soň, onuň yzyna satyn alynmaga haky bardyr. Öz ysraýylly doganlaryndan biri ony yzyna satyn alyp biler.
49 Agasy ýa-da doganoglany, ýa-da öz kowumyndan bolan mährem garyndaşlarynyň biri ony yzyna satyn alyp biler. Eger satylanyň özi baýasa, onda onuň özi, özüni yzyna satyn alyp biler.
50 Ol özüni satyn alan adam bilen, satylan ýylyndan bäri geçen ýyllary hasaplasyn. Baha baýram ýylyna çenli galan wagta görä hakyna tutulan işçiniň gündelik zähmet hakynyň hasabyna görä hasaplanyp çykarylsyn.
51 Eger baýram ýylyna çenli wagt uzak bolsa, onda ol özüniň satyn alnan bahasyna görä tölesin.
52 Eger-de baýram ýylyna çenli galan wagt az bolsa, onda ol özüni satyn alan adam bilen hasaplaşyp, tölegi öz satylan wagtyndan bäri geçen wagta görä tölesin.
53 Olar ýylyna hakyna tutulýan işçi hökmünde baý gelmişegiň ygtyýarynda bolar. Ýöne hojaýyn siziň gözüňiziň alnynda olara gödek daraşmasyn.
54 Eger olar şeýle ýagdaýda yzyna satyn alynmasalar, olar we olaryň çagalary baýram ýylynda azatlyga çykarylmalydyrlar.
55 Çünki ysraýyl halky Meniň gullarym, Meniň Müsürden alyp çykan gullarymdyr. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin“». ‎