Lewiler kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27


Bap 18

Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl halkyna şeýle diý: „Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
3 Siz ýaşan ýeriňiz bolan Müsür ýurdunyň we sizi indi alyp barýan ýurdum bolan Kenganyň adatlaryna eýermäň.
4 Siz Meniň hökümlerime, parzlaryma eýerip, olary berjaý ediň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
5 Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý ediň. Olary berjaý eden aman galar. Men – Rebdirin.
6 Hiç biriňiz öz mährem garyndaşyňyz bilen jyns gatnaşygyny etmäň. Men – Rebdirin.
7 Öz ejeň bilen jyns gatnaşygyny edip, kakaňy namysa goýma. Ol seniň ejeňdir, sen onuň bilen jyns gatnaşygyny etmeli dälsiň.
8 Kakaňyň beýleki aýallary bilen-de jyns gatnaşygyny edip, kakaňy namysa goýma.
9 Isle bir öýde, isle başga ýerde doglan bolsun parhy ýok – öz aýal doganyň bilen ýa-da kakaňyň ýa-da ejeňiň gyzy bilen jyns gatnaşygyny etme.
10 Öz ogluňdan bolan gyz agtygyň ýa-da öz gyzyňdan bolan gyz agtygyň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki sen olary biabraý etmek bilen, özüňi-de biabraý edýärsiň.
11 Öweý eneňden bolan öweý aýal doganyň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki ol seniň kakaňdan önen aýal doganyňdyr.
12 Öz ejekeň bilen jyns gatnaşygyny etme, ol seniň kakaňyň aýal doganydyr.
13 Daýzaň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki ol seniň ejeňiň aýal doganydyr.
14 Öz gelnejeňe golaýlaşyp, onuň bilen jyns gatnaşygyny etme, ol seniň gelnejeňdir.
15 Öz gelniň bilen jyns gatnaşygyny etme, ol seniň ogluňyň aýalydyr.
16 Öz doganyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etme, sen öz doganyňy namysa goýarsyň.
17 Bir aýalyň hem özi, hem gyzy bilen jyns gatnaşygyny etme; bir aýalyň hem özi hem gyz agtygy bilen jyns gatnaşygyny etme. Olar seniň mährem garyndaşlaryňdyr, bu azgynlykdyr.
18 Aýalyň dirikä, onuň uýasyny oňa güni edip alma we onuň bilen jyns gatnaşygyny etme.
19 Aýbaşy görýän aýal bilen jyns gatnaşygyny etme.
20 Ýoldaşyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny edip, özüňi haram etme.
21 Öz perzentleriňden hiç birini Molek buty üçin gurbanlyk etme. Çünki şeýle etmek bilen sen öz Hudaýyň adyna ysnat getirersiň. Siziň Hudaýyňyz – Reb Mendirin.
22 Aýal bilen jyns gatnaşygyny edişiň ýaly, erkek bilen jyns gatnaşygyny etme, bu nejislikdir.
23 Hiç bir erkek ýa-da aýal haýwan bilen jyns gatnaşygyny edip, özüni haram etmesin, bu azgynlykdyr.
24 Şu nejislikleriň hiç biri bilen günä etmäň, çünki siziň öňüňizden kowýan milletlerim şu pis işleri zerarly haram boldular.
25 Şeýdip, ýurt harama çykdy. Men ýurdy etmişleri üçin jezalandyrdym. Ýurt öz ilatyndan ýüz dönderdi.
26 Emma siz Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý edip, bu nejis işleri etmäň. Ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de şeýle pis işleri etmesinler.
27 Çünki sizden öň bu ýurtda ýaşan ilat bu nejislikleriň baryny etdi we ýurt harama çykdy.
28 Eger sizem ýurdy harama çykarsaňyz, ozalky milletden ýüz dönderişi ýaly ýurt sizden-de ýüz dönderer.
29 Kimde-kim bu nejisliklerden birini etse, ol öz halkyndan çetleşdirilsin.
30 Sizden öňküleriň eden nejisliklerini gaýtalamazlygyňyz üçin, özüňizi şu zatlar zerarly murdar etmezligiňiz üçin, Meniň buýrugymy berjaý ediň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin“». ‎