Ýahýanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 7

Şondan soň Isa ondan-oňa gatnap, Jelilede gezdi. Ýehudylar Ony öldürmegiň kastynda bolansoňlar, Ol Ýahudada gezmek islemeýärdi.
2 Ýehudylaryň Çatma baýramy ýakynlapdy.
3 Doganlary Oňa şeýle diýdiler: «Bu ýerden aýrylyp, Ýahuda git, edýän işleriňi şägirtleriň görsün.
4 Özüni açyk tanatmak isleýän adam gizlin iş edýän däldir. Sen bu zatlary edýän bolsaň, Özüňi dünýä görkez».
5 Çünki doganlary-da Oňa iman etmeýärdiler.
6 Isa olara jogap berdi: «Meniň wagtym entek gelenok, ýöne siziň üçin elmydama wagtdyr.
7 Sizi dünýä ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, çünki Men onuň işleriniň erbetdigine güwä geçýärin.
8 Siz baýrama gidiň, Men bu baýrama gitjek däl, çünki Meniň wagtym entek dolanok».
9 Ol bu zatlary olara aýdyp, Jelilede galdy.
10 Emma doganlary baýrama gidenlerinden soň, Ol-da gitdi, ýöne aç-açan däl-de, gizlin gitdi.
11 Ýehudylar baýramda Ony agtaryp: «Ol nirede?» diýişýärdiler.
12 Halaýygyň arasynda Ol hakda köp gürrüň boldy. Käbirleri «Ol gowy adamdyr» diýse, başgalary «Ol halky azdyrýar» diýýärdi.
13 Ýöne ýehudylardan gorkup, hiç kim Ol hakda açyk gürrüň edip bilmeýärdi.
14 Baýramyň ýarysy geçende, Isa ybadathana baryp, sapak bermäge durdy.
15 Ýehudylar haýran galyp: «Bu adam hiç ýerde okamazdan, Mukaddes Ýazgylary nireden bilýärkä?» diýişýärdiler.
16 Isa olara şeýle jogap berdi: «Meniň öwredýänlerim Özümiňki däl, Meni Ibereniňki.
17 Biri Hudaýyň islegini berjaý etmek isleýän bolsa, onda Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyny ýa-da Özümden sözleýändigimi ol biler.
18 Özünden sözleýän özi üçin şöhrat agtarýandyr. Özüni Iberen üçin şöhrat agtarýan bolsa dogruçyldyr, onda nädogrulyk ýokdur.
19 Mukaddes Kanuny size Musa bermedimi? Muňa garamazdan, siziň hiç biriňiz kanuny berjaý etmeýärsiňiz. Näme üçin Meni öldürjek bolýarsyňyz?»
20 Halaýyk Oňa: «Sen jynly, kim Seni öldürjek bolýar?» diýdi.
21 Isa olara şeýle jogap berdi: «Men bir iş etdim, oňa hemmäňiz haýran galdyňyz.
22 Musa size sünneti berdi, ýöne bu Musadan däl-de, ata-babalardandyr ― siz Sabat güni adam sünnetleýärsiňiz.
23 Musanyň kanuny bozulmasyn diýip, Sabat güni sünnet edilýän bolsa, onda Sabat güni bir adamy büs-bütin sagaldandygym üçin Meni ýazgarmaňyz näme?
24 Daş görnüşe görä höküm çykarman, adyllyk bilen höküm çykaryň».
25 Bu ýerde iýerusalimlileriň käbiri: «Öldürjek bolýanlary bu Adam dälmi?
26 Bu, ine, açyk gürrüň berip dur, Oňa hiç zat diýmeýärler, biziň başlyklarymyz Munuň Mesihdigini, hakykatdan hem bilýän bolaýmasynlar?!
27 Ýöne biz bu Adamyň nirelidigini bilýäris. Mesih gelende bolsa Onuň nirelidigini hiç kim bilmez» diýişdiler.
28 Onsoň Isa ybadathanada sapak berip durka, şeýle diýip gygyrdy: «Siz Meni hem tanaýarsyňyz, hem nirelidigimi bilýärsiňiz. Ýöne Men Öz-Özümden gelemok, Meni Iberen hakdyr, siz Ony tanamaýarsyňyz.
29 Men Ony tanaýaryn, çünki Men Ondandyryn. Meni iberen Oldur».
30 Şondan soň Ony tutjak boldular, ýöne hiç kim Oňa el uzatmady, çünki Onuň wagty entek gelmändi.
31 Halaýygyň köpüsi Oňa iman edip, şeýle diýdi: «Mesih gelende, Şunuňkydan köp alamat görkezermi?»
32 Fariseýler Isa hakda halk arasyndaky bu pyşyrdylary eşitdiler. Onsoň baş ruhanylar, fariseýler Ony tutmak üçin serkerdeleri ýolladylar.
33 Isa şeýle diýdi: «Men ýene az salym siziň ýanyňyzda galyp, soňra Özümi Iberene giderin.
34 Siz Meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz. Meniň barjak ýerime siz baryp bilmersiňiz».
35 Onsoň ýehudylar biri-birine: «Bu Adam, biz tapyp bilmez ýaly, nirä gitjekkä? Grekleriň arasyna dagap gidenleriň ýanyna baryp, greklere sapak berjekmikä?
36 Munuň „Meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz, Meniň barjak ýerime baryp bilmersiňiz" diýýäni nämekä?» diýişdiler.
37 Baýramyň soňky uly gününde Isa ör turup gygyrdy: «Suwsaýanlar Meniň ýanyma gelsin, içip gansyn.
38 Kim Maňa iman etse, Ýazgyda aýdylyşy ýaly, onuň içinden dirilik suwunyň bulaklary akar».
39 Ol muny Özüne iman edenleriň soňra aljak Ruhy barada aýdýardy. Olara entek Mukaddes Ruh inmändi, çünki Isa entek şöhratlandyrylmandy.
40 Halaýykdan käbirleri bu sözi eşidip: «Bu, hakykatdan hem, şol geljek pygamberdir» diýdiler.
41 Başgalary: «Bu Mesihdir» diýdiler, emma käbirleri: «Mesih Jelileden gelmelimidi?
42 Ýazgyda „Mesih Dawudyň neslinden, Dawudyň obasy Beýtullahamdan geler" diýip ýazylmanmy näme?» diýdiler.
43 Şeýlelikde, halaýygyň arasynda Isa barada agzalalyk döredi.
44 Olardan käbirleri Ony tutmak islediler, ýöne hiç kim Oňa el degirmedi.
45 Serkerdeler gaýdyp gelenlerinde, baş ruhanylar, fariseýler olardan: «Näme üçin Ony getirmediňiz?» diýip soradylar.
46 Serkerdeler: «Hiç kim hiç haçan bu Adamyňky ýaly geplemändi» diýip jogap berdiler.
47 Fariseýler olara şeýle diýdiler: «Siz-de aldandyňyzmy?
48 Başlyklardan ýa fariseýlerden Oňa iman eden barmy?
49 Mukaddes Kanuny bilmeýän bu halka nälet!»
50 Içlerinden biri, ozal Isanyň ýanyna baran Nikodimos olara:
51 «Kanunymyz bir adamy öňürti diňlemän, onuň näme edenini bilmän, höküm edýärmi?» diýdi.
52 Oňa: «Sen-de jelilelimi? Mukaddes Kitaba seret: Jelileden hiç wagt pygamber çykmaz» diýdiler.
53 Soňra hemmesi öýli-öýüne gitdi.