Bap 8
Isa Zeýtun dagyna gitdi.
2 Daňdan ýene ybadathana bardy. Ähli halk Onuň ýanyna geldi; Isa olara sapak bermäge başlady.
3 Kanunçylar bilen fariseýler zyna üstünde tutulan bir aýaly alyp geldiler. Olar ony ortada duruzdylar we Isa ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Mugallym, bu aýal zyna üstünde tutuldy.
5 Musa kanunda bular ýalylary daşlap öldürmegi buýrupdyr. Sen näme diýýärsiň?»
6 Olar muny Isany synap, aýyplamak üçin bir tutaryk tapjak bolup aýtdylar. Emma Ol eglip, barmagy bilen ýere bir zatlar ýazýardy.
7 Ondan soramagy dowam etdirenlerinde, Isa dikelip: «Siziň araňyzda kimiň günäsi ýok bolsa, bu aýala daşy ilki şol atsyn» diýdi.
8 Ol ýene-de eglip ýere ýazmaga durdy.
9 Muny eşidenlerinde, wyždanlary ynjalyksyzlandy, ýaşulusyndan başlap soňkusyna çenli ýeke-ýekeden gitdiler. Isa ýeke galdy, aýal hem şol ýerdedi.
10 Isa dikelende, aýaldan başga hiç kimi görmänsoň oňa: «Naçar, ýaňkylar hany? Saňa hiç kim jeza bermedimi?» diýdi.
11 Aýal: «Eý Aga, hiç kim» diýdi. Isa: «Onda, saňa Men hem jeza bermeýärin, gidiber, ýöne indi günä iş etme» diýdi.
12 Isa ýene-de halka ýüzlenip şeýle diýdi: «Men dünýäniň nurudyryn. Meniň yzyma eýeren garaňkylykda gezmez, onda ýaşaýyş nury bolar».
13 Fariseýler Oňa: «Sen Özüň hakda güwälik edýärsiň, Seniň güwäligiň hak däl» diýdiler.
14 Isa olara şeýle jogap berdi: «Özüm hakda güwälik edýän hem bolsam, Meniň güwäligim hakdyr, çünki Men nireden gelip, nirä barýanymy bilýärin, ýöne Meniň nireden gelenimi ýa nirä barýanymy siz bilmeýärsiňiz.
15 Siz tene ― bedene garap höküm çykarýarsyňyz, Men hiç kimiň üstünden höküm çykarmaýaryn.
16 Men höküm çykaraýsam-da, hökümim hakdyr, çünki Men ýeke däl-de, Özümi iberen Ata bilendirin.
17 Iki adamyň güwäliginiň hakdygy bolsa siziň kanunyňyzda ýazylgydyr.
18 Men Özüm hakda güwälik edýärin, Meni iberen Ata-da Men hakda güwälik edýär».
19 Onsoň Oňa: «Seniň Ataň nirede?» diýdiler. Isa olara jogap berip: «Siz ne Meni, ne-de Meniň Atamy tanaýarsyňyz. Meni tanaýan bolsaňyz, Meniň Atamy-da tanardyňyz» diýdi.
20 Ol bu sözleri ybadathanada sapak berip durka, sadaka sandygynyň ýanynda aýtdy, ýöne hiç kim Oňa ýapyşmady, çünki Onuň wagty entek gelmändi.
21 Isa olara ýene: «Men barýaryn, siz Meni agtararsyňyz, günäňiziň içinde ölersiňiz, ýöne Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz» diýdi.
22 Ýehudylar: «Ol Özüni öldürjekmikä? Çünki Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz diýýär» diýişdiler.
23 Isa olara şeýle diýdi: «Siz aşakdansyňyz, Men ýokardandyryn; siz bu dünýädensiňiz, Men bu dünýäden däldirin.
24 Munuň üçin Men size „günäli ölersiňiz" diýdim, çünki Meniň Biribardygyma iman etmeseňiz, günäli ölersiňiz».
25 «Sen kimsiň?» diýip, Ondan soradylar. Isa olara şeýle jogap berdi: «Ozal-başdan size näme aýdan bolsam, Şolduryn.
26 Siz hakda aýtjak, höküm etjek zatlarym köp. Meni Iberen hakdyr, Men Ondan eşidenlerimi dünýä aýdýaryn».
27 Olar Onuň Ata barada aýdýandygyna düşünmediler.
28 Soňra Isa olara şeýle diýdi: «Ynsan Ogluny ýokaryk galdyran mahalyňyz, şonda Onuň Mendigimi we Meniň Öz-Özümden hiç zat etmän, diňe Atanyň Maňa öwredenlerini aýdandygymy bilersiňiz.
