Ýahýa gelen ylham

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22


Bap 15

Men Gökde başga bir uly hem geň alamat gördüm: bu soňky ýedi belany getirýän ýedi perişdedi. Hudaýyň gazaby bu belalar bilen soňlanýardy.
2 Ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Janawary, onuň suratyndaky buty, onuň adynyň sanyny ýeňenler Hudaýyň beren arfalaryny ellerine alyp, çüýşeden deňziň üstünde durdular.
3 Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdyp, şeýle diýýärdiler: «Güýji her zada ýetýän Reb Hudaý, Seniň işleriň uly hem geňdir. Eý, milletler patyşasy, Seniň ýollaryň dogry hem hakdyr!
4 Ýa Reb, Senden gorkman, adyňy Şöhratlandyrmajak kimdir? Çünki mukaddes diňe Sensiň! Bütin milletler gelip, Seniň öňüňde sežde eder. Çünki Seniň adyl işleriň aýan boldy».
5 Mundan soň Gökdäki ybadathananyň, ýagny güwälik çadyrynyň açylanyny gördüm.
6 Ýedi belany getirýän ýedi perişde tämiz, parlak keteni geýnip, gursaklaryna altyn guşak baglap, ybadathanadan çykdylar.
7 Janly dört mahlugyň biri ýedi perişdä ebedilik ýaşaýan Hudaýyň gazabyndan doly ýedi altyn käse berdi.
8 Ybadathana Hudaýyň şöhratynyň, gudratynyň tüssesinden doldy. Ýedi perişdäniň ýedi belasy gutarýança, hiç kim ybadathana girip bilmedi.