Bap 4
Ýahýa garanda, Özüniň köp şägirt edinenligi we çokundyrýanlygy barada fariseýlere habar ýetendigini Isa bildi.
2 (Hakykatda, Onuň Özi däl-de, şägirtleri çokundyrýardy.)
3 Ýahudany terk edip, Ol ýene Jelilä gitdi.
4 Onuň Samariýadan geçmegi gerekdi.
5 Şeýlelikde, Ol Ýakubyň öz ogly Ýusuba beren ýeriniň golaýyndaky Samariýanyň Sihar diýen şäherine geldi.
6 Bu ýerde Ýakubyň guýusy bardy. Ýol ýöräp ýadan Isa guýynyň başynda oturdy; günortana golaýdy.
7 Samariýaly bir aýal suw çekmäge geldi. Isa oňa: «Maňa içmäge suw bersene» diýdi.
8 Isanyň şägirtleri iýmit satyn almak üçin şähere gidipdiler.
9 Samariýaly aýal Oňa: «Sen ýehudy bolup, men samariýaly aýaldan içmäge suwy nähili dileýärsiň?» diýdi. Çünki ýehudylar samariýalylar bilen gatnaşyk etmeýärdiler.
10 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Hudaýyň peşgeşiniň nämedigini, özüňe „Maňa içmäge suw ber" diýýäniň kimdigini bilsediň, onda suwy seniň özüň Ondan dilärdiň, Ol-da saňa dirilik suwuny bererdi».
11 Aýal Oňa şeýle diýdi: «Eý Aga, Seniň suw çeker ýaly gowaň ýok, guýy-da çuň, dirilik suwuny nireden aljak?
12 Bu guýyny bize beren, mundan özi-de, çagalary we dowarlary-da suw içen atamyz Ýakupdan Sen ulumy?»
13 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Bu suwdan içen ýene-de suwsar.
14 Ýöne Meniň berjek suwumdan içen asla suwsamaz, tersine, Meniň oňa berjek suwumyň içinde ebedilik ýaşaýyş çeşmesi bolar».
15 Aýal Oňa: «Eý Aga, maňa şol suwdan bersene, suwsamaýyn, suw çekmäge bu ýere gelmäýin» diýdi.
16 Isa oňa: «Onda, git-de, äriňi çagyryp gel» diýdi.
17 Aýal Oňa: «Meniň ärim ýok» diýdi. Isa-da oňa: «Ärim ýok diýip, dogry aýtdyň.
18 Seniň bäş äriň bardy, ýöne häzirkiň öz äriň däl, muny dogry aýtdyň» diýdi.
19 Aýal Oňa şeýle diýdi: «Eý Aga, görýärin welin, Sen pygamber öýdýän.
20 Biziň atalarymyz şu dagda sežde etdiler, ýöne siz ýehudylar, sežde edilmeli ýer Iýerusalimdedir diýýärsiňiz».
21 Isa oňa şeýle diýdi: «Naçar, Maňa ynan, wagt geler, Ata ne şu dagda, ne-de Iýerusalimde sežde edersiňiz.
22 Siz tanamaýanyňyza sežde edýärsiňiz, biz tanaýanymyza sežde edýäris, çünki gutulyş ýehudylardan gelýär.
23 Emma hakyky sežde edijileriň Ata ruhda, hakykatda sežde etjek wagtlary geler, eýýäm geldi hem, çünki Ata Özüne şeýle sežde edýänleri agtarýar.
24 Hudaý Ruhdur, Oňa sežde edýänler ruhda, hakykatda sežde etmelidir».
25 Aýal Oňa: «Hristos diýilýän Mesihiň geljegini bilýärin, Ol gelende bize ähli zady bildirer» diýdi.
26 Isa oňa: «Seniň bilen gepleşip duran Şol» diýdi.
27 Şu pursatda Isanyň şägirtleri geldiler, Onuň bir aýal bilen gepleşip duranyna olar haýran galdylar. Ýöne olaryň hiç biri «Näme isleýärsiň?» ýa-da «Bu aýal bilen näme üçin gepleşýärsiň?» diýmedi.
