Bap 9
Bäşinji perişde surnaý çaldy. Men Gökden ýere gaçan bir ýyldyz gördüm. Ýyldyza düýpsüz dowzah guýusynyň açary berlipdi.
2 Ol düýpsüz guýyny açanda, guýudan ojagyň tüssesi ýaly tüsse çykdy. Guýynyň tüssesinden Gün hem howa garaldy.
3 Tüsseden ýer ýüzüne çekirtge ýagdy. Olara-da ýer ýüzündäki içýanlara berlişi ýaly, gudrat berlipdi.
4 Olara ýer ýüzüniň otuna, hiç bir gök ösümlige, hiç bir agaja däl-de, diňe maňlaýynda Hudaýyň möhüri bolmadyk adamlara zyýan ýetirmek buýruldy.
5 Olara hiç kimi öldürmän, bu adamlary bäş aýlap gynamaga ygtyýar berildi. Gynaýyşlary bir içýanyň adamy çakanda berýän yzasyna meňzeýärdi.
6 Ol günlerde ynsanlar ölümi agtarar, ýöne ony tapyp bilmezler. Ölümi küýsär, ýöne ölüm olardan gaçar.
7 Çekirtgeleriň görnüşi söweşe taýýarlanan atlaryňka meňzeýärdi. Başlarynda altyn täç ýaly başlyklar bardy, ýüzleri adamyň ýüzüne meňzeşdi.
8 Saçlary aýalyň saçy, dişleri-de arslanyňky ýalydy.
9 Olaryň demir sowutlar ýaly, döş sowutlary bardy. Ganatlarynyň sesi söweşe çapýan köp sanly arabaly atlaryň çykarýan sesine meňzeýärdi.
10 Içýanlaryňka meňzeş guýruklary, iňňeleri bardy. Adama bäş aýlap zyýan ýetirýän gudratlary guýruklaryndady.
11 Olaryň üstünden dowzah guýusynyň perişdesi patyşalyk edýärdi. Bu perişdäniň ady ýewreýçe Abaddon, grekçe Apoliondyr.
12 Birinji «Waý» geçdi, ine, mundan soň ýene iki «Waý» gelýär.
13 Altynjy perişde surnaý çaldy. Men Hudaýyň öňündäki altyndan gurbanlyk edilýän ýeriň dört şahyndan bir ses eşitdim.
14 Ses eli surnaýly altynjy perişdä: «Uly Ýewfrat derýasynyň ýanynda daňylgy duran dört perişdäni goýber!» diýdi.
15 Şeýle, şol sagat, şol gün, şol aý we şol ýyl üçin taýýarlanan dört perişde ynsanlaryň üçden birini öldürsin diýip goýberildi.
16 Bularyň atly goşunynyň sany iki ýüz milliondy; sanlaryny eşitdim.
17 Atlary, olaryň üstündäkileri şeýle görnüşde gördüm: atlylaryň ot, gök ýakut hem kükürt reňkli sowutlary bardy. Atlaryň kellesi arslanyň kellesine meňzeýärdi, agyzlaryndan bolsa ot, tüsse, kükürt çykýardy.
18 Ynsanlaryň üçden biri olaryň agzyndan çykýan otdan, tüsseden we kükürtden ― bu üç beladan öldi.
19 Çünki atlaryň gudraty agzynda hem guýrugyndadyr. Sebäbi ýylana meňzeş guýruklarynyň başlary bolup, bular bilen zyýan berýändirler.
20 Galan ynsanlar, ýagny bu belalardan ölmän galanlar jynlara, öz elleri bilen ýasan, görüp, eşidip we ýöräp bilmeýän altyn, kümüş, mis, daş we agaç butlaryna sežde etmekden el çekip toba etmediler.
21 Olar adam öldürmeden, jadygöýlükden we ogrulykdan toba etmediler.