Bap 7
Mundan soň, Ýeriň dört burçunda duran dört perişdäni gördüm. Bular ýer ýüzüne, deňze ýa-da hiç bir agaja öwüsmesin diýip, ýeriň dört ýelini saklap durdylar.
2 Gündogardan ýokary çykyp barýan başga bir perişdäni-de gördüm. Onda diri Hudaýyň möhüri bardy. Ol ýere, deňze zyýan ýetirmäge özlerine rugsat edilen dört perişdä gaty ses bilen gygyryp:
3 «Biz Hudaýymyzyň gullarynyň maňlaýyna möhür basýançak, ýere, deňze we agaçlara zyýan ýetirmäň!» diýdi.
4 Möhürlenenleriň sanyny eşitdim. Ysraýyl ogullarynyň bütin taýpalaryndan ýüz kyrk dört müň adam möhürlenipdi.
5 Ýahuda taýpasyndan on iki müň adam möhürlenipdi, ruben taýpasyndan on iki müň, gad taýpasyndan on iki müň,
6 aşer taýpasyndan on iki müň, naftaly taýpasyndan on iki müň, menaşşe taýpasyndan on iki müň,
7 şimegon taýpasyndan on iki müň, lewi taýpasyndan on iki müň, issahar taýpasyndan on iki müň,
8 zebulun taýpasyndan on iki müň, ýusup taýpasyndan on iki müň, benýamyn taýpasyndan on iki müň adam möhürlenipdi. Ak don geýnen märeke
9 Mundan soň, her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek bir uly märekesiniň tagtyň hem Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Bular ak don geýnipdi, ellerinde bolsa hurma agajynyň pürleri bardy.
10 Olar batly ses bilen gygyryp şeýle diýýärdiler: «Halas etmek tagt üstünde oturan Hudaýymyza we Guza mahsusdyr!»
11 Hemme perişdeler tagtyň, ýaşulularyň we dört janly mahlugyň daşyny alşyp durdular. Olar tagtyň öňünde ýykylyp, ýüzlerini ýere diräp, Hudaýa sežde edip, şeýle diýýärdiler:
12 «Omyn. Öwgi, şöhrat, akyldarlyk, şükür, hormat, güýç we gudrat ebedilik Hudaýymyzyňky bolsun. Omyn!»
13 Onsoň ýaşululardan biri söze başlap, menden: «Bu ak don geýnenler kim, nireden gelipdirler?» diýip sorady.
14 Men: «Muny sen bilýärsiň, agam!» diýdim. Ol maňa şeýle diýdi: «Bular şol agyr muşakgatdan çykyp gelenler. Bular donlaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, çuw ak etdiler.
15 Munuň üçin olar Hudaýyň tagtynyň öňünde bolup, Onuň ybadathanasynda Oňa gije-gündiz hyzmat edýärler. Tagtda Oturan bolsa Öz çadyryny olaryň üstüne bürär.
16 Olar indi ajykmaz, suwsamaz. Olaryň üstüne ne gün, ne-de başga bir jöwza düşer.
17 Çünki tagtyň ortasyndaky Guzy olary otarar, ýaşaýyş suwunyň çeşmelerine elter. Hudaý olaryň gözlerinden bütin ýaşlaryny süpürer».