Ýahýa gelen ylham

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22


Bap 12

Gökden bir uly alamat göründi. Bu Güni geýnen bir aýaldy. Onuň aýaklarynyň aşagynda Aý, başynda on iki ýyldyzdan ybarat täç bardy.
2 Aýal göwrelidi. Dogurjak bolup, burgusy tutup gygyrýardy.
3 Gökden başga bir alamat göründi. Bu bolsa ýedi başly, on şahly, başlarynda ýedi täji bolan gyzyl reňkli uly aždarhady.
4 Ol Gökdäki ýyldyzlaryň üçden birini guýrugy bilen süýräp, ýer ýüzüne zyňdy. Onsoň çaga dogan badyna ony ýuwutmak üçin, çaga dogurjak bolup oturan aýalyň öňünde durdy.
5 Aýal bir ogul ― bütin milletleri demir taýak bilen bakjak bir oglan dogurdy. Onuň çagasyny alyp, Hudaýyň ýanyna, Hudaýyň tagtyna eltdiler.
6 Aýal çöle gaçyp gitdi. Ol ýerde müň iki ýüz altmyş günläp iýmitlener ýaly, Hudaý tarapyndan onuň üçin taýýarlanan bir ýer bardy.
7 Gökde uruş turdy. Mikaýyl we onuň perişdeleri aždarha bilen uruşdylar. Aždarha-da öz perişdeleri bilen gaýtawul berdi.
8 Ýöne ýeňmäge güýji ýetmän, Gökdäki ýerlerini elden berdiler.
9 Iblis ýa şeýtan diýip atlandyrylan uly aždarha, bütin dünýäni azdyrýan köne ýylan perişdeleri bilen ýer ýüzüne zyňyldy.
10 Onsoň men Gökden bir batly ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Hudaýymyzyň halas edişi, güýji, patyşalygy we Onuň Mesihiniň gudraty indi amala aşdy. Çünki doganlarymyzyň aýyplaýjysy, olary Hudaýymyzyň öňünde gije-gündiz aýyplaýan aşak zyňyldy.
11 Doganlarymyz Guzynyň ganynyň saýasynda, eden güwälikleriniň sözüniň saýasynda ony ýeňdiler, ölüm derejesine çenli jan söýgüsinden el çekdiler.
12 Eý Gök we Gökde ýaşaýanlar, munuň üçin begeniň! Ýer we deňiz, waý, siziň halyňyza! Çünki iblis wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba münüp, siziň üstüňize geldi».
13 Aždarha özüniň ýer ýüzüne zyňlandygyny görende, ýaňky oglan dogran aýaly kowalamaga başlady.
14 Aýala, ýylanyň öňünden çöle ― üç ýarym ýyl iýmitlenjek ýerine uçup gaçar ýaly, uly bürgüdiň iki ganaty berildi.
15 Ýylan aýaly sile äkitdirjek bolup, agzyndan onuň yzyndan derýa ýaly suw akdyrdy.
16 Emma Ýer agzyny açyp, aždarhanyň agzyndan akdyran derýasyny ýuwdup, aýala kömek etdi.
17 Onsoň aždarha aýala gaharlandy. Aýalyň neslinden galan we Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa şaýatlyk edýänler bilen uruşmaga gitdi.