Bap 10
«Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, goýun agylyna gapysyndan girmän, başga ýerinden aşyp girýän ogrudyr, garakçydyr.
2 Gapydan girýän goýunlaryň çopanydyr.
3 Sakçy oňa gapyny açyp berýändir. Goýunlar çopanyň sesini eşidýändir. Çopan hem goýunlaryny atma-at çagyryp, olary daşaryk çykarýandyr.
4 Goýunlaryny daşaryk çykarandan soň, olaryň öňünden ýöreýändir, onuň sesini tanaýan goýunlar bolsa onuň yzyna düşýändir.
5 Olar kesekiniň yzyna düşýän däldir, ondan gaçýandyr, sebäbi kesekiniň sesini tanaýan däldirler».
6 Isa olara tymsal aýtdy, ýöne olar onuň manysyna düşünmediler.
7 Isa ýene-de olara şeýle diýdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, Men goýunlaryň agylyna gapydyryn.
8 Menden öň gelenleriň ählisi ogrudyr, garakçydyr; ýöne goýunlar olary diňlemediler.
9 Men gapydyryn. Menden giren halas bolar. Ol girer, çykar, öri tapar.
10 Ogry diňe ogurlap öldürmek, heläk etmek üçin gelýändir. Emma Men olarda ýaşaýyş bolsun, gurply ýaşaýyş bolsun diýip geldim.
11 Men gowy çopandyryn. Gowy çopan goýunlary üçin janyny pida edýändir.
12 Çopan däl-de, diňe hakyna tutulan adam bolsa möjegiň gelýänini görüp, goýunlar özüniňki bolmansoň, olary taşlap gaçýandyr. Möjek-de olary gapyp dargadýandyr.
13 Çünki ol hakyna tutulandyr. Ol goýunlaryň gamyny iýmez.
14 Men gowy çopandyryn; Özümiňkileri tanaýandyryn, olar-da Meni tanaýandyr.
15 Atamyň Meni, Meniň-de Atany tanaýşym ýaly tanaýandyrlar. Men goýunlar üçin janymy pida edýärin.
16 Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşider. Onsoň bir süri, bir çopan bolar.
17 Janymy gaýtadan almak üçin pida edýänligim sebäpli Ata Meni söýýär.
18 Janymy Menden hiç kim almaýar, Özüm pida edýärin. Meniň ony pida etmäge-de, ony gaýtadan almaga-da ygtyýarym bar. Men bu buýrugy Atamdan aldym».
19 Bu sözler sebäpli, ýehudylaryň arasyna ýene-de agzalalyk aralaşdy.
20 Olaryň köpüsi: «Ol jynly, Ol däliräpdir. Näme üçin siz Ony diňleýärsiňiz?» diýdiler.
21 Başgalary bolsa: «Bular jynly adamyň aýtjak sözleri däl. Jyn körleriň gözüni açyp bilermi?» diýdiler.
22 Iýerusalimde ybadathananyň açylyşynyň ýyllyk baýramy boldy. Gyşdy.
23 Isa ybadathanada Süleýmanyň eýwanynda gezmeläp ýördi.
24 Ýehudylar Onuň daşyna üýşüp: «Sen haçana çenli bizi alasarmyk edip ýörjek? Mesih bolsaň, açygyny aýt» diýdiler.
25 Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size aýtdym, ýöne siz iman etmeýärsiňiz. Atamyň ady bilen eden işlerim Maňa güwälik edýär.
26 Ýöne siz iman etmeýärsiňiz, çünki size aýdyşym ýaly, siz Meniň goýunlarymdan däl.
27 Meniň goýunlarym sesime gulak asýar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler.
28 Men olara ebedi ýaşaýyş bererin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz.
29 Olary Maňa beren Atam hemmeden uludyr. Atamyň elinden olary hiç kim alyp bilmez.
30 Atam Ikimiz birdiris».
31 Ýehudylar Ony daşlajak bolup, ýene ýerden daş aldylar.
32 Isa olara: «Men Atam tarapyndan size köp ýagşylyklar etdim. Bularyň haýsysy üçin siz Meni daşlajak bolýarsyňyz?» diýdi.
33 Ýehudylar Oňa: «Biz Seni ýagşy iş edýänligiň üçin däl, Hudaýa dil ýetirýänligiň üçin, ýagny ynsan halyňa Özüňi Hudaý saýýanlygyň üçin daşlajak bolýarys» diýdiler.
34 Isa olara şeýle diýdi: «„Men aýtdym, siz taňrylarsyňyz" diýip, siziň kanunyňyzda ýazylgy dälmi näme?
35 Mukaddes kanun özlerine Hudaýyň sözleri gelenleri taňrylar diýip atlandyran bolsa, şonuň bilen Ýazgy bozulmaýar ahyryn.
36 Şeýle bolsa, Men Hudaýyň Ogly diýýänim üçin siz Atanyň saýlap, dünýä iberen Adamyna näme üçin Hudaýa dil ýetirýär diýýärsiňiz?
37 Men Atamyň işlerini etmeýän bolsam, onda Maňa iman etmäň.
38 Eger-de ol işleri edýän bolsam, onda Maňa ynanmasaňyz-da, Atamyň Mendedigini we Meniň Atadadygymy bilip, oňa göz ýetirer ýaly, edýän işlerime ynanyň».
39 Şonda Ony ýene tutmaga synanyşdylar, ýöne Isa olaryň ellerinden sypyp gitdi.
40 Isa ýene-de Iordanyň aňyrsyna, Ýahýanyň ozallar çokundyrýan ýerine baryp, şol ýerde galdy.
41 Köp adamlar Onuň ýanyna gelip: «Ýahýa hiç hili alamat görkezmedi, ýöne onuň bu Adam hakda aýdanlarynyň bary çyn eken» diýişdiler.
42 Şeýlelikde, köp adamlar ol ýerde Oňa iman etdi.