Lewiler kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27


Bap 27

Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl halkyna aýt: „Eger kimdir biri Rebbe berlen wadany berjaý etmek üçin, Rebbe bagyş edilen bolsa, ol adam şu möçberdäki bahalar bilen azat edilip bilner.
3 Ýigrimi ýaşdan altmyş ýaşa çenli bolan erkek adamyň bahasy mukaddes öýüň kesgitlän ölçegine görä bir ýüz mysgal kümüş bolsun.
4 Eger aýal maşgala bolsa, ýetmiş mysgal kümüş bolsun.
5 Bäş ýaşdan ýigrimi ýaşa çenli bolan oglanlaryň bahasy kirk bäş mysgal kümüş, gyzlaryňky ýigrimi iki mysgal kümüş bolsun.
6 Bir aýlykdan bäş ýaşa çenli bolan oglanyň bahasy on bir mysgal kümüş, gyzyň bahasy ýedi mysgal kümüş bolsun.
7 Ýaşy altmyş ýa-da ondan ýokary bolan erkek kişiniň bahasy otuz bäş mysgal kümüş, aýalyňky ýigrimi iki mysgal kümüş bolsun.
8 Eger kimdir biri Rebbe adam bermegi wada edip, soňam onuň boşadylmagy üçin tölenmeli bahany töläp bilmese, onda ony ruhanynyň ýanyna getirsinler. Ruhany onuň ýagdaýyna görä baha kessin.
9 Eger Rebbe wada berlen mal sadaka hökmünde kabul edilse, onda hödür edilen her bir sadaka maly mukaddesdir.
10 Malyň eýesi maly başga oňat mal bilen çalyşmaly däldir. Eger bir mal başga mal bilen çalşylaýan ýagdaýynda, olaryň ikise-de Rebbe degişlidir.
11 Eger wada berlen mal Rebbe hödür edilmeýän haram mallardan bolsa, ol mal ruhanynyň ýanyna getirilsin.
12 Oňatdygyna ýa-da erbetdigine garamazdan, ruhany mala baha kessin. Ruhanynyň kesen bahasy gutarnykly baha bolsun.
13 Eger malyň eýesi ony yzyna satyn almakçy bolsa, ol ruhanynyň kesen bahasynyň üstüne ýene bäşden birini goşsun.
14 Eger kimdir biri öýüni Rebbe bagyş etse, oňatmy ýa-da erbet, parhy ýok, ruhany oňa baha kessin. Ruhany ony näçe bahalasa, şol baha gutarnykly baha bolsun.
15 Eger-de öýüni bagyş eden adam ony yzyna satyn almakçy bolsa, ol kesilen bahanyň üstüne ýene bäşden birini goşsun. Şondan soň öý öz eýesine gaýtarylyp berler.
16 Eger kimdir biri öz mülkünden bir bölek ýeri Rebbe bagyş etse, ýeriň bahasy oňa ekiljek tohumyň mukdaryna görä kesilsin: on batmanlyk arpa tohumynyň gymmaty bir ýüz mysgal kümüş bolsun.
17 Eger kimdir biri ýeri baýram ýyly geçen badyna Rebbe bagyş etse, ýeriň bahasy ruhanynyň kesen nyrhynda galsyn.
18 Eger eýesi ýeri baýram ýylyndan has soňrak Rebbe bagyş etse, onda ruhany indiki baýram ýylyna çenli galan wagty hasaplap, bahany öňküden kemeltsin.
19 Eger ýeri Rebbe bagyş eden adam ony yzyna satyn almakçy bolsa, onda ol ruhanynyň kesen bahasynyň üstüne bäşden birini goşsun. Şondan soň ýer öz eýesine gaýtarylyp berler.
20 Emma ýeri ilki yzyna satyn alman, ony başga birine satsa, ýer eýesiniň ony yzyna satyn almaga haky ýokdur.
21 Emma baýram ýyly gelende, ýer bagyş edilen mülk hökmünde Rebbiňki bolar. Ol ýer ruhanynyň eýeçiligine geçer.
22 Eger biri öz mülkünden daşary satyn alan ýerini Rebbe bagyş etse, ruhany ýeriň bahasyny, baýram ýylyna çenli galan wagta görä hasaplap çykarsyn. Rebbe mukaddes sadaka hökmünde ýeriň bahasy şol günüň özünde tölensin.
24 Baýram ýylynda bolsa ýer mülk eýesine, ýagny satyn alnan adamyna geçer.
25 Ähli bahalar, mukaddes öýüň resmi ölçegine görä kesilsin, ýagny iki mysgal.
26 Mal-garanyň ilkinji doglany Rebbiňkidir. Ony hiç kim Rebbe bagyş edip bilmez. Öküz bolsun, owlak-guzy bolsun, parhy ýok, olar Rebbiňkidir.
27 Eger ol mal haram bolsa, onda malyň eýesi ruhanynyň kesen bahasynyň üstüne bäşden birini goşup, ony yzyna satyn alsyn. Eger mal yzyna satyn alynmasa, kesilen baha görä satylsyn.
28 Rebbe bagyş edilen islendik zat – adam bolsun, haýwan bolsun ýa-da mülk berlen ýer bolsun – parhy ýok, ol satylyp ýa-da yzyna satyn alnyp bilinmez. Bagyş edilen her bir zat ebedilik Rebbe degişlidir.
29 Ölüme bagyş edilen ynsanlar hem yzyna satyn alnyp bilinmez. Olar hökman ölüme höküm edilsin.
30 Ýerden önýän önümleriň ondan biri – dänemi ýa-da miwe – parhy ýok, olaryň bary Rebbiňkidir. Olar Rebbe degişlidir.
31 Eger kimdir biri öz ondan birini yzyna satyn almak islese, ondan biriniň nyrhynyň üstüne bäşden birini goşsun.
32 Iri mallaryň we dowarlaryň ondan birini, ýagny çopanyň sanaýan her onunjy maly Rebbe bagyş edilsin.
33 Hiç kim şikesli maly sadaka bermesin. Şeýle hem mal çalşylmasyn. Eger ol çalşylaýsa, olaryň ikisem Rebbe degişli bolar. Siz olary yzyna satyn almaly dälsiňiz“».
34 Rebbiň Sinaý dagynda ysraýyl halky üçin Musa beren buýruklary şulardan ybaratdyr. ‎