Lewiler kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27


Bap 17

Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Haruna, onuň ogullaryna we bütin ysraýyl halkyna aýt, Meniň olara tabşyrygym şeýledir:
3 „Eger ysraýyllardan biri öküzçäni, guzyny ýa-da geçini Rebbe gurbanlyk hökmünde hödürlemek üçin, ýüz tutulýan çadyrynyň agzyna getirmän, onuň özi gurbanlyk malynyň damagyny düşelgäniň içinde ýa-da daşynda çalsa, ol kanuny bozandyr. Çünki ol gurbanlyk malynyň ganyny haram ýere dökdi we şonuň üçin-de ol halkdan çetleşdirilsin.
5 Bu tabşyryk ysraýyl halkynyň açyk meýdanda gurbanlyklar bermegini togtadar. Bu ysraýyl halkynyň öz gurbanlyklaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ruhana getirip bermegi üçindir. Ruhany ol gurbanlyklary Rebbe salamatlyk gurbanlyklary hökmünde hödür eder.
6 Ruhany gany Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky Rebbiň gurbanlyk sypasyna serpsin we ýagy Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ýaksyn.
7 Ysraýyl halky mundan beýläk Rebbe ikilik edip, gurbanlyklaryny but erkeçlerine hödür etmesinler. Bu olara nesilden-nesle ebedilik parz bolsun“».
8 Mundan başga-da olara şuny tabşyr: «Ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri ýakma gurbanlyk ýa-da islendik başga gurbanlyk berip, ony Rebbe hödür etmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirmese, ol adam öz halkyndan çetleşdirilsin.
10 Eger ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri gan iýse, Men ondan ýüz öwrerin we ony öz halkyndan çetleşdirerin.
11 Çünki her bir jandaryň jany – onuň ganyndadyr. Şoňa görä-de Men gany size gurbanlyk sypasynda janlaryňyzy günäleriňizden saplamagyňyz üçin berdim, çünki sizi günäleriňizden saplaýan gandyr».
12 Şonuň üçin Men ysraýyl halkyna şeýle diýdim: «Siziň hiç biriňiz ýa-da araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden hiç biri gan iýmesin.
13 Ysraýyl halkyndan ýa-da araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden biri iýilýän haýwany ýa-da guşy awlasa, ol onuň ganyny akdyryp, üstüni toprak bilen basyrsyn.
14 Çünki her bir jandaryň jany – ganyndadyr». Şonuň üçin Men ysraýyl halkyna şeýle diýdim: «Hiç bir jandaryň ganyny agzyňyza almaň, çünki her bir jandaryň jany – onuň ganyndadyr. Ony iýen Meniň halkymdan çetleşdirilsin.
15 Ähli kişiler – ýerli halkdygyna ýa-da gelmişekdigine garamazdan, haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etini iýenler geýimlerini ýuwsunlar, suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar we soňra tämiz bolarlar.
16 Eger olar geýimlerini ýuwmasalar ýa-da suwa düşmeseler, onda ol öz jezasyny çekmeli». ‎