Ýahýanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 6

Şundan soň Isa Jelilä, ýagny Tiberiýa kölüniň aňyrsyna gitdi.
2 Onuň syrkawlar barada eden alamatlaryny gören halaýyk Onuň yzyna düşdi.
3 Isa daga çykyp, şägirtleri bilen oturdy.
4 Ýehudylaryň Pesah baýramy ýakyndy.
5 Isa töweregine gözüni aýlady we Öz ýanyna köp halaýygyň gelýänini görüp, Filipusa: «Bular iýer ýaly çöregi nireden satyn alarys?» diýdi.
6 Ol muny Filipusy synamak üçin sorapdy, çünki näme etjegini Özi bilýärdi.
7 Filipus Oňa: «Iki ýüz dinarlyk çörek olaryň her biriniň bir döwüm almagyna-da ýetmez» diýdi.
8 Şägirtleriň biri, Simun Petrusyň dogany Andreas Oňa şeýle diýdi:
9 «Bu ýerde bir oglanda bäş arpa çöregi bilen iki balyk bar, ýöne şeýle köp märekä bu näme bolar?»
10 Isa: «Halaýygy oturdyň» diýdi. Ol ýerde ot köpdi, bäş müňe golaý adam oturdy.
11 Isa çörekleri alyp, şükür edeninden soň, olary oturanlara paýlady. Balyklardan-da näçe isleseler, olara berdi.
12 Olar doýanlaryndan soň, Isa şägirtlerine: «Artan döwümleri ýygnaşdyryň, hiç zat zaýalanmasyn» diýdi.
13 Şeýlelikde, bäş sany arpa çöreginden iýen adamlardan artyp galan döwümleri ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.
14 Isanyň bu alamatyny gören halaýyk: «Hakykatdan-da, dünýä geljek pygamber Şudur» diýişdiler.
15 Isa olaryň gelip, patyşa etmek üçin Özüni zor bilen tutjak bolýandyklaryny aňansoň, ýene-de ýeke Özi daga çykyp gitdi.
16 Agşamara Onuň şägirtleri köle geldiler.
17 Bir gaýyga münüp, kölüň aňyrsyndaky Kapernauma ugradylar. Garaňky düşse-de, Isa entek olaryň ýanyna gelmändi.
18 Güýçli ýel turup, köl tolkun atyp başlady.
19 Gaýyk bilen, takmynan, bäş-alty kilometr ýüzenlerinden soň, Isanyň suwuň ýüzünden ýöräp, gaýyga ýakynlaşyp gelýänini görüp, olar gorkdular.
20 Emma Isa olara: «Bu ― Men, gorkmaň» diýdi.
21 Olar Ony gaýyga mündürjek boldular, ýöne gaýyk şol pursatda kenara gelip ýetdi.
22 Ertesi gün kölüň beýleki kenarynda galan halaýyk Isanyň şägirtleriniň münen gaýygyndan başga hiç bir gaýygyň ýokdugyna we Isanyň Öz şägirtleri bilen şol gaýyga münmändigine, şägirtleriň ýeke gidendiklerine göz ýetirdiler.
23 Şu aralykda, Rebbiň şükürinden soň çörek iýen ýerleriniň golaýyna Tiberiýadan gaýyklar geldi.
24 Isanyň-da, şägirtleriň-de ol ýerde ýokdugyny gören halaýyk gaýyklara münüp, Isany gözlemäge Kapernauma bardy.
25 Ony kölüň aňyrsyndan tapyp: «Mugallym, bu ýere haçan geldiň?» diýip soradylar.
26 Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, siz Meni alamat göreniňiz üçin däl, çörek iýip doýanyňyz üçin agtarýarsyňyz.
27 Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, ebedi ýaşaýşa çenli galýan iýmit üçin çalşyň. Ony size Ynsan Ogly berer, çünki Oňa Ata Hudaý Öz möhürini basandyr».
28 «Biz Hudaýyň işlerini berjaý etmek üçin näme etmeli?» diýip, Ondan soradylar.
29 Isa olara: «Hudaýyň işi şu: Onuň Iberenine iman ediň» diýip jogap berdi.
30 Olar şeýle diýdiler: «Biz görüp, Saňa iman eder ýaly, Sen nähili alamat görkezersiň? Sen näme edersiň?
31 „Ol Gökden iýer ýaly çörek berdi" diýip, Ýazgyda ýazylyşy ýaly, biziň atalarymyz manna iýdiler».
32 Isa olara şeýle diýdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, size Gökden çörek beren Musa däl, hakyky çöregi Gökden size Atam berýär.
33 Çünki Gökden inip, dünýä ýaşaýyş berýän Hudaýyň çöregidir».
34 Olar Oňa: «Ýa Reb, şol çöregi bize hemişe ber» diýdiler.
35 Isa olara şeýle diýdi: «Ýaşaýyş çöregi Mendirin, Maňa gelen asla aç bolmaz, Maňa iman eden asla suwsamaz.
36 Aýdyşym ýaly, siz Meni gördüňiz, ýöne Maňa iman etmeýärsiňiz.
37 Atamyň Maňa berenleriniň bary Maňa geler, Men Özüme gelenleri asla kowmaryn.
38 Çünki Men Öz islegimi däl-de, Meni Ibereniň islegini berjaý etmek üçin Gökden indim.
