Bap 18
Mundan soň uly ygtyýarly başga bir perişdäniň Gökden aşak inenini gördüm. Onuň dabarasyndan ýer ýüzi ýagtyldy.
2 Perişde güýçli ses bilen gygyryp şeýle diýdi: «Ýykyldy! Uly Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň jaýy, her hili murdar ruhuň mekany, her pis we ýigrenji guşuň penasy boldy.
3 Çünki hemme milletler onuň azgyn zyna şerabyndan içdi. Dünýäniň patyşalary onuň bilen zyna etdi. Dünýäniň täjirleri onuň güýçli aýşy-eşretinden baýady».
4 Men Gökden başga bir ses eşitdim, ses şeýle diýýärdi: «Eý halkym! Onuň günälerine şärik bolup, onuň belalaryna uçramazlyk üçin, ol ýerden çyk.
5 Çünki onuň günäleri küdelenip göge ýetdi, Hudaý onuň günälerini ýatlady.
6 Ol näme beren bolsa, siz hem şonuň öwezini şeýle beriň. Edenleriniň öwezini iki esse edip beriň. Taýýarlan käsesini oňa iki esse dolduryp beriň.
7 Ol özüni näçe şöhratlandyryp, aýşy-eşret eden bolsa, şonça-da oňa dert, gam-gussa beriň. Çünki ol öz ýüreginden: „Men melike bolup otyryn, men dul däl, asla gam-gussa ýüzüni görmerin!" diýýär.
8 Şonuň üçin, oňa uçrajak belalar: ölüm, gam-gussa, açlyk bir günüň içinde geler, ot ony ýakar. Çünki ony höküm eden Reb Hudaý güýçlüdir.
9 Onuň bilen zyna eden, onuň aýşy-eşretinde ýaşan bu dünýäniň patyşalary ony ýakan oduň tüssesini görenlerinde, oňa aglaşyp, gursaklaryna urarlar.
10 Olar onuň çekýän derdiniň gorkusyndan daşda durup: „Waý, waý! Uly şäher, güýçli şäher Babyl! Seniň hökümiň bir sagadyň içinde geldi!" diýer.
11 Dünýä täjirleri oňa aglap ýas tutar. Çünki indi olaryň mallaryny satyn aljak ýok.12-
13 Altyny, kümşi, gymmatbaha daşlary, dürleri, nepis ketenini, ýüpek, goňur we gyrmyzy matalary, dürli ysly agajy, pil süňkünden ýasalan dürli gaplary, gymmatbaha agaçlardan, mis, demir we mermerden ýasalan dürli harytlary, dalçyn we beýleki tagamlyklary, buhurlary, ysly ýag, ladan, şerap, zeýtun ýagy, kepeksiz un we bugdaýy, sygyrdyr goýunlary, atlary, arabalary, gullary, ýagny ynsanlaryň janyny satyn aljak indi ýok.
14 Olar: „Janyň islän miweleri ýitip gitdi. Bütin bolelinligiň, göz gamaşdyryjylygyň ýom-ýok boldy. Indi asla tapyp bilmersiň" diýer.
15 Ol şäherde bu mallary satyp baýan täjirler onuň çeken derdinden gorkup, daşda durar, aglap, ýas tutup:
16 Waý, waý nepis keteni, goňur we gyrmyzy geýnen, altyn, gymmatbaha daşlar, dürler bilen bezenen beýik şäher!17-
18 Şeýle uly baýlyk bir sagadyň içinde ýogaldy!" diýer. Ähli gämiçi, ähli deňiz ýolagçysy, deňizçiler, deňizden gün görýänleriň bary, ony ýakan oduň tüssesini görenlerinde, daşda durup, „Beýik şähere meňzeş şäher barmydy?" diýip gygyryşdylar.
19 Başlaryndan gum sowrup, aglap ýas tutdular. „Waý, waý! Beýik şäher!" diýip gygyryşdylar we şeýle diýdiler: „Deňizde gämisi bolanyň hemmesi onuň gymmatly mallaryndan baýapdy, ýöne ol bir sagadyň içinde ýogaldy".
20 Eý Gök we mukaddesler, resullar we pygamberler! Onuň ýagdaýyna begeniň. Çünki Hudaý ony höküm edip siziň hakyňyzy aldy».
21 Onsoň bir güýçli perişde degirmeniň daşy ýaly uly daşy galdyryp, deňze zyňdy we şeýle diýdi: «Beýik şäher Babyl, ine, şunuň ýaly güýç bilen zyňlansoň tapylmaz.
22 Arfaçylaryň, bagşylaryň, tüýdükçi we surnaýçylaryň sesi indi senden eşidilmez. Indi senden hiç bir sungatyň sungatçysy tapylmaz. Senden indi hiç bir degirmeniň sesi eşidilmez.
23 Indi sende bir çyranyň-da yşygy ýagty salmaz, indi senden gelinlerdir ýigitleriň sesi eşidilmez! Seniň täjirleriň dünýäniň ulularydy. Bütin milletler seniň jadyň bilen azaşypdy.
24 Pygamberleriň gany, mukaddesleriň, ýer ýüzünde öldürilenleriň ählisiniň gany senden tapylypdy».