Bap 17
Ýedi käseli ýedi perişdäniň biri gelip, meniň bilen gepleşip, şeýle diýdi: «Gel, men saňa köp suwlaryň ýüzünde oturan uly kemçiniň jezasyny görkezeýin.
2 Ýer ýüzüniň patyşalary onuň bilen zyna etdi, ýer ýüzünde ýaşaýanlar onuň zyna şerabyndan serhoş boldy».
3 Onsoň perişde meni Ruhda çöle äkitdi. Men ol ýerde ýedi başly, on şahly, endamy küpür atlaryndan doly gyzyl janawaryň üstünde oturan bir aýaly gördüm.
4 Aýal goňur hem gyrmyzy eşikler geýnip, altyn, gymmatbaha daşlar, dürler bilen bezenipdi. Elinde bolsa ýigrenji zatlardan, zyna çirkinden doly altyn käse bardy.
5 Onuň maňlaýynda «Beýik Babyl, dünýä kemçinleriniň we ýigrenjileriniň enesi» diýen syrly at ýazylgydy.
6 Onsoň aýalyň mukaddesleriň, Isa güwälik edenleriň ganyndan serhoş bolanyny gördüm. Muny görüp, gaty geňirgendim.
7 Perişde maňa şeýle diýdi: «Nämä geňirgendiň? Aýalyň, ony göterýän ýedi başly, on şahly janawaryň syryny men saňa aýdaýyn.
8 Seniň gören janawaryň bir wagtlar bardy, ýöne indi ýok. Ol dowzahdan çykyp, heläk bolmaga gider. Ýer ýüzünde ýaşaýanlar, ýagny dünýä gurlaly bäri atlary ýaşaýyş kitabynda ýazylmadyklar janawary görende geňirgener, çünki ol bir wagtlar bardy, indi ýok, ýöne ýene geler.
9 Bu ýerde düşünmek üçin akyldarlyk gerek. Ýedi baş aýalyň üstünde oturan ýedi dagydyr. Olar hem patyşalardyr.
10 Bularyň bäşisi ýykyldy, indi biri bar, ol biri entek gelenok. Gelende az wagt galmalydyr.
11 Bir wagtlar bar bolup, indi ýok janawar bolsa sekizinjidir. Ol ýedilerden bolup, indi heläk bolmaga barýar.
12 Seniň gören on şahyň entek patyşalyga ýetmedik on patyşadyr. Olara janawar bilen bile bir sagat patyşalyk etmäge ygtyýar berler.
13 Bularyň maksady bir bolar, güýçlerini hem ygtyýarlaryny janawara bererler.
14 Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy rebleriň Rebbi, patyşalaryň Patyşasydyr. Onuň ýanyndakylar çagyrylan, saýlanan we sadyk galanlardyr».
15 Ýene perişde maňa şeýle diýdi: «Şu gören suwlaryň, ýagny kemçiniň oturan suwlary halklar, märekeler, milletler hem dillerdir.
16 Gören janawaryň we on şah kemçini ýigrenip, daşyny çolardyp, ony ýalaňaçlar. Onuň etini iýip, özüni-de otlar.
17 Çünki Hudaý Öz maksadyny amala aşyrma islegini olaryň ýüregine guýdy. Şeýdip, Hudaýyň sözleri amala aşýança, özleriniň patyşalyk ygtyýaryny janawara bermekde pikirdeş bolarlar.
1
8 Gören aýalyň dünýä patyşalaryna patyşalyk eden uly şäherdir!»