Bap 1
Bu Hudaýyň, ýakyn wagtda bolmaly zatlary bendelerine görkezmek üçin Isa Mesihe beren ylhamydyr. Hudaý perişdesini iberip, muny guly Ýahýa aýan etdi.
2 Ol hem gören zatlarynyň baryna, Hudaýyň sözüne, Isa Mesihiň şaýatlygyna güwälik edýär.
3 Bu pygamberlik sözlerini okan, onda ýazylanlara gulak asyp, olary berjaý eden bagtyýardyr, çünki garaşylan wagt ýakyndyr!
4 [5-6] Men Ýahýadan Aziýa welaýatyndaky ýedi ýygnaga salam! Häzir bar Bolan, geçmişde bar Bolan we Geljekden, Onuň tagtynyň öňündäki ýedi ruhdan, ölümden ilkinji direlen, bütin dünýä patyşalarynyň hökümdary, dogruçyl güwä Isa Mesihden size merhemet hem parahatlyk bolsun! Şöhrat hem gudrat bizi söýýän, Öz gany bilen günälerimizden azat eden, patyşalyga ýetirip, bizi Atasy Hudaýyň hyzmatynda ruhanylar eden Mesihiňki bolsun! Omyn.
7 Ine, Ol bulutlar bilen gelýär. Her bir göz, Onuň bedenini deşenler hem Ony görer. Ýer ýüzüniň ähli halklary Onuň üçin ýas tutar. Hawa, omyn! Başlangyç we soň Mendirin
8 Häzir bar bolan, geçmişde bar bolan, geljek we her zada güýji ýetýän Reb Hudaý diýýär: «Alfa we Omega, başlangyç we soň Mendirin».
9 Isa degişli biri hökmünde muşakgatda, sabyrda, patyşalykda şärikdeşiňiz bolan men, doganyňyz Ýahýa Hudaýyň Sözi, Isanyň güwäligi sebäpli Patmos diýen adadadym.
10 Rebbiň gününde Ruhdakam ýeňsämden surnaýyňky ýaly gaty bir ses eşitdim.
11 Ol ses: «Görýänleriňi kitaba ýaz-da, ýedi ýygnaga, ýagny Efese, Izmire, Bergama, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.12-
13 Men özüm bilen gepleşýäni görjek bolup öwrüldim. Öwrülemde ýedi altyn şemdan, şemdanlaryň ortasynda bolsa egnindäki lybasy aýaklaryna ýetip duran, göwsüne gyzyldan guşak baglan ynsan ogluna meňzeş birini gördüm.
14 Onuň başy, saçy ýüň ýaly ak, gar ýaly çuw akdy. Gözleri ot ýalny ýalydy.
15 Aýaklary kürede gyzardylan parlak mise meňzeýärdi. Sesi uly suwuň şaggyldysy kimindi.
16 Sag elinde ýedi ýyldyz bardy, agzyndan iki ýüzli kesgir gylyç çykyp durdy, ýüzi bar güýji bilen ýaldyrap duran Gün ýalydy.
17 Men Ony gören badyma, öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Ol sag elini depäme goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji hem iň soňky Mendirin.
18 Diri bolan Mendirin. Men ölüdim, ýöne, ine, ebedilik diridirin. Ölümiň hem ölüler diýarynyň açary Mendedir.
19 Munuň üçin, gören zatlaryňy, şu wagt bolýan zatlary, mundan beýläk boljaklary ýaz.
20 Meniň sag elimde görýän ýedi ýyldyzyň, ýedi altyn şemdanyň syry şeýle: ýedi ýyldyz ýedi ýygnagyň perişdeleri, ýedi şemdan hem ýedi ýygnakdyr».