Ýahýanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 1

Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi.
2 Ol ozal-başda Hudaýdady.
3 Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady.
4 Onda ýaşaýyş bardy, ýaşaýyş bolsa ynsanlaryň nurudy.
5 Bu nur garaňkylykda parlaýandyr, garaňkylyk ony öçürip bilen däldir.
6 Hudaý tarapyndan iberilen bir adam bardy, onuň ady Ýahýady.
7 Ol güwälik etmäge, hemmeleriň özi arkaly iman etmegi üçin Nur hakda güwälik etmäge gelipdi.
8 Onuň özi nur däldi, ol diňe nur hakda güwälik etmelidi.
9 Ähli ynsanlary ýagtylandyrýan hakyky nur dünýä geldi.
10 Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dünýä Ony tanamady.
11 Ol özüniňkilere geldi, özüniňkiler Ony kabul etmediler.
12 Emma Ol Özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň oglanlary bolma hukugyny berdi.
13 Olar gandan, bedeniň islegi bilen ýa-da adamyň islegi bilen dogulman, eýsem, Hudaýdan doguldylar.
14 Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady; biz Onuň şöhratyny, Atasynyň ýalňyz Oglunyň merhemetden, hakykatdan doly şöhratyny gördük.
15 Ýahýa Ol hakda güwä geçip gygyrdy: «Meniň yzymdan bir adam geler, Ol menden üstündir, çünki Ol menden owal bardy diýenim, ine, Şudur».
16 Onuň dolulygyndan biziň hemmämiz merhemet üstüne merhemet aldyk.
17 Çünki Musa arkaly Mukaddes Kanun berildi, Isa Mesih arkaly bolsa merhemet we hakykat peýda boldy.
18 Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir. Ony bize Atasynyň gujagynda bolan ýalňyz Ogly tanatdy.
19 Ýehudylar Iýerusalimden ruhanylary, lewileri iberip, Ýahýadan: «Sen kim?» diýip soranlarynda, onuň güwäligi şeýle boldy.
20 Ol ykrar etdi, inkär etmedi. «Men Mesih däl» diýip ykrar etdi.
21 Onsoň olar: «Onda, sen Ylýasmy?» diýip soradylar. Ol: «Ýok» diýdi. «Şol geljek pygambermi?» diýdiler. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi.
22 «Onda sen kim? Biz özümizi bu ýere ýollanlara näme jogap bereli, sen özüň hakda näme diýýärsiň?» diýip soradylar.
23 Ýahýa: «Men, Işaýa pygamberiň aýdyşy ýaly, Rebbiň ýoluny dogrulaň diýip, çölde gygyrýanyň sesi» diýdi.
24 Iberilen adamlar fariseýlerdendiler.
25 Olar ondan: «Eger sen Mesih, Ylýas ýa-da şol pygamber däl bolsaň, onda näme üçin çokundyrýarsyň?» diýip soradylar.
26 Ýahýa olara şeýle jogap berdi: «Men suw bilen çokundyrýaryn, ýöne siziň araňyzda biri bar, siz Ony tanamaýarsyňyz.
27 Menden soňra geljek Şoldur. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin».
28 Bu Iordan derýasynyň aňyrsynda, Beýtaniýada, Ýahýanyň çokundyrýan ýerinde boldy.
29 Ertesi gün Ýahýa özüne tarap gelýän Isany görüp: «Ine, Şu dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzusydyr» diýdi.
30 Meniň yzymdan bir adam geler, Ol menden üstündir, çünki Ol menden owal bardy diýip aýdanym, ine, Şudur.
31 Men Ony tanamaýardym, ýöne Ol Ysraýylda aýan bolsun diýip, suw bilen çokundyrmaga geldim».
32 Ýahýa güwä geçip, şeýle diýdi: «Men Ruhuň Gökden kepderi ýaly inip, Onuň üstünde duranyny gördüm.
33 Men Ony tanamaýardym, ýöne meni suw bilen çokundyrmaga ýollan Hudaý maňa Ruhuň inip, kimiň üstünde duranyny görseň, Mukaddes Ruh bilen çokundyrjak Şoldur diýdi.
34 Men görüp, Onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýat boldum».
35 Ertesi gün Ýahýa ýene öz şägirtleriniň ikisi bilen durdy.
36 Ol gezip ýören Isany görüp: «Ine, Hudaýyň Guzusy!» diýdi.
37 Onuň aýdanlaryny eşiden iki şägirt Isanyň yzyna eýerdi.
38 Isa yzyna garap, arkasyndan gelýänleri gördi we olara: «Näme gözleýärsiňiz?» diýdi. Olar Ondan: «Mugallym, Sen nirede ýaşaýarsyň?» diýip soradylar.
39 Isa olara: «Geliň, görüň» diýdi. Olar baryp, Isanyň nirede ýaşaýanyny gördüler we şol gün Onuň ýanynda galdylar. Gündiz sagat dördüň töweregidi.
40 Ýahýanyň aýdanlaryny eşidip, Isanyň yzyndan giden iki adamyň biri Simun Petrusyň dogany Andreasdy.
41 Ol ilki öz dogany Simuny tapyp, oňa: «Biz Mesihi (ýagny Hristosy) tapdyk» diýdi.
42 Ony Isanyň ýanyna alyp bardy. Isa oňa garap: «Sen ― Ionanyň ogly Simun. Seniň adyň Kefas (terjime edilende Petrus, ýagny Gaýa diýmekdir) bolar» diýdi.
43 Ertesi gün Isa Jelilä gitjek bolup, Filipusy tapdy, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi.
44 Filipus hem Andreas we Petrus ýaly Betsaýda şäherindendi.
45 Filipus Natanaýeli tapyp, oňa: «Biz Musanyň kanunynda, pygamberleriň ýazgysynda ýazylan Ýusubyň ogly nasyraly Isany tapdyk» diýdi.
46 Natanaýel oňa: «Nasyradan oňly zat çykarmyka?» diýdi. Filipus hem oňa: «Gel-de, gör» diýdi.
47 Isa Natanaýeliň Özüne tarap gelýänini görüp, ol hakda: «Ine, hilesiz, hakyky ysraýylly» diýdi.
48 Natanaýel Oňa: «Sen meni nireden tanaýarsyň?» diýdi. Isa oňa: «Filipus seni çagyrmazyndan öň, men seni injir agajynyň aşagyndakaň gördüm» diýip jogap berdi.
49 Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň, Sen Ysraýylyň Patyşasysyň» diýdi.
50 Isa oňa: «Seni injir agajynyň aşagyndakaň gördüm diýip aýdanym üçin Maňa iman edýärsiňmi? Sen mundan uly zatlary görersiň» diýdi.
51 Onsoň oňa şeýle diýdi: «Men size, hakykatdan-da, dogrusyny aýdýaryn, mundan beýläk siz Gögüň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň Ynsan Oglunyň üstüne inip-çykyşyny görersiňiz».