Lewiler kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27


Bap 23

Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl halkyna aýt: „Rebbiň dini baýramlary, ýagny siz tarapyndan mukaddes ýygnanyşyklar hökmünde yglan edilmeli Meniň baýramlarym ine, şulardyr.
3 Alty günläp işläň, ýedinji gün Sabatdyr, ol doly dynçlyk we mukaddes ýygnanyşyk günüdir. Şol gün siz hiç hili iş etmäň. Nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, şol Sabat güni ol Rebbe degişlidir.
4 Ine, Rebbiň şu baýramlaryny siz kesgitlenen wagtlarynda bellemelisiňiz.
5 Birinji aýyň on dördüne, gün ýaşandan soň, Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin.
6 Şu aýyň on bäşi Rebbiň Petir baýramydyr. Siz ýedi günläp petir çörek iýmelisiňiz.
7 Şu günleriň ilkinji güni, siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň.
8 Ýedi günläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlaryňyzy hödürläp, ýedinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň“».
9 Reb Musa şeýle diýdi:
10 «Ysraýyl halkyna aýt: „Size berjek ýurduma baryp, onuň hasylyny ýygnan mahalyňyz, ilkinji hasyl desselerini ruhana getirip beriň.
11 Ol siziň üçin kabul bolsun diýip, dessäni Rebbe sadaka hökmünde ýokary galdyrsyn. Ruhany ony Sabat gününiň ertesi hödür etsin.
12 Dessäni sadaka hökmünde ýokary galdyran günüňiz, siz Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde şikessiz toklyny hödürläň.
13 Onuň bilen birlikde zeýtun ýagyna garylan ondan iki batman möçberindäki saýlama bugdaý ununy galla sadakasy hökmünde beriň. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu galla sadakanyň ysy, Oňa ýakymlydyr. Hödür edilen içgi hökmünde bir küýzä barabar şerap beriň.
14 Hudaýyňyza bu sadakany hödür edýän günüňize çenli çörek, gowrulan bugdaý ýa-da täze bugdaý dänesini iýmäň. Bu siziň nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, bütin nesilleriňiz üçin ebedi parz bolsun.
15 Sabat gününiň ertesi siz Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödür eden dessäňizi getiren günüňizden sanap, doly ýedi hepdäni geçiriň.
16 Ýedinji Sabadyň ertesi, ellinji gün Rebbe täze galla sadakasyny hödürläň.
17 Siz ýaşaýan ýerleriňizden iki çöregi Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödür ediň. Olaryň her biri ondan iki batmana barabar saýlama bugdaý ununa ýugrulyp, ilkinji miwe hökmünde hamyrmaýaly bişirilen bolsun.
18 Çörek bilen birlikde şikessiz toklulardan ýedisini, bir öküzçäni we iki goçy hödür ediň. Bular Rebbe ýakma gurbanlyk bolsun. Olar Rebbe ot üsti bilen berilýän galla sadakasy we hödür edilen içgi bilen birlikde Rebbe hödür edilsin. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr.
19 Şeýle hem siz günä gurbanlygy üçin bir erkeji we salamatlyk gurbanlygy üçin iki sany goçy hödürläň.
20 Ruhany bulary iki guzy we ilkinji hasyl çöregi bilen birlikde Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. Bular Rebbe mukaddes edilip, ruhanynyňky bolmalydyr.
21 Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. Bu nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedi parz bolsun.
22 Ýeriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, atyzlaryňyzyň gyra çetlerindäkileri ormaň, hasylyňyzyň hoşasyny çöplemäň. Olary garyp-gasara we kesekä goýuň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin“».
23 Reb Musa şeýle diýdi:
24 «Ysraýyl halkyna aýt: „Ýedinji aýyň birinji güni siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün surnaýlar çalnyp ýatlanýan mukaddes ýygnanyşyk günüdir.
25 Şol gün siz işlemäň. Siz Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlygy hödürläň“».
26 Reb Musa şeýle diýdi:
27 «Ýedinji aýyň onunjy güni günäden saplanma günüdir. Şol gün siziň üçin mukaddes ýygnanyşyk güni bolsun. Siz gije-gündiz agyz bekläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlygy hödürläň.
28 Şol gün siz bütin günläp işlemäň, çünki bu siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda günäleriňizden saplanmagyňyz üçin, günäden saplanma günüdir.
29 Kimde-kim şol gün gije-gündiz agyz beklemese, ol öz halkyndan çetleşdirilsin.
30 Şol gün haýsydyr bir iş eden adamy, Men öldürerin.
31 Siz şol gün işlemäň, bu siziň bütin nesilleriňiz üçin nirede ýaşaýandyklaryna garamazdan, ebedi parz bolsun.
32 Ol gün siziň üçin Sabat, doly dynçlyk günüdir. Siz agyz bekläň. Aýyň dokuzy gününiň agşamyndan ertesi agşama çenli Sabat kanunlaryny ýerine ýetiriň».
33 Reb Musa şeýle diýdi:
34 «Ysraýyl halkyna aýt: „Şu ýedinji aýyň on bäşinden başlap, ýedi günüň dowamynda Rebbiň hormatyna Çatma baýramy geçirilsin.
35 Onuň birinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň.
36 Ýedi günläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýlaryny hödürläň. Sekizinji gün halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýlaryny hödürläň. Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň we işlemäň.
37 Mukaddes ýygnanyşyklarda Rebbiň bellemegi buýran baýramlary şulardyr: Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlary – ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary, başga gurbanlyklary we hödür edilen içgileriň hemmesini öz bellenmeli günlerinde beriň.
38 Bu baýramlar Rebbiň Sabat günlerinden, aýratyn sadakalaryňyzdan, Hudaýa aýdan sadakalaryňyzdan we Rebbe hödür eden ähli meýletin sadakalaryňyzdan daşarydyr.
39 Ýedinji aýyň on bäşinji güni, siz ýerleriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, ýedi günläp Rebbiň hormatyna baýram ediň. Birinji we sekizinji günleri doly dynç alyň, işlemäň.
40 Birinji gün oňat miweli agaçlaryň miwesini, palma şahalaryny, gür ýaprakly agaçlaryň we suw boýunda ösýän söwütleriň şahalaryny alyp, siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýedi günläp şady-horramlykda boluň.
41 Her ýyl ýedinji aýda ýedi günläp Rebbiň hormatyna baýram ediň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedi parzdyr.
42 Ýedi günläp çatmalarda ýaşaň, Ysraýylyň ähli ýerli halky çatmalarda ýaşasyn.
43 Eger şeýle etseňiz, Meniň ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykanymdan soň, olary çatmalarda ýaşadandygymy siziň nesilleriňiz bilerler. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin“».
44 Şeýdip, Musa ysraýyl halkyna Rebbiň bellenmeli baýramlaryny yglan etdi. ‎