Lewiler kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27


Bap 14

Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ýokançly deri keselli adamyň tämizlenýän döwründäki kadasy şeýledir. Ýokançly deri kesellini ruhanynyň ýanyna getirsinler.
3 Ruhany düşelgäniň daşyna çykyp, ýokançly deri kesellini gözden geçirsin. Eger ýokançly deri keselli adam keselden gutulan bolsa, ruhany tämizlenmeli adam üçin iki sany diri halal guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy-gyzyl reňkli sapagy we ýowşan getirmeklerini buýursyn.
5 Ruhany guşlaryň biriniň içi çeşme suwly toýun gabynyň üstünde soýulmagyny buýursyn.
6 Onuň özi bolsa, diri guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy-gyzyl reňkli sapagy we ýowşany alyp, olary hem-de diri guşy, çeşme suwly toýun gabynyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyrsyn.
7 Onsoň ruhany ýokançly deri keselinden tämizlenmeli adamyň üstüne gandan ýedi gezek sepeläp, ony tämiz diýip yglan etsin. Soňra ol guşy açyk meýdana uçuryp goýbersin.
8 Tämizlenmeli adam geýimlerini ýuwup, endamyndaky ähli tüýlerini syryp ýuwunsyn. Şonda ol tämiz bolar. Soňra ol düşelgä girsin, ýöne ýedi gün geçýänçä, öz çadyryna girmesin.
9 Ýedinji gün ol saçyny, sakgalyny, gaşyny, endamyndaky ähli tüýlerini syrsyn. Soňra ol geýimlerini ýuwup, suwa düşünsin. Şonda ol tämiz bolar.
10 Sekizlenji gün – ol adam iki sany bir ýaşar şikessiz goçy, bir sany şikessiz bir ýaşar guzyny, zeýtun ýagyna garylan ondan üç batmana barabar saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny galla sadakasy hökmünde ruhana getirip bersin.
11 Tämizleýän ruhany tämizlenýän adamy şu zatlar bilen bilelikde Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirsin.
12 Ruhany guzularyň birini alyp, ýazyk gurbanlygy hökmünde bir şakäse zeýtun ýagy bilen bile, olary Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn.
13 Ol guzyny mukaddes ýerde – günä hem-de ýakma gurbanlyk malynyň soýulýan ýerinde soýsun. Çünki ýazyk gurbanlygy-da, edil günä gurbanlygy ýaly, ruhanynyňky bolsun. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr.
14 Ruhany ýazyk gurbanlygynyň ganyndan biraz alyp, ony tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň başam barmagyna we sag aýagynyň başam barmagyna çalsyn.
15 Ruhany şol bir şakäse zeýtun ýagyndan alyp, ony öz çep eliniň aýasyna guýsun.
16 Onsoň çep elindäki ýaga sag eliniň barmagyny batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzurynda sepelesin.
17 Elinde galan ýagdan ruhany tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň başam barmagyna we sag aýagynyň başam barmagyna, ýazyk gurbanlyk malynyň gany sürtülen ýere çalsyn.
18 Elindäki ýagyň galanyny ruhany tämizlenýän adamyň kellesine çalsyn. Şeýdip, ruhany ol adamy Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin.
19 Haram adamy haramlygyndan tämizlemek üçin, ruhany günä gurbanlygyny hödür etsin. Soňra ol ýakma gurbanlyk malynyň damagyny çalsyn.
20 Ruhany gurbanlyk sypasynyň üstünde ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny bersin. Şeýdip, ruhany ony haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol adam tämiz bolar.
21 Eger ol adam garyp bolup, bu zatlara gurby çatmasa, ol haramlygyndan tämizlenmek üçin, Rebbe göterme sadaka hökmünde bir ýaşar goçy, galla sadakasy üçin zeýtun ýagyna garylan bir batmanyň ondan bir bölegine barabar bolan saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny ol ruhana getirip bersin.
22 Şeýle hem ol iki gumrynyň ýa-da iki kepderiniň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin.
23 Sekizlenji gün gurbanlyk berýän adam bu gurbanlyklary özüniň tämizlenmegi üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna, Rebbiň huzuryna getirip, olary ruhana bersin.
24 Ruhany ýazyk gurbanlyk goçuny we bir şakäse zeýtun ýagyny alyp, olary Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn.
25 Ruhany ýazyk gurbanlyk goçuny soýup, onuň ganyndan birazragyny alyp, ony tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmaklaryna çalsyn.
26 Ruhany zeýtun ýagyndan birazragyny, özüniň çep eliniň aýasyna guýsun.
27 Onsoň ruhany sag eliniň barmagyny çep elindäki ýaga batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzurynda sepelesin.
