Bap 21
Reb Musa şeýle diýdi: «Ruhanylar, ýagny Harun ogullary bilen gepleşip, olara şeýle diý: „Olaryň hiç biri öz garyndaşlaryndan bolan merhuma galtaşyp, özlerini haram etmesin.
2 Diňe mährem garyndaşy, ýagny ejesi, kakasy, ogly, gyzy, dogany, şonuň ýaly-da, durmuşa çykmadyk aýal dogany ölen ýagdaýynda ol merhuma galtaşyp, özüni haram edip biler.
4 Emma ruhany aýalynyň garyndaşlaryndan bolan merhum üçin özüni haram edip, öz adyna ysnat getirmesin.
5 Ýas tutýanlygynyň alamaty hökmünde, ruhanylar saçlaryny gyrkyp, sakgallarynyň gyrasyny syryp, bedenlerine tyg çekmesinler.
6 Ruhanylar öz Hudaýy üçin mukaddes bolup, öz Hudaýynyň adyna ysnat getirmesinler. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasyny hödürleýän şolardyr. Ruhanylar mukaddes bolmalydyrlar.
7 Olar jelebe, azgyn aýala, ärinden aýrylan aýala öýlenmesinler. Çünki olar Hudaýa mukaddesdirler.
8 Siz ruhanylary mukaddes saýyň, çünki siziň Hudaýyňyza bagyş edilen iýmit sadakany hödür edýän şolardyr. Sizem olary mukaddes saýyň, çünki Men sizi mukaddes edýän Reb – mukaddesdirin.
9 Eger ruhanynyň gyzy jelepçilige baş urup, özüni biabraý etse, ol atasynyň adyna hem ysnat getirýär. Beýle gyz oda ýakylsyn.
10 Başyna mesh ýagy guýlup, ruhanylyk lybaslaryny geýmek üçin bellenen baş ruhany ýas tutýandygyny görkezmek üçin, saçyny ýaýyp, lybaslaryny ýyrtmasyn.
11 Ol hiç bir ölä ýakynlaşyp, hatda öz kakasy ýa ejesi üçin hem özüni haram etmesin.
12 Baş ruhany mukaddes öýden daşa çykyp, öz Hudaýynyň mukaddes öýüni harlamasyn, çünki ol Hudaýynyň mesh ýagy çalnyp mukaddes edildi. Men – Rebdirin.
13 Ol boý gyza öýlensin.
14 Baş ruhany dula, ärinden aýrylana, azana ýa-da jelep aýala öýlenmesin. Ol halkynyň arasynda öz perzendiniň adyna ysnat getirmez ýaly diňe öz tiresinden bolan gyza öýlensin. Çünki Men-Reb ony mukaddes edýändirin“».
16 Reb Musa diýdi:
17 «Harun bilen gepleşip, oňa şeýle diý: „Seniň tohum-tijiňiň geljekki nesilleriňden-de, nogsanly adam Rebbe bagyş edilen iýmit sadakasyny hödür etmesin.
18 Şikesli bolan kör ýa-da agsak, ýüzi erbet şikesli ýa-da dogabitdi maýyp adam, aýagy ýa-da eli döwük, küýki ýa-da igli, gözi şikesli ýa-da gijilewük keselli, demrewli bolan ýa-da erkekligi bolmadyk adam gurbanlyk sypasyna ýakynlaşmasyn.
21 Harunyň neslinden bolan nogsanly ruhany Rebbe ot üsti bilen berilýän sadakalary hödürlemesin; nogsanlydygy zerarly ol Hudaýa iýmit sadakasyny hödürlejek bolup, gurbanlyk sypasyna asla ýakynlaşmasyn.
22 Nogsanly ruhany Hudaýa hödür edilen iýmitden, mukaddes we iň mukaddes iýmitden iýip biler.
23 Emma ol tutynyň ýanyna ýa-da gurbanlyk sypasyna golaýlaşmasyn. Çünki ol nogsanlydyr. Ol bu mukaddes zatlara ýakynlaşyp, olary harlamasyn. Ruhanylary mukaddes edýän Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin“».
24 Ine, Musanyň Haruna, onuň ogullaryna we bütin ysraýyl halkyna aýdan zatlary şulardan ybaratdyr.