39 Meni Ibereniň islegi bolsa Maňa tabşyranlarynyň hiç birini ýitirmän, olary ahyretde gaýtadan direltmegimdir.
40 Atanyň islegi Ogly görüp, Oňa iman eden her kesiň ebedi ýaşaýşynyň bolmagydyr. Men ahyret güni ony gaýtadan direlderin».
41 Onuň «Gökden inen çörek ― Men» diýeni üçin, ýehudylar garşy çykyp, hüňürdeşdiler.
42 «Bu Ýusubyň ogly Isa dälmi? Biz Onuň kakasyny-da, ejesini-de tanaýarys. Ol nähili „Men Gökden indim" diýýär?» diýişdiler.
43 Isa olara şeýle diýdi: «Özara hüňürdeşmäň.
44 Meni iberen Atam Maňa tarap çekmese, hiç kim Meniň ýanyma gelip bilmez. Men ony ahyret güni direlderin.
45 Pygamberleriň ýazgylarynda: „Olaryň hemmesine Hudaý tarapyndan tälim berler" diýilýändir. Atamdan eşidip, Ondan tälim alan her kes Maňa geler.
46 Bu ― biri Atany görendir diýildigi däldir. Atany diňe Hudaýdan Gelen görendir.
47 Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman edeniň ebedi ýaşaýşy bardyr.
48 Ýaşaýyş çöregi Mendirin.
49 Siziň atalaryňyz çölde manna iýip öldüler.
50 Bu çörek bolsa ondan iýen ölmez ýaly, Gökden inendir.
51 Gökden inen diri çörek Mendirin. Bu çörekden iýen adam ebedi ýaşar. Dünýäniň ýaşaýşy üçin Meniň berjek çöregim Öz tenimdir».
52 Onsoň ýehudylar: «Bu Adam Öz tenini bize iýmäge nähili berip biler?» diýşip, özara jedelleşdiler.
53 Isa olara şeýle diýdi: «Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Oglunyň tenini iýip, ganyny içmeseňiz, sizde ýaşaýyş bolmaz.
54 Meniň tenimi iýip, ganymy içeniň ebedi ömri bolar. Ahyret güni Men ony direlderin.
55 Çünki Meniň tenim hakyky iýmit, ganym hakyky içgidir.
56 Meniň tenimi iýip, ganymy içen Mende galar, Men hem onda.
57 Diri Atanyň Meni iberişi, Meniň hem Ata arkaly ýaşaýşym ýaly, Meni iýen-de Men arkaly ýaşar.
58 Gökden inen çörek budur. Ol atalaryňyzyň iýen mannalary ýaly däldir, olar öldüler, bu çöregi iýen bolsa ebedi ýaşar».
59 Ol bu sözleri Kapernaumda sinagogada sapak berýärkä aýtdy.
60 Şägirtleriň köpüsi muny eşidip: «Bu sözler agyr. Muny kim diňläp biler?» diýişdiler.
61 Isa şägirtleriň muňa hüňürdeşýänini Öz içinden bilip, olara şeýle diýdi: «Bu sizi aljyradýarmy?
62 Onda siz Ynsan Oglunyň owal bolan ýerine gaýtadan çykanyny göräýseňiz näme diýerkäňiz?
63 Ýaşaýyş berýän ruhdur, bedeniň peýdasy ýokdur. Meniň size aýdýan sözlerim ruh hem ýaşaýyşdyr.
64 Ýöne siziň araňyzda käbir iman etmeýänler bar». Çünki Isa iman etmeýänleriň kimdigini, Özüni kimiň tutup berjekdigini öňünden bilýärdi.
65 Ol: «Atanyň gönükdirmedik adamy Maňa gelip bilmez diýip, Men size şonuň üçin aýdypdym» diýdi.
66 Şol wagtdan başlap, şägirtleriniň köpüsi Ondan ýüz öwürdiler, Onuň bilen tirkeşmegi goýdular.
67 Şondan soň Isa Onkilerden: «Siz hem Meni terk edersiňizmi?» diýip sorady.
68 Simun Petrus Oňa şeýle jogap berdi: «Ýa Reb, biz Seni terk edip, kime baraly? Ebedi ýaşaýyş sözleri Sende ahyryn.
69 Biz Seniň Mesihdigiňe, diri Hudaýyň Ogludygyňa iman etdik, muny açyk bilýäris».
70 Isa olara: «Siz Onkileri Özüm saýlap almadymmy? Muňa garamazdan, siziň biriňiz şeýtan» diýip jogap berdi.
71 Ol muny Simunyň ogly Iuda Iskariota kakdyryp aýdýardy, çünki Ol Onkileriň biridi. Soňra ol Isa haýynlyk etdi.