Ýahudanyň haty

1


Bap 1

Isa Mesihiň guly, Ýakubyň dogany Ýahudadan Ata Hudaý tarapyndan mukaddes edilip, Isa Mesihde saklanýan çagyrylanlara salam!
2 Size rehim, parahatlyk, söýgi eçilsin!
3 Eý, söýgüli doganlar, men size ortak gutulyşymyz hakda ýazmak üçin bütin gaýratymy sarp edip, mukaddeslere bir gezek tabşyrylan iman ugrunda göreşiň diýip ýazmaga, nesihat bermäge mejbur boldum.
4 Çünki Hudaýymyzyň merhemetini ahlaksyzlyga öwren, ýalňyz Baýarymyz Hudaýy we Rebbimiz Isa Mesihi inkär edýän hudaýsyzlar, gadymdan şu höküm üçin bellenen käbir adamlar ogrynça araňyza sokuldylar.
5 Ýöne muny ozal bilýän hem bolsaňyz, Rebbiň Müsür diýaryndan halky bir gezek gutarandan soň, ikinji gezek iman etmedikleri heläk edenligini size ýatladasym gelýär.
6 Ol öz mertebelerini saklaman, mesgenlerini terk eden perişdeleri hem ebedi zynjyrlar bilen baglap, tümlük astynda magşar günüň hökümine saklady.
7 Şeýle, Sodom, Gomorra we olaryň töweregindäki şäherler hem zynahorluga berlip, jyns azgynlygyna eýerip, ebedi ot jezasyny çekmek bilen göreldä goýuldy.
8 Şonuň ýaly, bu düýş görüjiler hem teni nejisleýär, häkimiýeti äsgermeýär, şöhratly güýçlere sögýär.
9 Baş perişde Mikaýyl Musanyň jesedi barada iblis bilen çekişip, jedelleşende oňa sögmän, bir höküm getirmäge-de ýürek etmän, diňe: «Saňa Reb käýesin!» diýdi.
10 Emma bular bilmeýän zatlaryna sögýärler; pähimsiz haýwanlar ýaly tebigatyna görä düşünýän zatlary olary heläk edýär.
11 Waý, olaryň halyna! Çünki olar Kabylyň ýoluny tutdular, muzd üçin özlerini Balamyň hatasyna tabşyrdylar, Korahyň topalaňynda heläk boldular.
12 Bular siz bilen gorkusyz iýip-içip, diňe özlerini bakan mahallary siziň muhabbet zyýapatlaryňyza tegmilt bolýarlar. Ýel bilen kowlan suwsuz bulutlar, iki gezek ölen, kökünden goparylan miwesiz güýz agaçlary,
13 öz biabraýçylygynyň köpügini saçýan ýowuz deňiz tolkunlary, sergezdan ýyldyzlardyrlar. Baky garaňky tümlük olar üçin saklanandyr.
14 Adamdan soňra ýedinji bolan Hanok hem bular hakda welilik edip, şeýle diýipdir:
15 «Hudaýsyzlyk bilen eden bütin hudaýsyz işleri zerarly, hudaýsyz günäkärleriň Oňa aýdan ähli paýyş sözleri zerarly, hemmeleriň üstünden höküm çykarmaga, bütin hudaýsyzlary höküm etmäge Reb, ine, müňlerçe mukaddesi bilen geldi».
16 Bular hüňürdeýän, öz bijelerinden närazy, erbet höweslerinde gezýänlerdir. Olaryň agzy gopbamsy sözler aýdýandyr, nep üçin ikiýüzlülik edýändirler.
17 Emma siz, eý, söýgüli doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň resullarynyň öňünden aýdan sözlerini ýada salyň.
18 Olar size: «Soňky wagtlarda öz hudaýsyzlyklarynyň höweslerine görä gezýän ýaňsylaýjylar bolar» diýip aýdardylar.
19 Bular aýralyk salýan, Mukaddes Ruhdan mahrum tebigy adamlardyr.
20 Eý, söýgüli doganlar, siz özüňizi iň mukaddes imanyňyzyň üstünde gurup, Mukaddes Ruhda doga edip,
21 ebedi ýaşaýyş üçin Rebbimiz Isa Mesihiň rehimine garaşyň, özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň.
22 Şübhe içinde bolan käbirlerine rehimdar boluň.
23 Käbirlerini gorky bilen, otdan çekip gutaryň. Käbirlerine bolsa günäli ten bilen hapalanan lybasy-da ýigrenip, rehimdar boluň.
24 Halasgärimiz ýalňyz Hudaý sizi büdremekden goramagy, şöhratynyň huzurynda uly şatlyk bilen tegmiltsiz duruzmagy başarýandyr.
25 Şöhrat, ululyk, gudrat we häkimiýet Rebbimiz Isa Mesih arkaly ähli döwürlerden öň, häzir we ähli döwürleriň dowamynda Hudaýyňky bolsun! Omyn.