Ýahýa gelen ylham

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22


Bap 21

Mundan soň bir täze Gök bilen bir täze Ýer gördüm. Çünki öňki Gök, öňki Ýer aradan aýrylypdy. Indi deňiz hem ýokdy.
2 Onsoň men öz adamsy üçin taýýarlanan bezegli gelin ýaly, Gökden Hudaýyň ýanyndan aşak inip gelýän mukaddes şäher täze Iýerusalimi gördüm.
3 Gökden bir batly sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Hudaýyň çadyry şindi ynsanlaryň arasynda. Hudaý olar bilen bile ýaşar. Olar Onuň halky bolar, Hudaýyň Özi-de olaryň arasynda bolar.
4 Ol olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy».
5 Tagtyň üstünde Oturan: «Ine, ähli zady täzeleýärin» diýdi. Soňra maňa: «Bulary ýaz! Çünki bu sözler ygtybarly, çyndyr» diýdi.
6 Maňa şeýle diýdi: «Boldy! Alfa we Omega, başlangyç we soň Mendirin. Men suwsana ýaşaýyş suwunyň çeşmesinden mugt suw bererin.
7 Ýeňen, ine, bulary miras alar. Men onuň Hudaýy, ol-da Meniň oglum bolar.
8 Emma gorkagyň, imansyzyň, ýigrenjiniň, ganhoryň, zynagäriň, jadygöýüň, butparazyň, bütin ýalançylaryň soňy kükürt bilen ýanýan ot kölüdir. Ikinji ölüm budur».
9 Soňky ýedi bela bilen doly ýedi käseli ýedi perişdäniň biri gelip, meniň bilen gepleşdi: «Gel, men saňa Guza aýal boljak gelni görkezeýin» diýdi.
10 Perişde meni Ruhda bir uly, belent daga äkitdi. Ol ýerden maňa Hudaýyň şöhraty arkaly parlaýan mukaddes şäher Iýerusalimi Gökden Hudaýyň ýanyndan inip gelýärkä görkezdi.
11 Onuň parlaklygy bir juda gymmat daşyň, kristallaşan ýaşma daşynyň parlaklygy kimindi.
12 Uly hem belent diwarlary bardy, on iki derwezesi, derwezeleri saklaýan on iki perişdesi bardy. Derwezeleriň ýüzünde Ysraýyl ogullarynyň on iki taýpasynyň ady ýazylgydy.
13 Gündogarda üç derweze, demirgazykda üç derweze, günortada üç derweze, günbatarda üç derweze bardy.
14 Şäher diwarynyň on iki binasy bolup, ýüzünde Guzynyň on iki resulynyň ady ýazylgydy.
15 Meniň bilen gepleşen perişdäniň elinde şäheri, şäheriň derwezeleri bilen diwarlaryny ölçär ýaly altyndan ölçeg agajy bardy.
16 Şäher dört burçluk bolup, boýy bilen ini deňdi. Perişde şäheri ölçedi, bir ýany on iki müň ok atym çykdy. Boýy, ini, beýikligi deňdi.
17 Perişde diwarlary-da ölçedi. Onuň ulanýan adam ölçegi boýunça beýikligi ýüz kyrk dört arçyn çykdy.
18 Diwarlar ýaşmadan salnypdy. Şäher bolsa sap çüýşä meňzeş sap altyndandy.19-
20 Şäher diwarlarynyň binalary her hili gymmatbaha daşlar bilen bezelipdi. Birinji bina daşy ýaşma, ikinjisi gök ýakut, üçünjisi hakyk, dördünjisi zümerret, bäşinjisi ak hakyk, altynjysy gyrmyzy hakyk, ýedinjisi sary ýakut, sekizinjisi gök zümerret, dokuzynjysy ýaşyl ýakut, onunjysy sary zümerret, on birinjisi Ýemen daşy, on ikinjisi goňur ýakutdy.
21 On iki derweze on iki dürdendi, ýagny her derweze bir dürden ýasalypdy. Şäheriň köçesi dury çüýşe ýaly sap altyndandy.
22 Bu şäherde ybadathana görmedim. Çünki her zada güýji ýetýän Reb Hudaý we Guzy şäheriň ybadathanasydyr.
23 Şäheriň özüni ýagtylandyrmagy üçin, Günüň ýa-da Aýyň geregi ýok. Çünki Hudaýyň ýalkymy ony ýagtylandyrýar. Guzy hem onuň çyrasydyr.
24 Milletler şäheriň yşygynda gezer. Dünýäniň patyşalary şöhratlaryny bu ýere getirer.
25 Şäheriň derwezeleri günuzyn ýapylmaz. Hawa, ol ýerde gije bolmaz.
26 Milletler şöhrat hem baýlyklary bilen oňa geler.
27 Oňa hiç bir hapa zat, ýigrenji we galp işler edeniň hiç biri girmez, diňe atlary Guzynyň ýaşaýyş kitabynda ýazylanlar girer.