Ýahýanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 14

Ýüregiňiz gysmasyn. Hudaýa iman ediň, Maňa iman ediň.
2 Atamyň öýünde mesgenler köpdür; şeýle bolmasa, Men size „Ýer taýýarlamaga barýaryn" diýermidim?
3 Gidip ýer taýýarlanymdan soň, siziň hem Öz ýanymda bolmagyňyz üçin ýene gelip, sizi Özüm bilen alyp giderin.
4 Siz Meniň nirä barýanymy, ýoly bilýänsiňiz».
5 Tomas Oňa: «Ýa Reb, biz Seniň nirä barýanyňy bilmeýäris, ýoly nädip bileli?» diýdi.
6 Isa oňa şeýle diýdi: «Men ― ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez.
7 Meni tanasaňyz, Atamy-da tanarsyňyz. Siz mundan beýläk Ony tanaýarsyňyz, Ony gördüňiz».
8 Filipus Oňa: «Ýa Reb, Atany bize görkez, bize şol bolýar» diýdi.
9 Isa oňa şeýle diýdi: «Eý Filipus, Men siziň bilen şeýle köp wagt bolsam-da, Meni tanamadyňmy? Meni gören Atany-da görendir. Seniň „Atany bize görkez" diýmäň näme?
10 Meniň Atadadygyma, Atanyň hem Mendedigine sen iman etmeýärsiňmi? Men size aýdýan sözlerimi Öz-Özümden aýtmaýaryn, Mende ýaşaýan Ata Öz işlerini edýär.
11 Meniň Atadadygyma, Atanyň-da Mendedigine iman ediň; hiç bolmanda, eden işlerim üçin Maňa iman ediň.
12 Men size hakykatyny aýdýaryn, Maňa iman eden Meniň bitiren işlerimi-de bitirer, bulardan has ulularyny-da eder, çünki Men Atama barýaryn.
13 Atam Ogulda şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin.
14 Meniň adym bilen bir zat dileseňiz, berjaý ederin.
15 Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň.
16 Men-de Atama ýalbararyn, Ol size, hemişe siziň bilen bolar ýaly, başga bir Göwünlik Beriji, ýagny Hakykat Ruhuny berer.
17 Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşaýar we siziň içiňizde bolar.
18 Men sizi ýetim goýmaryn, ýanyňyza gaýdyp gelerin.
19 Az salymdan soň dünýä Meni görmez, ýöne siz görersiňiz, çünki Men ýaşaýaryn, siz-de ýaşarsyňyz.
20 Şol gün Meniň Atamdadygymy, siziň hem Mendedigiňizi, Meniň-de sizdedigimi bilersiňiz.
21 Meniň buýruklarymy tutup, olary berjaý edýän Meni söýýändir. Meni söýýäni Atam-da söýer. Men-de ony söýerin we oňa görnerin».
22 «Ýa Reb, Sen Özüňi dünýä däl-de, bize görkezmek isleýärsiň welin, bu nähili bolýar?» diýip, Iuda (Iskariot däl) Ondan sorady.
23 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Kim Meni söýýän bolsa, sözümi tutar. Atam-da ony söýer, biz oňa baryp, ýanynda mesgen tutarys.
24 Meni söýmeýän Meniň sözümi tutmaz. Siziň bu eşidýän sözleriňiz Meniňki däl-de, Meni iberen Atanyňkydyr.
25 Men bu zatlary size Özüm ýanyňyzdakam aýdýaryn.
26 Meniň adymdan Atanyň iberjek Göwünlik Berijisi ― Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar.
27 Men size parahatlyk goýup barýaryn, Öz parahatlygymy size berýärin. Men muny, dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gysmasyn, gorkmaň.
28 „Men barýaryn, ýöne ýanyňyza öwrülip gelerin" diýenimi eşitdiňiz. Meni söýýän bolsaňyz, Meniň Atanyň ýanyna gidýänligime şatlanardyňyz, çünki Ata Menden beýikdir.
29 Men muny size bolan wagty iman edersiňiz diýip, bolmazyndan öň aýtdym.
30 Maňa indi siziň bilen gepleşere köp wagt galmady, çünki bu dünýäniň hökümdary gelýär. Onuň Men barada erk-ygtyýary ýokdur.
31 Ýöne Meniň Atany söýýänligimi, Ata Maňa nähili tabşyryk beren bolsa, şony berjaý edýänligimi dünýä bilmelidir. Turuň, bu ýerden gideliň.