Ýahýanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 5

Şundan soň ýehudylaryň bir baýramy bardy. Isa hem Iýerusalime gitdi.
2 Iýerusalimde Goýun derwezesiniň ýanynda iwritçe Beýtesta diýilýän bäş eýwanly bir howuz bardy.
3 Şol ýerde gaty köp syrkawlar, körler, agsaklar, oturalar suwuň çaýkanmagyna garaşyp ýatyrdylar.
4 Çünki wagtal-wagtal Rebbiň bir perişdesi şol howza girip, suwy çaýkaýardy, suwuň çaýkanmagynyň yzysüre ilkinji bolup suwa giren öz keselinden saplanýardy.
5 Şol ýerde otuz sekiz ýyl bäri dert çekip ýatan bir adam bardy.
6 Isa onuň ýatanyny görende, uzak wagtdan bäri keseldigini bilip oňa: «Sagalmak isleýärsiňmi?» diýdi.
7 Syrkaw Oňa şeýle jogap berdi: «Eý Aga, suw çaýkanan wagty meni howza saljak adam ýok, men barýançam, başga biri menden öň howza giräýýär».
8 Isa oňa: «Tur, düşegiňi al-da, ýöre!» diýdi.
9 Ýaňky adam derrew sagalyp, düşegini aldy-da, ýöräp başlady. Bu waka ýehudylaryň ybadat edýän güni ― Sabat güni boldy.
10 Munuň üçin ýehudylar sagalan adama: «Bu gün Sabat güni, saňa düşegiňi götermek bolmaz» diýdiler.
11 Sagalan: «Meni sagaldan Adam maňa „Düşegiňi al-da, git" diýdi» diýip, olara jogap berdi.
12 «Saňa „Düşegiňi al-da, git" diýen Adam kim?» diýip, ondan soradylar.
13 Ýöne sagalan adam Onuň kimdigini bilmeýärdi, çünki Isa şol ýerdäki märekäniň arasyna girip gidipdi.
14 Soňra Isa ybadathanada oňa gabat gelip: «Ine, sagaldyň, mundan beýläk günä etme, saňa has ýaman zat bolaýmasyn» diýdi.
15 Şeýlelikde, ýaňky adam baryp, özüni sagaldanyň Isadygyny ýehudylara aýtdy.
16 Bu işi Sabat güni edenligi üçin ýehudylar Isany yzarladylar, Ony öldürjek boldular.
17 Emma Isa olara: «Meniň Atam henize çenli işläp ýör, Men hem işleýärin» diýip jogap berdi.
18 Şu sebäpden ýehudylar öňküden-de beter Ony öldürmegiň küýüne düşdüler, çünki Ol diňe Sabat gününi bozmak bilen çäklenmän, eýsem, Hudaýa Atam diýip, Özüni Hudaýa deňeýärdi.
19 Isa olara şeýle jogap berdi: «Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, Atasynyň eden zatlaryny görmese, Ogul Özünden hiç zat edip bilmez, çünki Ata näme etse, Ogul-da şony edýändir.
20 Çünki Ata Ogly söýýär, ähli edýän zatlaryny Oňa görkezýär. Sizi haýran galdyrjak has beýik zatlary-da Ol Oňa görkezer.
21 Atanyň ölüleri direldişi ýaly, Ogul-da islän adamlaryny direlder.
22 Ata hiç kimiň üstünden höküm çykarýan däldir, Ol ähli hökümi Ogla tabşyrandyr.
23 Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony ýollan Ata-da hormat goýýan däldir.
24 Men size hakykatyny aýdýaryn, Meniň sözümi diňläp, Meni Ýollana iman edene ebedi ýaşaýyş bardyr, onuň üstünden höküm çykarylmaz. Ol ölümden ýaşaýşa göçendir.
25 Men size hakykatyny aýdýaryn, Hudaýyň Oglunyň sesini ölüleriň eşitjek wagty geler, bu wagt eýýäm geldi. Onuň sesini eşidenler ýaşar.
26 Çünki Ata Özünde ýaşaýyş bolşy ýaly, Ogla-da ýaşaýyş ojagy bolmaklygy berendir.
27 Ol höküm çykarmak ygtyýaryny-da Oňa berdi, çünki Ol Ynsan Ogludyr.
28 Muňa geň galmaň, çünki gabyrdakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagtlary geler.
29 Haýyr iş edenler ýaşamak üçin, şer iş edenler bolsa höküm üçin direler.
30 Men Öz-Özümden hiç bir zat edip bilmeýärin; eşidişime görä höküm çykarýaryn. Meniň hökümim hakdyr, çünki Men Öz islegimi däl-de, Meni ýollan Atanyň islegini amala aşyrmaga dyrjaşýaryn.
31 Eger Men Özüm hakda güwälik bersem, onda bu güwäligim hak däldir.
32 Men hakda güwälik berýän başga biri bar, onuň Özüm hakdaky güwäliginiň dogrudygyny Men bilýärin.
33 Siz Ýahýanyň ýanyna adamlar ýolladyňyz, ol-da hakykata güwälik etdi.
34 Emma Men ynsan güwäligini kabul etmeýärin, Men diňe siziň halas bolmagyňyz üçin bulary aýdýaryn.
35 Ol ýanyp duran, nur saçýan çyradyr. Siz az salym onuň yşygyna guwanmak islediňiz.
36 Emma Mendäki güwälik Ýahýadakydan has uludyr, çünki ýerine ýetirmegim üçin Atanyň Özüme tabşyran işleri, ýagny Meniň edýän işlerim Meni Atanyň iberenligine güwä geçýär.
37 Men hakda Meni iberen Atanyň Özi güwälik etdi. Ýöne siz Onuň ne sesini eşitdiňiz, ne-de ýüzüni gördüňiz.
38 Onuň sözi sizde galmaýar, çünki siz Onuň Iberenine iman etmeýärsiňiz.
39 Siz Mukaddes Ýazgylary agtaryşdyrýarsyňyz, çünki ebedi ýaşaýyş şolardadyr öýdýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda güwälik edýärler.
40 Ýöne siz ömrüňiz bolar ýaly, Maňa gelmek islemeýärsiňiz.
41 Men ynsanlardan öwgi kabul etmeýärin.
42 Sizi-de tanaýaryn. Sizde Hudaýyň söýgüsi ýok.
43 Men Atamyň adyndan geldim, siz bolsa Meni kabul etmeýärsiňiz. Ýöne başga biri öz adyndan geläýse, siz ony kabul edersiňiz.
44 Ýeke-täk Hudaýdan öwgi gözlemän, biri-biriňizden öwgi kabul edýärkäňiz, siz nähili iman edip bilersiňiz?
45 Atanyň öňünde Men sizi aýyplar öýtmäň. Sizi aýyplajak öz umyt baglaýanyňyz Musadyr.
46 Siz Musa iman eden bolsadyňyz, onda Maňa-da iman ederdiňiz, çünki ol Men hakda ýazdy.
47 Onuň ýazanlaryna ynanmaýan bolsaňyz, onda Meniň aýdýanlaryma nähili iman edersiňiz?»