28 Onsoň ýaňky aýal küýzesini goýdy-da, şähere baryp, halka:
29 «Ýörüň, meniň ähli eden işlerimi aýdyp beren Adamy görüň. Ol Mesih bolaýmasyn» diýdi.
30 Olar şäherden çykyp, Isanyň ýanyna bardylar.
31 Şu aralykda şägirtleri Ondan: «Mugallym, iý!» diýip haýyş etdiler.
32 Ýöne Isa olara: «Mende iýere zat bar, ýöne siz ony bilmeýärsiňiz» diýdi.
33 Onsoň şägirtleri: «Oňa biri iýere zat getiren däldir-ä?» diýişdiler.
34 Isa olara: «Iýmitim ― Meni Ýollanyň islegini berjaý etmek, Onuň işini ýerine ýetirmekdir diýdi.
35 Siz oraga ýene dört aý bar diýmeýärsiňizmi? Emma Men size gözüňizi galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar eýýäm oraga taýýar diýýärin.
36 Eken-de, oran-da bilelikde şatlanar ýaly, oran hakyny alýar, ebedi ýaşaýyş üçin hasyl toplaýar.
37 Çünki bu ýerde „Biri eker, biri orar" diýilýän söz dogrudyr.
38 Men sizi zähmet çekmedik hasylyňyzy ormaga iberdim; başgalar zähmet çekdiler, siz bolsa olaryň zähmetiniň hasylyna girdiňiz».
39 «Meniň ähli eden işlerimi aýdyp berdi» diýip, güwälik eden aýalyň sözi sebäpli, ol şäherdäki samariýalylaryň köpüsi Isa iman etdiler.
40 Şonuň üçin-de samariýalylar Isanyň ýanyna gelenlerinde, Ondan öz ýanlarynda galmagyny haýyş etdiler. Ol şol ýerde iki gün galdy.
41 Onuň sözüni diňlän ýene-de köp adamlar Oňa iman etdi.
42 Ol aýala bolsa olar: «Biz indi seniň aýdanlaryň sebäpli iman etmeýäris; özümiz eşitdik, Onuň dünýäniň çyn Halasgäri, Mesihdigini bilýäris» diýdiler.
43 Iki günden soň Isa ol ýerden Jelilä gitdi.
44 Çünki Ol pygamberiň öz ýurdunda gadyrynyň ýoklugyna güwälik edipdi.
45 Jelilä baranda, Isanyň Iýerusalimdäki baýramda eden ähli işlerini gören jelileliler Ony kabul etdiler, çünki olaryň özleri-de şol baýrama gidipdiler.
46 Şeýlelikde, Isa ýene-de Özüniň suwdan şerap ýasan ýeri bolan Jeliläniň Kana şäherine gaýdyp geldi. Kapernaumda patyşanyň bir gullukçysynyň ogly syrkaw ýatyrdy.
47 Bu adam Isanyň Ýahudadan Jelilä gelenini eşidende, Onuň ýanyna baryp, ölüm ýassygynda ýatan ogluny sagaltmagy Ondan haýyş etdi.
48 Isa oňa: «Siz alamatlar, mugjyzalar görmeseňiz, asla ynanmarsyňyz» diýdi.
49 Patyşanyň gullukçysy Oňa: «Eý Aga, oglum ölmänkä barsana!» diýdi.
50 Isa oňa: «Gidiber, ogluň sagaldy» diýdi. Ol hem Isanyň sözüne ynanyp gitdi.
51 Ol entek ýoldaka, hyzmatkärleri öňünden çykyp: «Ogluň sagaldy» diýdiler.
52 Ol hyzmatkärlerinden oglunyň gowulanyp başlan sagadyny anyklamak isledi. Olar oňa: «Düýn gündiz sagat birde gyzgyny gaýtdy» diýdiler.
53 Şeýlelikde, munuň Isanyň «Ogluň sagaldy» diýen sagadynda bolandygyny bilip, ol bütin içersi bilen birlikde Oňa iman etdi.
54 Bu Isanyň Ýahudadan Jelilä gelenden soň görkezen ikinji alamatydy.