Bap 5
Tagtyň üstünde Oturanyň sag elinde içi-daşy ýazgyly, ýedi möhür bilen möhürlenen bir kitap gördüm.
2 «Kitaby açmaga, onuň möhürlerini döwmäge kim mynasyp?» diýip, gaty ses bilen gygyrýan bir güýçli perişdäni hem gördüm.
3 Emma kitaby açyp, onuň içine seretmegi başarjak adam ne Gökde, ne ýer ýüzünde, ne-de ýer astynda bardy.
4 Men köp agladym. Çünki kitaby açmaga, onuň içine seretmäge mynasyp hiç kim tapylmady.
5 Şonda ýaşululardan biri maňa şeýle diýdi: «Aglama! Ine, Ýahuda taýpasyndan, Dawudyň kökünden bolan Arslan ýeňdi. Ol kitaby we kitabyň ýedi möhürini açmagy başarar».
6 Men tagtyň ortasynda, janly dört mahluk bilen ýaşulularyň arasynda, damagy çalnana meňzeş bir Guzy gördüm. Guzynyň ýedi şahy hem ýedi gözi bardy. Bu gözler Hudaýyň bütin dünýä iberilen ýedi Ruhudyr.
7 Guzy geldi-de, tagtyň üstünde Oturanyň sag elinden kitaby aldy.
8 Ol kitaby alanda, janly dört mahluk, ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýere ýykyldylar. Olaryň her biriniň bir arfasy we mukaddesleriň dogalary bolan buhurlardan doly altyn käseleri bardy.
9 Olar bir täze aýdym aýdýardylar: «Sen kitaby almaga, kitabyň möhürlerini açmaga mynasypsyň. Çünki damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen bizi her taýpadan, her dilden, her halk we her milletden Hudaýa satyn aldyň.
10 Bizi Hudaýymyzyň hyzmatynda patyşalyk ýagdaýyna sokup, ruhany etdiň. Biz dünýä üstünden höküm süreris».
11 Onsoň seretdim, tagtyň, janly mahluklaryň hem ýaşulularyň töwereginde bir topar perişdäniň sesini eşitdim. Olaryň sany müňlerçe müňler, on müňlerçe on müňlerdi.
12 Olar batly ses bilen: «Damagy çalnan Guzy güýji, baýlygy, akyldarlygy, gudraty, hormaty, şöhraty we öwgini almaga mynasypdyr» diýýärdiler.
13 Onsoň Gökdäki, ýer ýüzündäki, ýer astyndaky we deňizdäki her mahlugyň, älemdäki bar zadyň: «Öwgi, hormat, şöhrat we gudrat ebedilik tagt üstünde Oturanyňky hem Guzynyňky bolsun!» diýenini eşitdim.
14 Janly dört mahluk «Omyn» diýýär, ýaşulular-da ýere ýykylyp sežde edýärdi.