Lewiler kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27


Bap 13

Reb Musa we Haruna şeýle diýdi:
2 «Eger kimdir biriniň derisinde pakgarma, gotur ýa-da menek peýda bolup, ol ýokanç deri keseline öwrülse, ol adam ruhany Harunyň ýa-da onuň ogullarynyň biriniň ýanyna getirilsin.
3 Ruhany onuň endamyndaky deri keselini barlasyn. Eger deriniň keselli ýeriniň gyllary agaryp, ol deriden aşak geçen bolsa, onda bu ýokançly deri keselidir. Ruhany deri kesellini gözden geçirenden soň, ony haram diýip yglan etsin.
4 Emma keselliniň endamyndaky menek ak bolup, ol deriniň astyna geçmän, deriniň keselli ýeriniň gyllary agarmadyk bolsa, onda ruhany deri kesellini ýedi günläp aýry saklasyn.
5 Ýedinji gün ruhany deri kesellini gözden geçirsin. Eger deri keseli endama ýaýraman, öňküligine galan bolsa, onda ruhany deri kesellini ýene-de ýedi günläp aýry saklasyn.
6 Ýedinji günde ruhany ony ýene gözden geçirsin. Eger deri keseli solup, endama ýaýramadyk bolsa, ruhany deri kesellini tämiz diýip yglan etsin. Bu diňe goturdyr, ol adam geýimlerini ýuwsun we diňe şondan soň ol tämiz bolar.
7 Ýöne deri keselli adam tämizlenmek üçin özüni ruhana görkezenden soň, gotur onuň endamyna ýaýrap ugrasa, ol ýene-de ruhanynyň ýanyna gelsin.
8 Ruhany ony ýene-de gözden geçirsin. Eger gotur onuň endamyna ýaýran bolsa, ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Bu ýokançly deri keselidir.
9 Eger kimdir biri ýokançly deri keseline ýoluksa, ol ruhanynyň ýanyna getirilsin.
10 Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň derisinde ak pakgarma bolup, onuň üstündäki gyllar agaryp, onuň içinde gyp-gyzyl et gögeren bolsa, bu ötüşen ýokançly deri keselidir. Ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Ruhana kesellini aýry saklamak gerek däldir, çünki ol haramdyr.
12 Emma ýokançly deri keseli endama ýaýrap, ol keselliniň başyndan aýagyna çenli bütin endamyny tutan bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger ýokançly deri keseli onuň tutuş endamyna ýaýran bolsa, ruhany kesellini tämiz diýip yglan etsin. Diňe bütin endamynyň agaranlygy üçin keselli tämizdir.
14 Emma keselliniň endamynda, ýaranyň içinde gyp-gyzyl et gögeren güni, ol haramdyr.
15 Ruhany ony ýene-de gözden geçirsin. Eger ruhany deridäki, ýaranyň içinde gyp-gyzyl et görse, ol deri kesellini haram diýip yglan etsin. Ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et harapdyr, çünki ol ýokançly deri keselidir.
16 Emma ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et agarsa, ol deri keselli adam ruhanynyň ýanyna gelsin.
17 Ruhany ony gözden geçirsin. Eger ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et agaran bolsa, ruhany deri kesellini tämiz diýip yglan etsin. Ol tämizdir.
18 Eger biriniň endamyna çyban çykyp, gowulaşandan soň çybanyň ýerinde ak pakgarma ýa-da gyzylymtyl ak menek peýda bolsa, ol ruhana görkezilmelidir.
20 Ruhany ony gözden geçirsin, eger şol gyzylymtyl ak menek deriden aşak geçip, ondaky gyllar agaran bolsa, ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Ol çyban çykan ýerden dörän ýokançly deri keselidir.
21 Emma ruhany deri kesellini gözden geçirende, gyzylymtyl ak menegiň üstündäki gyllar agarmadyk bolsa we ol deriden aşak geçmedik bolsa, onda ruhany deri kesellini ýedi günläp aýry saklasyn.
22 Eger gyzylymtyl ak menek onuň bütin endamyna ýaýran bolsa, ruhany ony haram diýip yglan etsin. Bu ýokançly deri keselidir.
23 Emma bu menek bir ýerde bolup, endama ýaýramadyk bolsa, onda bu çybandan galan yzdyr. Ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin.
24 Eger kimdir biriniň endamynda ýanyk bolup, ol ýanyk ýarasy gyzylymtyl ak ýa-da çuw-ak menege öwrülse, ruhany ony gözden geçirsin. Eger menekdäki gyllar agaryp, menek deriden aşak geçen bolsa, bu ýanykdan dörän ýokançly deri keselidir. Ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin.
26 Emma ruhany ony gözden geçirende, menekdäki gyllar agarman, menek deriden aşak geçmän, gaýtam onuň reňki öçüşen bolsa, ruhany ol adamy ýedi günläp aýry saklasyn.
27 Ýedinji gün ruhany ony gözden geçirsin. Eger menek endama ýaýraýan bolsa, ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Bu ýokançly deri keselidir.
28 Emma bu menek bir ýerde bolup, ol endama ýaýraman, gaýtam, onuň reňki öçüşen bolsa, bu ýokançly deri keseli däldir. Ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin, çünki bu ýanyk ýarasyndan galan yzdyr.
29 Erkek adamyň ýa-da aýalyň kellesinde ýa-da eňeginde deri keseli peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli deriden aşak geçip, ondaky gyllar inçejik, sary bolsa, ruhany ony haram diýip yglan etsin. Ol gijilewükdir; ol kellede we eňekde dörän ýokançly deri keselidir.
