Ýahýanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 9

Geçip barýarka, Isa bir doga kör adamy gördi.
2 Şägirtleri Ondan: «Mugallym, bu adamyň kör bolup dogulmagyna kim günäkär, munuň özümi ýa ene-atasy?» diýip soradylar.
3 Isa olara şeýle jogap berdi: «Ne munuň özi günä etdi, ne-de ene-atasy; bu onda Hudaýyň işleriniň görkezilmegi üçin boldy.
4 Özümi Ibereniň işlerini Men gündiz etmeli. Gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez.
5 Men dünýädekäm, dünýäniň nurudyryn».
6 Ol şeýle diýip, ýere tüýkürdi-de, tüýküliginden palçyk ýasady, palçygy bolsa körüň gözüne sürtdi.
7 Onsoň oňa: «Git-de, Siloam howzunda ýuwun» diýdi. Ol gidip ýuwundy, yzyna gaýdyp gelende, onuň gözi açykdy.
8 Goňşulary we onuň dilegçilik edip ýörenini ozal görenler: «Şu ýerde oturyp, dilegçilik edýän şu dälmidi?» diýdiler.
9 Käbirleri: «Şol» diýdiler; käbirleri: «Ýok, bu diňe şoňa meňzeş» diýdiler. Ýöne onuň özi: «Men» diýdi.
10 Oňa: «Onda gözleriň nähili açyldy?» diýdiler.
11 Ol: «Isa diýilýän adam palçyk ýasap, gözüme sürtdi-de: „Siloama git-de, ýuwun" diýdi. Men hem gidip ýuwundym, gözlerim açyldy» diýip jogap berdi.
12 Oňa: «Ol nirede?» diýdiler. Ol: «Bilmeýärin» diýdi.
13 Ozal kör bolan bu adamy fariseýleriň ýanyna getirdiler.
14 Isanyň palçyk ýasap, onuň gözüni açan güni Sabatdy.
15 Fariseýler-de onuň gözüniň nähili açylanyny soradylar. Ol olara: «Ol meniň gözüme palçyk sürtdi, onsoň ýuwundym. Indi men görýärin» diýip jogap berdi.
16 Fariseýleriň käbirleri: «Ol adam Hudaýdan däl, çünki Sabat gününi tutmaýar» diýdiler. Başgalary bolsa: «Bir günäkär adam beýle alamatlary nähili görkezip biler?» diýdiler. Olaryň arasyna agzalaçylyk düşdi.
17 Olar ýene-de körden: «Gözüňi açan şol Adam barada näme diýýärsiň?» diýip soradylar. Ol hem: «Ol bir pygamber» diýdi.
18 Ýehudylar gözleri açylan adamyň ejesi bilen kakasyny çagyryp soraýançalar, onuň ozal kör bolup, indi gözleriniň açylandygyna ynanmadylar.
19 Olardan: «Kör doguldy diýýän ogluňyz şumy? Indi bu nädip görýär?» diýip soradylar.
20 Onuň ejesi bilen kakasy olara şeýle jogap berdi: «Munuň öz oglumyzdygyny, kör doglandygyny bilýäris.
21 Ýöne onuň indi nädip görýändigini ýa-da onuň gözüni kimiň açandygyny biz bilmeýäris. Ol indi bir ýetişen ýigit, özünden soraň, özi aýdyp bersin».
22 Onuň ejesi bilen kakasy ýehudylardan gorkularyna şeýle diýdiler, çünki ýehudylar Onuň Mesihdigini ykrar eden adamy sinagogadan kowmak barada dil birikdiripdiler.
23 Şonuň üçin onuň ejesi bilen kakasy: «Ol bir ýetişen ýigit, özünden soraň» diýdiler.
24 Şeýlelik bilen, fariseýler ozalky köri ikinji gezek çagyryp, oňa: «Hudaýy şöhratlandyr, biz ol adamyň günäkärdigini bilýäris» diýdiler.
25 Ol: «Onuň günäkärdigini ýa däldigini bilmeýärin. Men bir zady bilýärin: ozal kördüm, indi görýärin» diýip jogap berdi.
26 «Ol saňa näme etdi? Gözüňi nädip açdy?» diýip, ondan ýene soradylar.
27 Ol bulara şeýle jogap berdi: «Men ýaňy aýtdym, diňlemediňiz; näme üçin ýene eşitmek isleýärsiňiz? Ýa siz-de Onuň şägirtleri bolmakçymy?»
28 Oňa sögüp, şeýle diýdiler: «Onuň şägirdi ― sen, biz Musanyň şägirtleridiris.
29 Biz Hudaýyň Musa bilen gepleşendigini bilýäris; bu Adamyň bolsa nirelidigini-de bilmeýäris».
30 Ýaňky adam olara şeýle jogap berdi: «Haýran galaýmaly! Siz Onuň nirelidigini-de bilmeýärsiňiz, Ol bolsa meniň gözümi açdy.
31 Hudaýyň günäkärleri diňlemeýändigini bilýäris, ýöne biri hudaýhon bolsa, Onuň islegini berjaý etse, Hudaý ony diňleýär.
32 Doga körüň gözüniň açylmagy henize çenli eşidilen zat däl.
33 Bu Adam Hudaýdan bolmadyk bolsa, onda hiç bir zat edip bilmezdi».
34 Oňa: «Sen bütinleý günä içinde doglup, indi bize sapak berjek bolýarsyňmy?» diýdiler. Şeýlelikde, ony kowup goýberdiler.
35 Ony kowup goýberenlerini eşiden Isa ýaňky adamy tapyp: «Sen Hudaýyň Ogluna iman edýärmisiň?» diýdi.
36 Ol hem Oňa jogap berip: «Eý aga, Oňa iman eder ýaly, Ol kim?» diýdi.
37 Isa oňa: «Sen Ony gördüň, Ol seniň bilen gepleşip dur» diýdi.
38 Ol hem: «Ýa Reb, iman edýärin» diýip, Oňa sežde etdi.
39 Isa oňa: «Men bu dünýä görmeýänler görsün, görýänler kör bolsun diýip, höküm etmäge geldim» diýdi.
40 Muny diňläp duran fariseýleriň käbiri Oňa: «Onda biz-de körmi?» diýdiler.
41 Isa olara: «Kör bolan bolsaňyz, günäňiz bolmazdy, ýöne görýäris diýýäniňiz üçin günäňiz aýrylmaýar» diýdi.