28 Ruhany elindäki ýagdan tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmaklaryna, ýazyk gurbanlygy goçynyň gany sürtülen ýere çalsyn.
29 Elindäki ýagyň galanyny ruhany Rebbiň huzurynda tämizlenýän adamy haramlygyndan tämizlemek üçin, onuň kellesine çalsyn.
30 Soňra ruhany ol adamyň gurbunyň çatyp, getiren gumrularynyň ýa-da kepderileriniň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa ýakma gurbanlygy hökmünde galla sadakasy bilen birlikde hödür etsin. Şeýdip, ruhany tämizlenýän adamy Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin.
32 Ýokançly deri keselli bolup, tämizlenmegi üçin sadaka bermäge gurby çatmaýan kişiler üçin kada şulardan ybaratdyr».
33 Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:
34 «Siz Meniň mülk edip berýän Kengan ýurduma baranyňyzdan soň, Men siziň öýleriňiziň birinde zeň döretsem, şol öýüň eýesi ruhanynyň ýanyna gelip: „Öýümde zeň peýda boldy“ diýsin.
36 Ruhany öýi gözden geçirmäge gitmezden öň, öýüň içindäki bar zatlaryň daşa çykarylmagyny buýursyn, ýogsam, öýüň içindäki ähli zat haraplanar. Soňra ruhany öýi gözden geçirmäge gitsin.
37 Ol zeň ýeri gözden geçirsin. Eger zeň öýüň diwarynda bolup, ýaşylymtyl ýa-da gyzylymtyl menekler görnüşinde diwarda çuň ornan bolsa, ruhany öýden daşa çykyp, öýi ýedi günläp gulplap goýsun.
39 Ýedinji gün ruhany gelip, öýi ýene gözden geçirsin. Eger zeň öýüň diwarlaryna ýaýrap giden bolsa, ruhany zeň ýaýran daşlary aýyrdyp, olary galanyň daşyndaky harap zatlaryň zyňylýan ýerine taşlatsyn.
41 Ruhany öýüň içiniň suwagyny gyrdyryp alyp, ony galanyň daşyndaky harap zatlaryň zyňylýan ýerine taşlatsyn.
42 Aýrylan daşlaryň ýerine başga daşlar örülip, öý täzeden suwalsyn.
43 Daşlary sökülip alnyp, suwagy gyrlyp aýrylyp, täzeden suwalandan soňam, ol öýde zeň peýda bolsa, ruhany baryp, ol öýi ýene-de gözden geçirsin. Eger zeň öýe ýaýran bolsa, ol öý harap saýylsyn.
45 Ol öý ýykylmalydyr, onuň daşlary, agaçlary we öýüň ähli suwaglary, galanyň daşyna, harap zatlaryň zyňylýan ýerine çykarylyp taşlansyn.
46 Kimde-kim „öý ýapyk“ diýlip yglan edilen döwürde oňa girse, ol agşama çenli murdar saýylsyn.
47 Kimde-kim ol öýde ýatsa ýa-da naharlansa, ol geýimlerini ýuwsun.
48 Öý suwalandan soňra, ruhany gelip, öýi gözden geçirsin. Eger öýe zeň ýaýramadyk bolsa, ruhany öýi tämiz diýip yglan etsin, çünki bu zeňiň doly aýryldygydyr.
49 Öýi halallamak üçin ruhany iki sany guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy-gyzyl reňkli sapagy we ýowşany alsyn.
50 Guşlaryň birini içi çeşme suwly toýun gabyň üstünde öldürsin.
51 Onsoň kedr agajynyň bölegini, ýowşany, goýy-gyzyl reňkli ýüpi diri guş bilen bilelikde alyp, olary çeşme suwly toýun gabynyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyrsyn-da, gany ýedi gezek öýüň içine sepelesin.
52 Şeýdip, ruhany öýi guşuň gany, çeşme suwy, diri guşy, kedr agajynyň bölegini, ýowşany we goýy-gyzyl reňkli sapak bilen halallasyn.
53 Ruhany diri guşy galanyň daşyna çykaryp, ony açyk meýdana uçuryp goýbersin. Şeýdip, ol öýi halallasyn, şondan soň öý tämiz bolar.
54 Her hili ýokançly deri keselleri: gijilewük, geýimde we öýde peýda bolan zeň, deri pakgarmasy, gotur, menek ýaly her dürli deri ýokanç keselleriň haçan harap we haçan tämizdigini kesgitleýän kadalar şulardan ybaratdyr». ‎