29 Meni Iberen Meniň bilendir; Ol Meni ýalňyz goýmady, çünki Men hemişe Oňa ýaraýan zatlary edýärin».
30 Bulary aýdanda köp adamlar Oňa iman etdiler.
31 Onsoň, Isa Özüne iman eden ýehudylara şeýle diýdi: «Meniň sözümi tutsaňyz, hakykatdan hem Meniň şägirtlerim bolarsyňyz;
32 Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder».
33 «Biz Ybraýymyň perzentleridiris, hiç haçan hiç kime gul bolan däldiris. Seniň „Azat bolarsyňyz" diýýäniň näme?» diýip, olar Onuň Özünden soradylar.
34 Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, günä edýän kişi günäniň guludyr.
35 Gul öýde hemişelik galmaz, ýöne Ogul hemişelik galar.
36 Şonuň üçin hem Ogul sizi azat etse, siz, hakykatdan hem azat bolarsyňyz.
37 Siziň Ybraýymyň perzentleridigiňizi bilýärin, ýöne siz Meni öldürmegiň kastynda, çünki Meniň sözüm siziň içiňizde ýer tutmaýar.
38 Men Atamyň ýanynda görenlerimi aýdýaryn, siz hem öz ataňyzdan görenleriňizi edýärsiňiz».
39 Olar Oňa: «Biziň atamyz Ybraýymdyr» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Siz Ybraýymyň perzentleri bolýan bolsaňyz, Ybraýymyň işlerini ederdiňiz.
40 Emma siz Meni, Hudaýdan eşiden hakykatyny aýdýan Adamy öldürmäge synanyşýarsyňyz. Ybraýym beýle zady etmändi.
41 Siz öz ataňyzyň işlerini edýärsiňiz». Olar Oňa: «Biz zynadan doglan däl, biziň diňe bir Atamyz bar, Ol hem Hudaý» diýdiler.
42 Isa olara şeýle diýdi: «Hudaý siziň ataňyz bolsady, onda, siz Meni söýerdiňiz, çünki Men Hudaýdan çykyp geldim, Öz-Özümden gelemok, Meni Ol iberdi.
43 Näme üçin Meniň aýdýanlaryma düşünmeýärsiňiz? Çünki siz Meniň sözümi diňläp bilmeýärsiňiz.
44 Siziň ataňyz iblis, siz ataňyzyň dilegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmady, çünki onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlän mahaly öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasy.
45 Maňa bolsa hakykaty aýdýanlygym üçin iman etmeýärsiňiz.
46 Siziň haýsyňyz maňa günä ýöňkäp bilersiňiz? Eger Men hakykaty aýdýan bolsam, onda näme üçin siz Maňa iman etmeýärsiňiz?
47 Hudaýdan gelen Hudaýyň sözlerini diňleýändir. Siz diňlemeýärsiňiz, çünki siz Hudaýdan däl».
48 Ýehudylar Oňa: «Sen samariýalysyň, Sen jynly diýýänimiz dogry dälmi?» diýdiler.
49 Isa olara şeýle jogap berdi: «Men jynly däl, Men diňe Atamy hormatlaýaryn, emma siz Meni hormatlamaýarsyňyz.
50 Men Özüme şöhrat agtarmaýaryn, muny agtarýan we höküm çykarýan Biri bar.
51 Men size hakykatyny aýdýaryn, Meniň sözümi tutan adam asla ölüm görmez».
52 Ýehudylar Oňa şeýle diýdiler: «Seniň jynlydygyňy indi bildik. Ybraýym-da öldi, pygamberler-de; ýöne Sen: „Meniň sözümi tutan adam asla ölümden datmaz" diýýärsiň.
53 Sen atamyz Ybraýymdan ulumy? Ol öldi, pygamberler-de öldi. Sen Özüňi kimdirin öýdýärsiň?»
54 Isa olara şeýle jogap berdi: «Men Özümi şöhratlandyrsam, onda bu şöhrat puç bolar. Meni şöhratlandyrýan Meniň Atamdyr; siz Oňa Hudaýymyz diýýärsiňiz.
55 Ýöne Ony tanamaýarsyňyz, Men Ony tanaýaryn. Eger Ony tanamaýaryn diýsem, onda Men hem siziň ýaly ýalançy bolaryn. Men Ony tanaýaryn, Onuň sözüni tutýaryn.
56 Siziň ataňyz Ybraýym Meniň günlerimi görjekdigine şatlanýardy; ol gördi we şatlandy».
57 «Heniz elli ýaşa-da barmadyk halyňa Sen Ybraýymy gördüňmi?» diýip, ýehudylar Ondan soradylar.
58 Isa olara: «Men size hakykatyny aýdýaryn, Ybraýym dogulmazyndan öň hem Men bardyryn» diýdi.
59 Şonda Oňa zyňmak üçin daş aldylar, emma Isa gizlendi we ybadathanadan çykyp gitdi.