Bap 6
Onsoň Guzynyň ýedi möhüriň birini açanyny gördüm. Şonda janly dört mahlugyň biriniň gök gürrüldisine meňzeş ses bilen «Gel» diýenini eşitdim.
2 Seretdim, ine, öňümde bir ak at durdy. Atyň üstünde oturanyň ýaýy bardy. Oňa bir täç berildi we ýeňsin diýip, ýeňip çykdy.
3 Guzy ikinji möhüri açanda, ikinji janly mahlugyň «Gel, seret» diýenini eşitdim.
4 Şonda bir başga at, bir çypar at göründi. Onuň üstünde oturana dünýäden parahatçylygy aýyrmaga, adamlara biri-birlerini öldürtmäge rugsat edildi. Oňa bir uly gylyç hem berildi.
5 Guzy üçünji möhüri açanda, üçünji janly mahlugyň «Gel, seret» diýenini eşitdim. Seretdim, öňümde bir gara at durdy. Onuň üstünde oturanyň elinde bir terezi bardy.
6 Janly dört mahlugyň ortasynda göýä bir sesiň: «Bir ölçeg bugdaý bir dinara, üç ölçeg arpa bir dinara, ýöne zeýtun ýagy bilen şeraba zyýan berme!» diýenini eşitdim.
7 Guzy dördünji möhüri açanda, dördünji mahlugyň «Gel, seret» diýenini eşitdim.
8 Seretdim, ine öňümde bir reňki öçük at durdy. Atyň üstünde oturanyň ady ölümdi, ölüler diýary onuň yzyndan gelýärdi. Oňa gylyç bilen, açlyk bilen, mergi bilen, ýer ýüzüniň wagşy haýwanlary bilen ynsanlary öldürmäge ýer ýüzüniň dörtden biri barada ygtyýar berildi.
9 Guzy bäşinji möhüri açanda, gurbanlyk edilýän ýeriň aşagynda Hudaýyň sözi, oňa eden güwälikleri üçin öldürilenleriň janlaryny gördüm.
10 Olar batly ses bilen gygyryp şeýle diýýärdiler: «Eý mukaddes, hakyky Baýar! Sen haçana çenli ýer ýüzünde ýaşaýanlary höküm edip, biziň ganymyzy olardan aljak däl?»
11 Olaryň her birine bir ak don berlip, özleri kimin öldüriljek ýoldaşlarynyň, doganlarynyň sany tamamlanýança, ýene az salym garaşmagy islendi.
12 Guzy altynjy möhüri açanda, ine, Ýeriň gaty çaýkananyny gördüm. Gün gara tüýden edilen jul kimin garalyp, bütin Aý gan ýaly boldy.
13 Bir injir agajynyň güýçli ýel bilen yralyp, çig injirlerini döküşi ýaly, gögüň ýyldyzlary-da ýer ýüzüne gaçdy.
14 Gök hem düýrlenen kagyz kimin gözden ýitdi. Ähli dag, ada ýerinden gozgandy.
15 Dünýäniň patyşalary, ululary, serkerdeleri, baýlary, güýçlüleri, bütin gul we azat adamlary gowaklarda, daglaryň gaýalarynda gizlendiler.
16 Olar daglara hem gaýalara şeýle diýdiler: «Biziň üstümize ýykylyň! Bizi tagt üstünde Oturanyň ýüzünden, Guzynyň gazabyndan gizläň.
17 Çünki Onuň gazabynyň uly güni geldi, Onuň öňünde kim durup biler?»