Ýahýanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 16

Bu zatlary size aldanyp, ýoldan çykmazlygyňyz üçin aýtdym.
2 Sizi sinagogalardan kowarlar. Hawa, sizi öldüren her kesiň şeýtmek bilen Hudaýa hyzmat edýändirin öýtjek wagty geler.
3 Bu işleri ederler, sebäbi olar ne Atany, ne-de Meni tanaýarlar.
4 Ýöne Men bulary özüňize aýdandygymy wagty gelende ýatlarsyňyz diýip aýtdym. Özüm ýanyňyzda bolanym üçin size bu zatlary başda aýtmandym.
5 Indi bolsa Men Özümi Iberene barýaryn. Sizden hiç kim „Nirä barýarsyň?" diýip soramaýar.
6 Ýöne bu zatlary aýdanym üçin siziň ýüregiňiz gaýgydan dolandyr.
7 Muňa garamazdan, Men size hakykaty sözleýärin: Meniň gitmegim size peýdadyr, Men gitmesem, Göwünlik Beriji size gelmez, gitsem welin, Ony size ibererin.
8 Ol gelende, günä, dogrulyk we höküm babatda dünýäniň ýalňyşandygyny aýan eder.
9 Günä babatda olaryňky nädogry, çünki Maňa iman etmeýärler.
10 Dogrulyk babatda-da olaryňky nädogry, çünki Men Atama barýaryn, mundan beýläk Meni görmersiňiz.
11 Höküm babatda-da olaryňky nädogry, çünki bu dünýäniň hökümdary höküm edilendir.
12 Size aýtjak ýene köp zatlarym bar, ýöne häzir siz olary göterip bilmersiňiz.
13 Emma Hakykat Ruhy gelende, Ol size bütin hakykata tarap ýol görkezer, çünki Ol Öz-Özünden aýtmaz, näme eşitse, şony aýan eder, geljek zatlary size bildirer.
14 Meni şöhratlandyrar, çünki Ol Meniňkiden alyp, size bildirer.
15 Atamyň nämesi bar bolsa Meniňkidir. Şuňa görä-de, Meniňkiden alyp, size bildirer diýýärin.
16 Az wagtdan soň Meni görmersiňiz, ýene az wagtdan soň Meni görersiňiz, çünki Men Atama barýaryn».
17 Şonda Isanyň şägirtleriniň käbirleri biri-birine şeýle diýdiler: «Onuň „Az wagtdan soň Meni görmersiňiz, ýene az wagtdan soň Meni görersiňiz", „Atama barýaryn" diýenine nähili düşünmelikä?
18 Az wagtdan soň diýdigi nämekä? Onuň aýdýanyna biz düşünmeýäris».
19 Isa Özüne sorag bermek isleýändiklerini bilip şeýle diýdi: «Az wagtdan soň Meni görmersiňiz, ýene az wagtdan soň Meni görersiňiz diýýänim üçin biri-biriňize sorag berýärsiňizmi?
20 Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, siz möňňürip aglarsyňyz, dünýä bolsa şatlanar. Siz gaýgylanarsyňyz, ýöne gaýgyňyz şatlyga öwrüler.
21 Aýal dogurjak wagty gam-gussa çekýändir, çünki sagady gelendir, ýöne dogranyndan soň, ol bir adamyň dünýä inendiginiň şatlygy bilen gaýgy-gussany unudar.
22 Siz barada hem şeýle, siziň-de häzir gaýgyňyz bar, emma Men sizi ýene görerin, göwnüňiz galkynar, hiç kim şatlygyňyzy sizden almaz.
23 Şol gün Menden hiç zat soramarsyňyz. Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, Atadan näme dileseňiz, Meniň adymyň hatyrasyna Ol ony size berer.
24 Şu wagta çenli siz Meniň adymdan hiç zat dilemediňiz. Diläň, alarsyňyz, şatlygyňyz dolup-daşar.
25 Men bu zatlary size tymsallar bilen aýtdym, ýöne wagt geler, Men tymsallar bilen geplemän, Ata barada aç-açan gürrüň bererin.
26 Şol gün Meniň adym bilen dilärsiňiz. Men siziň üçin Atadan dilärin diýmeýärin.
27 Çünki Atanyň Özi sizi söýýär, sebäbi, siz Meni söýýärsiňiz, Meniň Atadan gelendigime iman edýärsiňiz.
28 Men Atadan çykyp, dünýä geldim. Indi bolsa dünýäni terk edip, Ata barýaryn».
29 Onuň şägirtleri şeýle diýdiler: «Ine, indi Sen hiç bir tymsalsyz, açyk sözleýärsiň.
30 Biz Seniň ähli zatlary bilýändigiňi indi bilýäris, hiç kimiň Senden soramagyna zerurlyk ýok. Şoňa görä-de, Seniň Hudaýdan gelendigiňe iman edýäris».
31 Isa olara şeýle diýdi: «Indi iman edýärsiňizmi?
32 Ine, wagt geler, hawa, geldi hem, ähliňiz öýüňize-iliňize dagap gidersiňiz, Meni ýeke galdyrarsyňyz. Ýöne Men ýeke däldirin, çünki Ata Meniň bilendir.
33 Bu zatlary Mende parahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, emma mert boluň. Men dünýäni ýeňendirin».