31 Ruhany gijilewük kesellini gözden geçirsin. Eger gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa we onda gara gyllar ýok bolsa, onda ruhany gijilewükli adamy ýedi gün aýry saklasyn.
32 Ýedinji gün ruhany gijilewükli adamy gözden geçirsin. Eger gijilewük onuň endamyna ýaýramadyk bolsa we onda sary gyllar bolman, gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa, ol keselli adam saçyny syrsyn, emma gijilewügiň üstüni syrmasyn. Ruhany ýaňky gijilewükli adamy ýene-de ýedi gün aýry saklasyn.
34 Ýedinji gün ruhany gijilewük kesellini gözden geçirsin. Eger gijilewük endama ýaýramadyk bolsa we deriden aşak geçmedik bolsa, ruhany ony tämiz diýip yglan etsin. Ol eşiklerini ýuwsun, şondan soň ol tämiz bolar.
35 Eger gijilewük keselli tämiz diýlip yglan edilenden soň, gijilewük onuň endamyna ýaýrasa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger gijilewük endama ýaýran bolsa, onda ruhany sary gyllary tapjak bolup oturmasyn, ol haramdyr.
37 Emma ruhanynyň pikiriçe, gijilewük öňki durşuna galyp, oňa gara gyllar çykan bolsa, onda gijilewük gowulaşandyr. Ol adam tämizdir we ruhany ony tämiz diýip yglan etsin.
38 Erkek adamyň ýa-da aýalyň derisinde ak menekler peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deridäki menekler agymtyl bolsa, bu deride ören örgündir, ol tämizdir.
40 Eger bir adamyň saçy düşen bolsa, ol takyr kelledir, emma tämizdir.
41 Eger onuň maňlaý saçy we depe saçy düşen bolsa, ol takyr kelledir, emma tämizdir.
42 Emma takyr kellede ýa-da maňlaýda gyzylymtyl ak menek peýda bolsa, bu onuň takyr kellesinde ýa-da maňlaýynda dörän ýokançly deri keselidir.
43 Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň takyr kellesindäki ýa-da maňlaýyndaky gyzylymtyl ak menek, deridäki ýokançly deri keseli ýaly bolsa, ol adam ýokançly deri kesellidir we ol haramdyr. Ruhany ýokançly deri kesellidigi üçin, ol adamy haram diýip yglan etsin.
45 Ýokançly deri keseli bolan adam sal-sal eginbaş geýip, saçyny daramasyn we eli bilen agzyny tutup: „Men – haram, men – haram“ diýip gygyrsyn.
46 Ýokançly deri keseli aýrylyp gidýänçä, ol haramdyr. Ol ýeke ýaşamalydyr we düşelgäniň daşynda bolmalydyr».
47 «Egin-eşige degişli kadalar şeýledir. Ýüňden ýa-da zygyr matadan tikilen eşikde, zygyr süýümiň ýa-da ýüňüň erşinde ýa-da argajynda bolsun, deride ýa-da deriden edilen islendik zatda bolsun, parhy ýok, onuň ýaşylrak ýa-da gyzylrak öwüsýän ýeri bar bolsa, ol zeňdir we ol ruhana görkezilmelidir.
50 Ruhany zeňli zady gözden geçireninden soň, ony ýedi günläp aýry saklasyn.
51 Ýedinji günde ruhany zeňli zady ýene-de gözden geçirsin. Eger zeň eşikde, erişde ýa-da argaçda, deride ýa-da islendik bir deriden edilen zatda bolsa, ýaýraýan ýokançly zeňdir we ol haraplanandyr.
52 Erişden tikilen bolsun ýa-da argaçdan, ýüňdenmi ýa-da zygyr süýüminden, ýa-da deriden, parhy ýok, ol zeň ýaýran eşigi ruhany oda ýaksyn.
53 Ruhany ony gözden geçireninde, zeň eşige, erşe ýa-da argaja ýa-da deriden edilen islendik zada ýaýramadyk bolsa, ruhany şol zeňli zadyň ýuwulmagyny buýursyn. Soňra ony ýene-de ýedi günläp aýry saklasyn.
55 Zeň ýokaşan zat ýuwlandan soň, ruhany ony gözden geçirsin. Eger zeňiň reňki üýtgemedik bolsa, hatda zeň ýaýramadyk bolsa-da, ol haraplanandyr. Zeň eşigiň içindemi ýa-da daşynda parhy ýok, ony oda ýakyň.
56 Eger ruhany ony gözden geçirýärkä, bu zatlar ýuwlandan soň, zeňiň reňkiniň öçüşendigini görse, ol zeňi eşikden, erişden ýa-da argaçdan, ýa-da deriden ýyrtyp aýyrsyn.
57 Eger bu zeň eşikde, erişde ýa-da argaçda, ýa-da deriden edilen bir zatda peýda bolup, ol ýaýrap başlasa, zeňli zady oda ýakyň.
58 Emma eşik, eriş, argaç ýa-da deriden edilen islendik zat ýuwlandan soň, zeň aýrylan bolsa, onda ol ikilenç ýuwulsyn, şondan soň ol tämiz bolar.
59 Tämiz ýa-da haraplanan diýip yglan etmek üçin, ýüň ýa-da zygyr matadan tikilen eşikde, erişde, argaçda ýa-da deriden edilen islendik zatda peýda bolan zeň baradaky kadalar şulardan ybaratdyr». ‎